ru24.net
World News in Turkmen
Август
2020

Новости за 11.08.2020

Protestleriň arasynda oppozisiýa dalaşgäri Tsihanouskaýa Belarusy terk etdi

Azathabar.com 

Belarusda oppozisiýanyň galpdygyny aýdýan prezidentlik saýlawlary baradaky protestleriň fonunda “prezidentlige oppozisiýadan dalaşgär Swýatlana Tsihanouskaýa Belarusy terk etdi we ol Litwada” diýip, Baltik ýurdunyň daşary işler ministri Linas Linkewiçus 11-nji awgustda Twitterde yglan etdi. Tsihanouskaýa 11-nji awgustda tut.by web-saýtynda çap edilen wideosynda Belarusy terk etmek kararyna özbaşdak gelendigini aýtdy. “Men gaty kyn karar berdim” diýip, ol aýtdy. “Bu karary meniň özüm berdim. Muňa ne dostlarym... Читать дальше...

Protestleriň fonunda oppozisiýa dalaşgäri Tsihanouskaýa Belarusy terk etdi

Azathabar.com 

Belarus oppozisiýasynyň prezidentlige dalaşgäri Swýatlana Tsihanouskaýa Belarusy terk edip, Litwa bardy. Bu barada Baltika ýurdunyň daşary işler ministri Linas Linkewiçus 11-nji awgustda Twitter sosial ulgamynda paýlaşan maglumatynda mälim etdi.  Bu waka prezident saýlawlary bilen bagly Belarusyň çäginde protestler geçirilýän mahalyna gabat geldi. Oppozisiýa bu saýlawlaryň galplaşdyrylandygyny aýdýar.   Tsihanouskaýa 11-nji awgustda tut.by habar websaýty tarapyndan ýaýradylan wideoda Belarusy... Читать дальше...

Täjik häkimiýetleri transport ministriniň keselhana ýerleşdirilendigini aýdýar

Azathabar.com 

Täjigistanyň transport ministri Hudoýor Hudoýorzoda keselhana ýerleşdirildi. Merkezi Aziýanyň öňki sowet respublikasynyň häkimiýetleri munuň öz janyna kast etmek wakasy bolandygyny aýdýarlar. Täjigistanyň Baş prokuraturasy 62 ýaşly Hudoýorzodanyň 11-nji awgustda irden maşgala agzalary bilen dawalaşandan soň, özüni öldürmek üçin pyçak ulanandygyny aýdýar. Baş prokuraturanyň beýanatynda Hudoýorzodanyň gatnaşandygy aýdylýan maşgala dawasy barada detallar aýdyňlaşdyrylmaýar. "Häzirki wagtda Hudoýorzoda Istiklol keselhanasynda bejergi alýar. Читать дальше...

BSG resmisi türkmen emeldarlary bilen koronawirusy maslahat etdi

Azathabar.com 

10-njy awgustda Bütindünýä saglyk guramasynyň (BSG) Ýewropa sebiti boýunça direktory Hans Klýuge Türkmenistanyň daşary işler ministri Reşit Meredow hem-de saglygy goraýyş we derman senagaty ministri Nurmuhammet Amannepesow bilen wideoduşuşyk geçirdi. Bu barada Klýuge özüniň Facebook sahypasynda habar berdi.

Pompeo Merkezi Ýewropa edýän saparynyň başynda Praga geldi

Azathabar.com 

Birleşen Ştatlaryň döwlet sekretary Maýk Pompeo 11-nji awgustda Praga gelip, 5G tor gurluşygynda Hytaýyň roluny öz içine alýan gün tertibi bilen Merkezi Ýewropa ýurtlaryna bäş günlük saparyna başlady. Pompeo Sloweniýa, Awstriýa we Polşa sapar etmezden öň, iki gün Çehiýa respublikasynda bolar.  Pompeonyň bu ýurtlara edýän saparynda esasy üns Huawei bilen hyzmatdaşlygy ret etmek we Ýewropanyň energiýa boýunça Russiýa garaşlylygyny azaltmak ugrundaky kampaniýa gönükdiriler. Hytaýyň ägirt uly telekommunikasiýa... Читать дальше...

Türkmenistan terrorçylyk boýunça dünýäniň iň howpsuz ýurtlarynyň arasynda ýerleşdirildi

Azathabar.com 

Türkmenistan Global terrorçylyk indeksiniň 2019-njy ýyl boýunça sanawynda 138-nji orny eýeläp, dünýäniň iň howpsuz ýurtlarynyň arasynda ýerleşdirildi. Bu barada türkmen hökümetine ýakyn Orient.tm neşiri Ykdysadyýet we parahatçylyk institutynyň geçiren soňky barlaglaryna salgylanyp, 10-njy awgustda habar berdi. Sanawda Owganystan, Yrak, Nigeriýa, Siriýa we Pakistan dünýäde iň howply bäş ýurt diýlip kesgitlendi. Maglumata görä, gözden geçirilen döwürde dünýädäki iň uly 20 terrorçylykly hüjümiň 16-sy Owganystanda amala aşyryldy. Читать дальше...


Спорт в России и мире

Новости спорта


Новости тенниса
ATP

Хачанов: хочу вернуться в топ-10 ATP






В Москве водителям напомнили о «весеннем» штрафе

ТГУ получит 300 млн руб на создание платформы для поиска взрывчатки

Сергунина рассказала о межрегиональном партнерстве Москвы в сфере туризма

У стихийного мемориала у «Крокуса» началась панихида