ru24.net
World News in Turkmen
Ноябрь
2020

Новости за 05.11.2020

Pandemiýanyň arasynda Maryda döwlet telekanallary üçin ýene bir köpçülikleýin çäre surata alyndy

Azathabar.com 

Mary welaýatynda býujet işgärleri we ýokary okuw jaýynyň studentleri ýurduň döwlet telekanallaryna surata almak üçin geçirilen dabara gatnaşmaga mejbur edildi. Global pandemiýa sebäpli tutuş dünýäde köpçülikleýin çäreleri çäklendirmäge çagyryşlaryň edilýän pursady, bu çärä 300-den gowrak adam gatnaşdy. Bu ýagdaýlar barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy 4-nji noýabrda Marydan habar berdi. "Welaýatyň býujet işgärleri we studentler Marydan Aşgabada gidýän ýolda, Mary şäherinden ortaça 20 kilometr uzakda ýerleşýän ak öýe barmaly edildi. Читать дальше...

Farapda geçirilen ýygnaklarda göwreli bolýan okuwçy gyzlaryň mekdepden çykaryljakdygy duýduryldy

Azathabar.com 

Lebap welaýatynyň Farap etrabynyň orta mekdeplerinde ýokary synp okuwçy gyzlar we zenan mugallymlar bilen ýygnaklar geçirildi. Welaýat bilim bölüminiň we Zenanlar birleşiginiň wekilleri tarapyndan geçirilen bu ýygnaklarda aýal-gyzlaryň ahlagy we olaryň daşky keşbine degişli gadagançylyklar barada gürrüň edildi. Şeýle-de, mundan beýläk mekdebi tamamlamanka, nikasyz göwreli bolan okuwçy gyzlaryň okuwdan çykaryljakdygy duýduryldy. Bu barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy 4-nji noýabrda Lebapdan habar berdi.

ABŞ-nyň saýlawlar üçin möhüm ştatlarynda ses sanamak işleri dowam edýän wagty, dartgynlylyk ýokarlanýar

Azathabar.com 

ABŞ-nyň saýlawlar üçin birnäçe möhüm ştatynda ses býulletenlerini sanamak işleri dowam edýän mahaly, ýurt boýunça dartgynlylyk ýokarlanýar. Ses berişlik tamamlanandan 24 sagatdan gowrak wagt soň netijeler heniz hem mälim däldi. 5-nji noýabrda irden demokrat Jo Baýdeniň Miçigan we Wiskonsinde esasy ýeňiş gazanjakdygy çaklanylandan soň, ol prezident Donald Trampdan öňe geçdi. Dört möhüm ştatda – Arizonada, Jorjiýada, Pensilwaniýada we Newada ses sanamak işleri gije dowam etdi, munuň dowamynda öňde barýan Baýdeniň elektoral sesleri 253... Читать дальше...

Eýran we Wenesuella gatnaşyklary ‘çuňlaşdyrmakçy’

Azathabar.com 

Eýranyň daşary işler ministri Jawad Zarif Latyn Amerikasyna edýän saparynyň başynda Wenesuella bardy. Ol saparyň çäginde Kuba we Boliwiýa-da sapar eder. “Her bir ýokary derejeli sapar biziň strategiki ýaranlygymyzy, biziň doganlygymyzy çuňlaşdyrýar” diýip, Wenesuellanyň daşary işler ministri Horge Arreaza (Jorge Arreaza) 4-nji noýabrda twit ýazdy. Ol bu twitini Günorta Amerika ýurduna baran eýran kärdeşini garşylandan soň ýazdy. “Wenesuella we Eýran agressiýalara garşy raýdaşlyk we gaýduwsyzlyk görkezdi” diýip... Читать дальше...

Aşgabadyň häkimiýetleriniň idegsiz haýwanlara garşy göreşi öý pişikleriniň ölümüne getirýär

Azathabar.com 

Aşgabatda pişikleriň we itleriň jemagat gulluklarynyň işgärleri tarapyndan ýok edilmegi dowam edilýär. Aktiwistleriň aýtmagyna görä, şäher häkimligi tarapyndan idegsiz haýwanlara garşy ýyllarboýy alnyp barylýan göreş indi öý haýwanlaryna täsir ýetirýär. Barha köp öý haýwanlary köçede zäherli iýmitleri iýip jan berýär.

ABŞ klimatyň üýtgemeginiň öňüni almagy maksat edinýän ylalaşykdan resmi taýdan çekildi

Azathabar.com 

Birleşen Ştatlary 4-nji noýabrda planetany klimatyň üýtgemeginiň täsirlerinden goramaga gönükdirilen Pariž şertnamasyny resmi taýdan terk etdi. Munuň bilen, ABŞ global ylalaşykdan çekilen ilkinji ýurt boldy. Prezident Donald Tramp ABŞ-nyň bu ylalaşykdan çekilýändigini 2017-nji ýylyň iýun aýynda yglan etdi. Ýöne BMG düzgünnamalaryna görä, onuň bu karary prezident saýlawlaryndan bir gün soň güýje girýär. “Ylalaşygyň şertlerine görä, ylalaşykdan çekilmek bu barada habar berilmeginden göni bir ýyl soň güýje girýär. Читать дальше...

Belarus meşhur Telegram kanalynyň iki administratoryna garşy derňew işini gozgady

Azathabar.com 

Belarus häkimiýetleri meşhur “Nexta-Live” Telegram kanalynyň iki administratoryna garşy derňew işini gozgady. Bu kanal ýurtda saýlawlardan soň dowam edýän protestler barada habar berýär. Belarusyň Derňew komiteti 5-nji noýabrda Stýapan Putsila bilen Raman Pratasewiçiň köpçülikleýin bidüzgünçilikleri guramakda, jemgyýetçilik tertibini bozmakda we ýigrenji öjükdirmekde güman edilýändigini aýtdy. Beýanata görä, Putsile we Pratasewiç gözlenýänleriň sanawyna goşuldy. Olaryň nirededigi häzirki wagtda belli däl. Читать дальше...

Darganataly çagalaryň arasynda sarygetirme ýaýraýar

Azathabar.com 

Lebap welaýatynyň Darganata etrabynda çagalaryň arasynda sarygetirme keseli ýaýraýar. Bu ýagdaýlar barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy 4-nji noýabrda Lebapdan habar berdi. "Darganatada gepatit wirusy, sarygetirme keseli möwjedi. Esasan çagalar keselleýärler. Häzirki wagtda etrap hassahanasynyň ýokanç keseller bölüminde ýer ýok. Çagalaryny hassahana eltip, ýerleşdirip bilmeýän adamlar kän" diýip, gizlinlik şertinde söhbetdeş bolan habarçy aýtdy. Habarçy bu barada anonim şertlerde gürlän ýerli... Читать дальше...

ABŞ-nyň saýlawlar üçin möhüm ştatlarynda ses sanamak işleri dowam edýän wagty, dartgynlylyk ýokarlanýar

Azathabar.com 

ABŞ-nyň saýlawlar üçin birnäçe möhüm ştatynda ses býulletenlerini sanamak işleri dowam edýän mahaly, ýurt boýunça dartgynlylyk ýokarlanýar. Ses berişlik tamamlanandan 24 sagatdan gowrak wagt soň netijeler heniz hem mälim däldi. 5-nji noýabrda irden demokrat Jo Baýdeniň Miçigan we Wiskonsinde esasy ýeňiş gazanjakdygy çaklanylandan soň, ol prezident Donald Trampdan öňe geçdi. Dört möhüm ştatda – Arizonada, Jorjiýada, Pensilwaniýada we Newada ses sanamak işleri gije dowam etdi, munuň dowamynda öňde barýan Baýdeniň elektoral sesleri 253... Читать дальше...

Et hem mesge — "tapdyrgysyz haryt". Täjigistanda bahalaryň ýokarlanmagy milleti garyplyga alyp barýar

Azathabar.com 

Täjigistanda azyk-iýmit önümleriniň bahasynyň ýokarlanmagy Merkezi Aziýadaky bu garyp ýurduň ilatyny has beter mätäçlige iterýär. Köp maşgala diňe iň zerur zatlary satyn almaga mejbur bolýar. Barlaglara görä, ýurduň ilatynyň üçden biri doýa-gana naharlanmaýar. Ozoda agşamlyga manty taýýarlaýar. Adatça bu nahar üwelen et bilen hamyrdan edilýän bolsa, Ozoda hamyryň içine diňe sogan bilen kartoşka salyp bişirýär. «Meniň çagalarym mydama kädi börek iýýändiklerinden zeýrenýärler. Şonuň üçin bu gezek manta kartoşka saldym. Читать дальше...


Спорт в России и мире

Новости спорта


Новости тенниса
Дарья Касаткина

Теннисистка Касаткина выразила сожаление, что у нее нет коннекта с Шараповой






По-настоящему мощные новые модели показал КАМАЗ

Тимура Иванова доставили в суд «при параде» и арестовали на два месяца

Ряд соглашений о сотрудничестве подписал Микрон

Басманный суд Москвы отправил замминистра обороны Иванова в СИЗО на 2 месяца