ru24.net
World News in Turkmen
Ноябрь
2020

Новости за 02.11.2020

COVID-19-dan "erkin" Türkmenistanyň ilatyna ýurduň içinde gatnamak üçin "esasly bir sebäp" gerek bolar

Azathabar.com 

Türkmenistan koronawirus keseliniň ýurtda bardygyny inkär edýän hem bolsa, koronawirus keseli bilen baglanyşykly girizen çäklendirmelerini gitdigiçe pugtalandyrmagyny dowam edýär. Azatlyk Radiosynyň habarçylarynyň soňky maglumatlaryna görä, şu günler ilat köpçüligi ýurduň içinde hereket etmek üçin hökmany bolan resminamalary almak üçin zerur bolan koronawirus testlerinden geçip bilmeýär. Indi testden geçmek we syýahat resminamasyny almak isleýänlerden "esasly bir sebäp" talap edilýär.

ÝHHG hasabaty Belarusda adam hukuklarynyň “köpçülikleýin” bozulandygyny görkezer

Azathabar.com 

Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasy Belarusyň 9-njy awgust prezidentlik saýlaw netijeleriniň galplaşdyrylandygy barada hem-de ýurtda ses berişlikden soň tutaşan parahat demonstrasiýalara gaýtawul beren howpsuzlyk güýçleriniň sistematik hukuk bozulmalara baş goşandygy barada “gaty köp subutnamanyň” bardygyny aýtdy. AÝ/AR-yň gören 58 sahypalyk hasabaty 5-nji noýabrda ÝHHG-nyň hemişelik geňeşine hödürlener. Hasabatyň baş awtory hem-de awstriýaly halkara hukuk professory Wolfgang Benedek... Читать дальше...

Aşgabatdaky rus ilçihanasy tölegsiz rus dili kurslary barada bildiriş yglan etdi

Azathabar.com 

Türkmen häkimiýetleriniň ýurduň orta mekdeplerinde rus dilli klaslary ýapýandygy barada berilýän habarlaryň fonunda, Russiýanyň Aşgabatdaky ilçihanasy tölegsiz onlaýn rus dili kurslary barada habar berdi. Habara görä, Russiýanyň Altaý döwlet mugallymçylyk uniwersitetiniň Rus dili boýunça Sibir açyk bilim merkezi 20-nji noýabr – 15-nji dekabr aralygynda Internet arkaly rus dilinde tölegsiz kurs hödürleýär. Dil kurslary esasan daşary ýurt abiturientlerine niýetlenip, onda häzirki zaman rus edebi diliniň normalary... Читать дальше...

Maryda ýyladyş ulgamy abatlanmaýar, ilat tok peç satyn alyp başlady

Azathabar.com 

Maryda köp gatly jaýlaryň ýyladyş ulgamlarynda döreýän näsazlyk jaýlaryny ýylatmak isleýän ýerli ýaşaýjylary özbaşdak çykalga gözlemäge, tok peçlerini satyn alyp, sowuk howa garşy taýýarlyk görmäge iterýär. Bu barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy 30-njy oktýabrda habar berdi.

Türkmen manady 27 ýaşady

Azathabar.com 

Türkmenistanyň milli pul birligi – manadyň dolanyşyga girizilmegine 27 ýyl doldy. Türkmen häkimiýetleriniň ýurtdaky ykdysady syýasatyň üstünlikli durmuşa geçirilýändigini öňe sürmegi bilen birlikde, manat gara bazarda hümmetsizlenmegini dowam etdirýär, ilatyň nagt pul ýetmezçilik kösençlikleri hem barha ýitileşýär.

ÝHHG hasabaty Belarusda adam hukuklarynyň sistematik bozulandygyny görkezer

Azathabar.com 

Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasy Belarusyň 9-njy awgust prezidentlik saýlaw netijeleriniň galplaşdyrylandygy barada hem-de ýurtda ses berişlikden soň tutaşan parahat demonstrasiýalara gaýtawul beren howpsuzlyk güýçleriniň sistematik hukuk bozulmalara baş goşandygy barada “gaty köp subutnamanyň” bardygyny aýtdy. AÝ/AR-yň gören 58 sahypalyk hasabaty 5-nji noýabrda ÝHHG-nyň hemişelik geňeşine hödürlener. Hasabatyň baş awtory hem-de awstriýaly halkara hukuk professory Wolfgang Benedek... Читать дальше...

Daglyk-Garabag konfliktinde has köp asuda raýatyň oka tutulmagy baradaky aýyplamalaryň fonunda Baku 'soňuna çenli' söweşjegini duýdurýar

Azathabar.com 

1-nji noýabrda Azerbaýjanyň prezidenti Ylham Aliýew dowam edýän Daglyk-Garabag söweşi boýunça has ýiti duýduryş berdi. Aliýew we ýokary derejeli azeri resmileri ýurda sapar edýän berk ýaran Türkiýäniň wekiliýeti bilen duşuşdy. Bakuwdan berlen berk duýduryş Azerbaýjan we Ermenistan birek-biregi täze hüjümlere girişmekde aýyplaýan wagty berildi. Etniki ermeni tarapy Daglyk-Garabagda 27-nji sentýabrda söweşler başlanaly bäri 1,200-den gowrak harbynyň we asuda raýatyň ölümi barada habar berdi. Daglyk-Garabag... Читать дальше...

Germaniýa bölekleýin petiklemä girdi. Ýokary derejeli amerikan saglyk hünärmeni “agyr zyýan” barada duýdurýar

Azathabar.com 

Ýewropa ýurtlary ýokarlanýan koronawirus ýokaşmalarynyň we ölümleriniň öňüni almak üçin täze çäklendirmeleri girizýän mahaly, 2-nji noýabrda Germaniýa bir aýlyk bölekleýin petiklemä girdi. Ýewropada kesel hadysalarynyň umumy sany 10 milliondan aşdy. Ýokanç keselleri boýunça ýokary derejeli ABŞ hünärmeni Dr. Entoni Fauçi (Dr. Anthony Fauci) geçen hepde soňy Washington Post gazetine beren interwýusynda Birleşen Ştatlaryň agyr gyşa taýýarlyk görmelidigini aýtdy. 3-nji noýabr ABŞ saýlawlarynyň öňüsyrasynda... Читать дальше...

Kabul uniwersitetinde ok atyşyk boldy, polisiýa okuw jaýynyň daşyny gabady

Azathabar.com 

2-nji noýabrda irden owgan paýtagtynyň Kabul uniwersitetinde ok atyşyk boldy we howpsuzlyk güýçleri okuw jaýynyň daşyny gurşap aldy. Habar berilmegine görä, atyşyk wagty okuw jaýynda owgan-eýran bilelikdäki kitap ýarmarkasy geçirilýärdi. Azyndan alty adam ýaralandy diýip, Saglyk ministrliginiň metbugat sekretary Akmal Samsor aýtdy.  Içeri işler ministrliginiň metbugat sekretary Tarik Arian atyşygyň dowam edýändigini aýtdy. “Talybanyň” metbugat sekretary Zabiullah Mujahid toparyň dowam edýän hüjüme gatyşygyny ret etdi. Читать дальше...


Спорт в России и мире

Новости спорта


Новости тенниса
Елена Рыбакина

Лучшая теннисистка мира сделала заявление перед матчем с Еленой Рыбакиной






Полицейские нашли пистолет в машине вице-президента федерации бокса Ингушетии

Луна помешает наблюдению одного из старейших звездопадов в ночь на 22 апреля

Психолог Сухова перечислила фразы, которые выдают «больные» отношения

Михалков увидел «страшную опасность» в дипфейках