ru24.net
World News in Turkmen
Ноябрь
2020

Новости за 01.11.2020

Belarus güýçleri ýörişe çykan onlarça müň adama göz ýaşardyjy gaz pürkýär

Azathabar.com 

Belarusyň paýtagtyndaky howpsuzlyk güýçleri 1-nji noýabrda hökümete garşy ýörişe çykan protestçilere garşy duýduryş oklaryny atdylar we 12 hepde öň bolan dawaly prezident saýlawlary sebäpli görlüp-eşidilmedik jemgyýetçilik garşylygyny görkezip, täze prezident saýlawynyň geçirilmegi üçin gurnalýan protestde gatnaşyjylary tussag edip başladylar. Gündelik diýen ýaly guralýan protestleriň çäginde, Aleksandr Lukaşenkanyň işinden çekilmegini  we täze ses berişligiň geçirilmegini talap edip, 1-nji noýabrda... Читать дальше...

Häkimiýetlere hereket gözegçiligi 'gaýgy', sebitleriň ilatyna - güzeran

Azathabar.com 

“Türkmen hökümeti ozaly ýurtdaky işsizligi, agyr ykdysady krizisi boýun almaly, soňra halkara saglyk ekspertlerine ýol açyp, ýurtdaky keselçilik ýagdaýyna aýdyňlyk salmaly we halkara guramalaryndan gyssagly kömek soramaly" diýip, Orazow Azatlyk bilen eden telefon gürrüňinde aýtdy.

Ermenistan, Azerbaýjan bir-birini täze hüjümlerde aýyplaýar, Orsýet Ýerewana kömek wadasyny berýär

Azathabar.com 

Ermenistan we Azerbaýjan dawaly Dagly-Garabag sebitinde we onuň töwereginde parahat ilaty nyşana almazlyk barada gelen ylalaşygyndan bir gün soň, bir-birini ilatly ýerleri oka tutmakda aýyplady.  Azerbaýjan bilen etniki ermeni güýçleriniň arasynda Dagly-Garabag üstünde barýan söweşiň täzeden möwjemegi bilen, Orsýet, eger-de uruş hereketleri Ermenistanyň çägine  baryp ýetse, Ýerewana "zerur bolan" kömegi berjekdigini aýtdy.  Moskwa Ermenistanyň premýer-ministri Nikol Paşinýanyň Orsýetiň prezidenti... Читать дальше...

Parlament saýlawynda “Gürjüstanyň arzuwy” öňe saýlandy, oppozisiýa netijeleri ret edýär

Azathabar.com 

Gürjüstanyň dolandyryjy “Gürjüstanyň arzuwy” partiýasy 31-nji oktýabrda geçirilen parlament saýlawlarynda ýeňiş gazanandygyny öňe sürdi, ýöne oppozisiýa ses berişligiň netijelerini ret etdi we Tbilisiniň merkezinde nägilelik bildirmegi planlaşdyrýar. 1-nji noýabrda sesleriň 80 göteriminden gowragynyň sanalmagy bilen, Merkezi saýlaw komissiýasy “Gürjüstanyň arzuwynyň” 48,34%, esasy oppozisiýa partiýasy bolan Birleşen Milli Hereket (BMH) blogynyň 26,43% ses alandygyny habar berdi. Beýleki alty partiýa... Читать дальше...

Türkmenistan halkara uçar gatnawlarynyň ýanwara çenli dikeldilmejegini aýdýar

Azathabar.com 

“Türkmenistan” awiakompaniýasynyň Orsýetdäki wekilhanasy 31-nji oktýabrda halkara uçar gatnawlarynyň ählisiniň togtadylan möhletiniň 2021-nji ýylyň 1-nji ýanwaryna çenli uzaldýandygyny habar berdi. Wekilhananyň web sahypasynda çap edilen maglumata görä, bu çäre COVID-19  pandemiasy sebäpli dörän ýagdaý bilen düşündirilýär. Wekilhana ozal satyn alnan biletleriň 2021-nji ýylyň ahyryna çenli güýjünde galjakdygyny  we ýatyrylan uçuşlaryň ýolagçylarynyň şol seneden öň islendik uçuş üçin biletlerini çalşyp biljekdigini aýdýar. Читать дальше...

Türkiýede bolan ýertitreme ölenleriň sany 51 adama ýetdi

Azathabar.com 

Halas ediş işgärleri 1-nji noýabrda Türkiýäniň Izmir şäherinde ýumrulan binanyň harabalygyndan 70 ýaşly bir adamy halas etdi, bu Egeý deňzinde bolan güýçli ýer titremesinden iki gün töweregi wagt geçenden soňam diri galanlaryň harabalykdan çykarylyp bilinjekdigine täze umyt berdi. Ýer titremesinde ölenleriň sany 51-e ýetdi, halas ediş toparlary diri galanlary tapmak umydy bilen harabalaryň aşaklaryny barlaýar. Türkiýäniň adatdan daşary kömek gullugy AFAD 1-nji noýabrda ýurduň üçünji uly şäheri... Читать дальше...

Sowetleşme türkmen durmuşyna nähili täsir ýetirdi?

Azathabar.com 

27-nji oktýabrda Türkmenistan Sowet Sosialistik Respublikasynyň döredilmegine 96 ýyl boldy. 1991-nji ýylyň 27-nji oktýabrynda Türkmenistan Sowuz Soýuzyndan bölünip, özbaşdak garaşsyz Türkmenistany berkarar etdi. 1924-nji ýylyň 27-nji oktýabr güni SSSR Merkezi Komitetiniň II sessiýasynda Türkmenistan Sowet Sosialistik Respublikasyny (TSSR) döretmek hakynda karar kabul edildi. Munuň bilen “türkmеn taýpalarynyň bitewi milli döwlete birleşmek arzuwy hasyl boldy” diýip, garaşsyzlygyň ilkinji ýyllarynda... Читать дальше...

Hepdäniň jemi #43 (31.10.2020 ý.)

Azathabar.com 

Hepdäniň esasy temalaryna gysgaça synymyzy; Sowet döwrüniň syýasy repressiýalarynyň pidalary we Türkmenistanyň bolşewik jenaýatlaryny ýazgarmazlygynyň sebäbi; Hydyr Derýaýewiň açmadyk türme we sürgün ‘syry’; owgan türkmenleriniň çagalarynyň okuwsyz galmagyna getirýän ‘köne' düşünje baradaky söhbetlerimizi diňlemäge we öz pikirleriňizi aýtmaga çagyrýarys.


Спорт в России и мире

Новости спорта


Новости тенниса
WTA

Вторая ракетка Казахстана опустилась в чемпионской гонке WTA






Президент России заявил, что все организаторы теракта в «Крокус Сити» будут привлечены к ответственности

Певица Бабкина с ансамблем выпустила кавер «За гусли — да» на песню Инстасамки

Подмосковье изготовит оборудование для АЭС в Бангладеш

В Московской области росгвардейцы задержали подозреваемого в умышленном причинении тяжкого вреда здоровью