ru24.net
World News in Turkmen
Ноябрь
2020

Новости за 08.11.2020

Jo Baýdeniň prezidentligi nähili bolar?

Azathabar.com 

Prezidentlik wezipesine kandidat wagtynda Jo Baýden Donald Trampyň prezidentligi döwründe ünsden düşürilen alýansy ýaňadan diklejekdigine söz berdi hem awtoritarizme, pandemiýa hem klimatyň düýpli özgermegi ýaly global problemalara garşy göreşde, Amerikanyň öňdebaryjy boljakdygyny aýtdy. Ýöne ýurduň içindäki ýiti problemalar, şol sanda deňsizlik, işsizlik hem jynsy garşylygyň ýitileşmegi ýaly meseleler bolandygy üçin, halkara gatnaşyklaryna ikinji mesele hökmünde garaljakdygyny beýan etdi. Jo Baýden prezidentlik wezipesine kandidat wagtynda... Читать дальше...

ABŞ Türkmenistandaky gadymy golýazmalary rejelemek üçin maliýe berýär

Azathabar.com 

Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar institutynyň hödürlän taslamasyny ABŞ-nyň “Medeni mirasy gorap saklamak baradaky ilçiniň gaznasy” (AFCP) atly maksatnamasynyň bäsleşiginiň ýeňijisi boldy. Bu barada 5-nji noýabrda ABŞ-nyň Türkmenistandaky ilçihanasy tarapyndan gurnalan wideo-maslahatyň dowamynda yglan edildi. TDH-nyň maglumatyna görä, bölünip berilýän serişdeler orta asyr golýazma we köne neşir kitaplaryny rejelemek boýunça taslamany... Читать дальше...

Minskde tapgyr 13-nji ýekşenbe hökümete garşy protestler geçýär

Azathabar.com 

Belarusyň paýtagty Minskde protestçiler Alesksandr Lukaşenkanyň wezipesinden çekilmegini we täze saýlawlaryň geçirilmegini talap edip, tapgyr 13-nji ýekşenbe köçelere çykdylar. 9-njy awgustdaky dawaly prezidentlik saýlawlaryndan bäri ýurtda adamlaryň entek görlüp-eşidilmedik derejedäki jemgyýetçilik garşy duruş çäreleri geçýär. “Demokratiýa ugrundaky ýöriş” atlandyrylan bu çärä adamlar oppozisiýanyň nyşanasyna öwrülen gyzyl-ak reňkli baýdaklar we saýawanlar bilen geldiler. Minskiň merkezine köp sanly polisiýa işgäri çekildi. Читать дальше...

Putin, Makron Daglyk-Garabagy maslahat etdiler

Azathabar.com 

Rus prezidenti Wladimir Putin özüniň fransuz we türk kärdeşleri bilen Daglyk-Garabagdaky konflikti maslahat etdi. Bu aralykda, Ermenistan öten gijäniň dowamynda dawaly regiondaky möhüm şäheriň golaýynda “gazaply çaknyşyklaryň” bolandygyny aýtdy. Kremliň maglumatyna görä, 7-nji noýabrdaky telefon söhbetdeşliginiň dowamynda Putin we fransuz prezidenti Emmanuel Makron sebitdäki etniki ermeni we azeri güýçleriniň arasynda alnyp barylýan giň gerimli çaknyşyklara, şeýle-de konflikte Siriýadan we Liwiýadan... Читать дальше...

Baýden ýeňiş çykyşynda agzybirlige ünsi çekdi

Azathabar.com 

Jo Baýdeniň dört güne çeken sesleri sanamak işleriniň netijesinde 7-nji noýabrda Pennsilwaniýa ştatynda ýeňiş gazanyp, öňe saýlanandygy mälim bolandan soňra, ol özüniň ilkinji ýeňiş çykyşynda milletiň ruhuny dikeltmek we ýurdy jebisleşdirmek ugrunda tagalla etjekdigini aýtdy. Baýden adamlaryň öz garaýyşlaryny äşgär edendiklerini, şeýle-de “açyk ýeňiş, ykjam ýeňiş” berendiklerini aýtdy. Jo Baýden bu barada öziniň Delaware ştatynyň Wilmington şäherindäki öýüniň golaýynda toplanan tarapdarlarynyň öňünde çykyş etdi. Читать дальше...

Baýden tas ýarym-asyrlyk karýerasynyň netijesinde Ak Tama ýeňiş gazandy

Azathabar.com 

Jo Baýden “milletiň ruhy ugrundaky göreş” diýip atlandyran çekeleşikli saýlawlarda prezident Donald Trampy ýeňmegi bilen, otuz ýyl çemesi göz öňünde tutan maksadyna ýetdi. Demokratik partiýadan dalaş eden, iki möhlet wise-prezident we Delaware ştatyndan uzak wagtlap senator bolan Jo Baýden ABŞ-nyň nobatdaky prezidenti bolmak üçin 7-nji noýabrda ýeterlik elektoral sesleri aldy. "Amerika, bu ýurdy dolandyrmak üçin meni saýlap almagyňyz meniň üçin uly mertebe" diýip, Baýden Twitter hasabynda ýazgy galdyrdy. Читать дальше...

ABŞ-nyň 46-njy prezidenti Jo Baýdeniň durmuşyna seredeniňde.

Azathabar.com 

Jo Baýden 30 ýyldan gowrak wagt bäri ABŞ senatory we Barak Obamanyň wise-prezidenti bolup işledi. Indi ýönekeý işçiniň maşgalasyndan bolan bu syýasatçy Donald Trumpy ýeňdi we ABŞ-nyň indiki prezidenti boldy. (Azatlyk Radiosy; agentlik wideosy)


Спорт в России и мире

Новости спорта


Новости тенниса
WTA

WTA сообщила о достижении Рыбакиной после победы над Швентек






​Посуточная аренда жилья на майские праздники в Перми подорожала на 12 %

Уголовное дело возбудили после поджога автомобилей в Балашихе

Федеральное агентство железнодорожного транспорта сообщает о возможном установлении публичных сервитутов в интересах ОАО «РЖД» на земельные участки Федеральное агентство железнодорожного транспорта сообщает о возможном установлении публичных сервитутов в интересах ОАО «РЖД» на земельные участки

Ряд соглашений о сотрудничестве подписал Микрон