ru24.net
World News in Turkmen
Август
2020

Новости за 12.08.2020

Türkmenistan Internete gözegçiligi has-da güýçlendirýär

Azathabar.com 

Azatlyk Radiosynyň habarçysy Türkmenistanda ýurduň ýeke-täk Internet üpjünçisiniň tehniki binýadyna daşary ýurtly hünärmenleriň täze enjam ornaşdyrýandygyny we ýurtda Internete gözegçiligiň has-da güýçlendirilýändigini habar berýär. Ýagdaýdan habarly bir çeşmäniň Azatlygyň habarçysyna anonim şertde gürrüň bermegine görä, geçen aý hytaýly hünärmenler Türkmenistanyň “Türkmentelekom” aragatnaşyk kärhanasynyň tehniki binýadyny enjamlaşdyryş işlerini geçirdiler we Internete doly gözegçilik edýän enjamlary oturtdylar. Читать дальше...

COVID-19: Aşgabatda hassahanalar näsaglardan ýüz öwürýär, Maryda wirus çäklendirmeleri berkeýär

Azathabar.com 

Türkmen häkimiýetleri ýurtda COVID-19 wakalaryny resmi taýdan hasaba almaýan wagty, Aşgabatda hassahanalar koronawirus alamatly täze näsag kabul etmekden ýüz öwürýär. Marynyň welaýat häkimliginde keseliň ýaýramagyny haýallatmak boýunça adatdan daşary ýygnak geçirildi. Bular barada Azatlyk Radiosynyň habarçylary habar berýärler. “Aşgabatda bir aý mundan ozal adamlar hassahanalara ýantaşmazlyga synanyşyp, olar zor bilen hassahanalara ýerleşdirilen bolsa, indi keselhanalar näsaglary kabul etmekden köpçülikleýin ýüz öwürýär” diýip... Читать дальше...

Maryda bankomatlaryň hyzmat ediş tertibi üýtgeýär. Nobatdaky adamlaryň sany 400-e ýetýär

Azathabar.com 

Mary welaýatyndaky bankomatlarda nagt ýetmezçiligi bilen bagly uly nobatlar egsilmeýän mahaly, ýerli banklaryň käbiri şäher, käbiri etrap ýaşaýjylary üçin hyzmat edip başlady. Bu barada Azatlyk Radiosynyň biri-birinden garaşsyz üç maryly habarçysy habar berýär. ""Türkmenbaşy" we "Daýhan" banklarynyň bankomatlaryndan diňe etrap ýaşaýjylary peýdalanyp bilýärler. Anna gününden başlap "Senagat" bank şäher ýaşaýjylaryna hyzmat etmeli edildi. "Halk" banky hem şeýle etjek bolýarlar" diýip, gizlinlik şertinde... Читать дальше...

Belarus çaýkanýar, saýlawdan soňky protestler tapgyr üçünji gije dowam etdi

Azathabar.com 

Belarus 11-nji awgustda, prezidentiň baş bäsdeşi Swetlana Tihanowskaýa, hökümetiň oppozisiýa garşy görýän basyş çäreleriniň güýçlenmeginiň arasynda Litwa gidenden soň,  saýlawlardan soňky protestleriň tapgyr üçünji gijesine şaýat boldy. Pitnä garşy polisiýa paýtagt Minskdäki demonstrantlary dargatmak üçin göz ýaşardyjy gaz, rezin ok we ses granatlaryny ulandy, göni alnyp görkezilýän wideolar we sosial media adamlaryň birnäçe ýerde polisiýa tarapyndan tussag edilendigini görkezýär. Azat Ýewropa/Azatlyk... Читать дальше...

Belarusdaky protestlerde 7 türkmen studenti saklandy

Azathabar.com 

11-nji awgustda Belarusyň Daşary işler ministrligi we Içeri işler ministrligi Türkmenistana hat ýollap, onda prezidentlik saýlawlaryndan soňky protestleriň dowamynda ýedi türkmenistanly studentiň saklanandygyny habar berdiler. Bu barada “Türkmenistanyň Hronikasy” neşiri habar berýär. Neşiriň maglumatyna görä, hat türkmen tarapyna ir sagat 09:00-da gowşupdyr, munuň yzy bilen-de diplomatlaryň we kanun goraýjy edaralaryň gatnaşmagynda elektron maslahat geçirilipdir. Jogap hatynda türkmen tarapynyň... Читать дальше...

Belarusda tapgyr üçünji gije protestler geçdi

Azathabar.com 

Belarusda tapgyr üçünji gije prezidentlik saýlawlaryndan soňky protestler dowam etdi. Bu aralykda, hökümetiň oppozisiýany basyp ýatyrmagynyň arasynda, prezidentlige dalaş eden esasy kandidat Swýatlana Tihonowskaýa 11-nji awgustda ýurdy terk edip, Litwa aşdy. Polisiýa paýtagt Minskdäki protestçileri dargatmak üçin göz ýaşardyjy gazlary, rezin oklary we seňselediji granatlary ulandy. Internetde ýerleşdirilen wideolarda şäheriň dürli künjeklerinde adamlaryň tussag edilendigini hem görse bolýar. Читать дальше...

Baýden Kamala Harrisi wise-prezident hökmünde saýlady

Azathabar.com 

ABŞ-da demokratlardan prezidentlige dalaşgär Jo Baýden (Joe Biden) wise-prezident hökmünde kaliforniýaly senator Kamala Harrisi saýlandygyny 11-nji awgustda mälim etdi. 55 ýaşly Harris ABŞ-nyň taryhynda şeýle ýokary derejeli wezipä hödürlenen ilkinji garaýagyz aýal boldy. Baýden öz kararyny mälim edenden birnäçe minut soňra, prezident Donald Tramp Twitter hasabynda Harrisi “galp” atlandyryp, oňa hüjüm etdi, şeýle-de onuň Baýden bilen birlikde “radikal çepçiler bilen ysnyşandygyny” aýtdy. Demokratlardan... Читать дальше...

"Türkmenhowaýollarynyň" ýolagçy uçary Marynyň asmanynda 5 sagat aýlandy we Aşgabada gaýdyp geldi

Azathabar.com 

11-nji awgustda Mary şäheriniň we onuň golaýyndaky obalaryň asmanynda "Türkmenhowaýollary" kompaniýasynyň ýolagçy uçary birnäçe sagat aýlandy. Borty EZ-A778 belgili Boeing 777 uçary örän pes beýiklikde bäş sagatdan gowrak aýlandy diýip, Marynyň we birnäçe obanyň ýaşaýjysy aýtdy. “Flightradar24” internet saýtynyň habaryna görä, bu uçar hakykatdanam ýerli wagt bilen öýlän sagat 3 töweregi Aşgabatdan uçdy, ýöne 35 minutdan soň, görnüşine görä, onuň transponderi öçürildi we websaýtyň radarlaryndan bäş sagatlap ýitirim boldy. Читать дальше...

ABŞ-nyň Türkmenistandaky ilçisi Halkara ýaşlar güni mynasybetli ýüzlendi

Azathabar.com 

ABŞ-nyň Türkmenistandaky ilçisi Mettýu S. Klimow 12-nji awgustda bellenilýän Halkara Ýaşlar güni mynasybetli türkmen dilinde ýüzlendi.   Ilçihananyň Facebook sahypasynda ýerleşdirilen wideoda ilçi Mettýu S. Klimow “Ýaşlaryň dünýäniň geljegidigini” belläp, “Sen geljege nähili goşant goşup bilersiň?” diýen sorag bilen hem ýüzlendi. Bellesek, mundan ozal-da Türkmenistandaky ABŞ diplomatlary türkmençe gürläp, wideo arkaly çykyş edipdiler. Olaryň birinde Birleşen Ştatlaryň diplomatlary Türkmenistanyň Medeniýet gününe gabatlap... Читать дальше...

ABŞ COVID-19 waksinasy boýunça ‘Moderna’ bilen ylalaşyk baglaşdy

Azathabar.com 

ABŞ derman öndüriji “Moderna” kärhanasy bilen onuň koronawirusa garşy eksperimental waksinasynyň 100 million dozasyny almak barada, umumy bahasy 1,5 milliard dollarlyk ylalaşyk baglaşdy. Bu barada 11-nji awgustda Ak Tamda mälim edildi. Soňky hepdeleriň dowamynda COVID-19-a garşy potensial waksinalaryň ýüzlerçe million dozasyny almak boýunça beýleki birnäçe kompaniýalar bilen hem şuňa meňzeş ylalaşyklar baglaşylypdy. Prezident Donald Trampyň administrasiýasy munuň üsti bilen şu ýylyň aýagyna çenli... Читать дальше...


Спорт в России и мире

Новости спорта


Новости тенниса
WTA

Мирра Андреева замыкает год // 16-летняя российская теннисистка успешно стартовала на крупном турнире WTA в Мадриде






«Попросил тренера вернуть меня в состав с недолеченной травмой»

«Акрон» не смог одолеть «Ленинградец», «Химки» победили КамАЗ

​Два корпуса. В Богородском районе строят жилье по реновации

На стройке на Северо-Западе Москвы погиб рабочий