ru24.net
World News in Turkmen
Ноябрь
2020

Новости за 13.11.2020

Gije nobatlary, sanawlar we dawalar. Türkmenistanyň döwlet dükanlarynda basa-baslyk dowam edýär

Azathabar.com 

Türkmenistanda azyk üpjünçiligi meselesi çözülenok. Azyk önümleriniň bazar bahalary yzygiderli ýokarlanýarka, kesgitlenen nyrhdan azyk satýan döwlet dükanlarynda basa-baslyk artýar. Azyk önümleriniň çäklendirilip satylyşyna, adam başyna ujypsyz aýlyk iýmit paýynyň girizilmegine we azyk önümleriniň satuwda yzygiderli ýetmezçilik etmegine garamazdan, döwlet dükanlarynda uly nobatlar saklanyp galýar. Ýurduň häkimiýetleri nämeleriň bolup geçýändigini görmezlige salýarlar.

Baýden Arizonada ýeňiş gazandy, Hytaý gutlag ýollady

Azathabar.com 

Jo Baýden prezidentltik saýlawlarynyň çäklerinde Arizona ştatynda üstün çykdy. Bu barada ABŞ-nyň mediasy 12-nji noýabrda habar berdi. NBC, CBS, ABC we CNN 3-nji noýabrdaky saýlawlardan bir hepdeden hem köp wagt geçenden soňra, Baýdeniň Arizona ştatynda ýeňiş gazanyp, goşmaça 11 elektoral sesi alandygyny malim etdiler. Baýdeniň Arizonadaky ýeňişi netijesinde, ol prezident Donald Trampdan elektoral sesleriň 290-217 gatnaşygy bilen öňe saýlandy. Baýden 1996-njy ýylda Bill Klinton Arizonada ýeňiş gazanandan bäri... Читать дальше...

Gijeki nobatlar, sanawlar we dawalar. Türkmenistanyň döwlet dükanlarynda basa-baslyk dowam edýär

Azathabar.com 

Türkmenistanda azyk üpjünçiligi meselesi çözülenok. Azyk önümleriniň bazar bahalary yzygiderli ýokarlanýarka, kesgitlenen nyrhdan azyk satýan döwlet dükanlarynda basa-baslyk artýar. Azyk önümleriniň çäklendirilip satylyşyna, adam başyna ujypsyz aýlyk iýmit paýynyň girizilmegine we azyk önümleriniň satuwda yzygiderli ýetmezçilik etmegine garamazdan, döwlet dükanlarynda uly nobatlar saklanyp galýar. Ýurduň häkimiýetleri nämeleriň bolup geçýändigini görmezlige salýarlar. Azatlygyň Aşgabatdaky habarçylarynyň habar berşi ýaly... Читать дальше...

Tramp Hytaý goşuny bilen ilteşikli kompaniýalara amerikan maýa goýumlaryny gadagan edýän buýruga gol çekdi

Azathabar.com 

ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp 12-nji noýabrda käbir hytaý kompaniýalaryna ABŞ maýa goýumlaryny gadagan edýän buýruga gol çekdi. Waşington bu kompaniýalara Hytaý goşunynyň gözegçilik edýändigini ýa-da onuň eýeçiligindedigini aýdýar. Bu ädim ABŞ-nyň maýa goýum firmalaryny hem-de pensiýa gaznalaryny 31 sany hytaý kompaniýasynyň paýlaryny almakdan we satmakdan saklamagy maksat edinýär. Ýylyň başlarynda Goranmak departamenti bu kompaniýalaryň Hytaý goşuny tarapyndan goldanylýandygyny aýtdy. Gadagançylyk... Читать дальше...

Müňlerçe adam belarus howpsuzlyk güýçleri tarapyndan urlup öldürilendigi habar berilýän ‘gahrymanyň’ ýasyny tutýar

Azathabar.com 

12-nji noýabrda elleri gül desseli müňlerçe adam maskaly belarus howpsuzlyk güýçleri tarapyndan urlup öldürilendigi habar berilýän 31 ýaşly 'gahrymany' hatyralamak üçin Minskde ýygnandy. Şaýatlar 11-nji noýabrda raýat eşikli adamlaryň Raman Bandarenkany skwerde bolan ýakalaşykdan soň alyp gaçandyklaryny aýdýarlar. Olar skwere oppozisiýanyň awtoritar Alýaksandr Lukaşenka garşy protest hereketleriniň nyşanyna öwrülen ak-gyrmyzy lentalary aýyrmak üçin barypdyrlar. Içeri işler ministrligi “näbelli adamlaryň” ýakalaşandygyny... Читать дальше...

ABŞ COVID-19 çäklendirmelerini güýçlendirýär, ýokançlyklaryň we hassahanalara ýerleşdirilýänleriň sany rekord derejä ýetdi

Azathabar.com 

ABŞ-da täze ýokançlyklaryň we hassahana ýerleşdirilýänleriň sany rekord derejä ýeten pursady, birnäçe ştat has berk koronawirus çäklendirmelerini göz öňünde tutýar. 12-nji noýabrda ýurt boýunça wirus ýokaşanlaryň gündelik sany täze rekord derejä ýetip, 150 müň adamdan aşdy. Ýokanja ýoluganlaryň sany tapgyr dokuzynjy gün 100 müňden geçdi. COVID-19 bilen hassahana ýerleşdirilýänleriň sany soňky iki hepdäniň dowamynda iki esse artyp, 66 müň adama ýetdi. COVID Yzçylary taslamasyna görä, şu hepde... Читать дальше...

Gyrgyzystanyň wagtlaýyn prezidenti Japarow saýlawda dalaş etmek üçin işden çekilmek planyny gaýtalaýar

Azathabar.com 

Gyrgyzystanyň prezidentiniň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetiriji Sadyr Japarow ýanwarda geçiriljek prezident saýlawlarynda dalaş etmäge hukuk gazanmak üçin wezipeden çekilmek planyny gaýtalady. Ol açyk we adalatly saýlawlary wada berdi. “Eger-de men saýlawlarda utulsam, meniň tarapdarlarym köçelere çykyp protest geçirmez. Eger-de saýlaw wagty administratiw serişdelerden peýdalanylýandygyny ýa-da sesleriň satyn alynýandygyny görseňiz, dessine bize habar ediň, biz munuň bes edilmegi üçin çäre göreris. Читать дальше...

Marynyň häkimiýetleri arassaçylygy güýçlendirip, Aşgabatdan iberiljek komissiýanyň gelmegine taýýarlanýar

Azathabar.com 

Mary welaýatynyň býujet işgärleri Aşgabatdan iberiljek ýörite barlag komissiýasyny garşy almaga taýýarlanýarlar. Bu taýýarlygyň çäginde Mary şäherinde arassaçylyk işleri güýçlendirildi. Bu ýagdaýlaryň jikme-jikleri barada Azatlyk Radiosynyň habarçylary 12-nji noýabrda Marydan habar berdiler. "Dynç günleri ähli pudaklaryň ministrleriniň orunbasarlarynyň gatnaşmagyndaky komissiýanyň Aşgabatdan Mara gelmegine garaşylýar. Bu barada her edarada ýygnak geçirilip, býujet işgärlerine komissiýanyň 70 adamdan ybarat boljakdygy duýdurylypdyr" diýip... Читать дальше...

Özbegistanda COVID-19 üçin Hytaýda öndürilen waksinany kliniki synagdan geçirmäge meýletinleri toplamak yglan edildi

Azathabar.com 

Özbegistanyň Innowasiýa ösüşi ministri Ibrohim Abdurahmanow ýurtda koronawirusa garşy ulanyljak hytaý waksinasyny kliniki synagdan geçirmäge başlanýandygyny yglan etdi diýip, Kun.uz. saýty ýazýar. Çeşmäniň maglumatyna görä, Hytaýdan Daşkende koronawirusa garşy 5000 sany waksina getirilipdir. Häzir waksinalaryň synagy üçin meýletinler gözlenilýär. Onuň synag möhleti dört aýa çeker. Kun.uz. neşiriniň ýazmagyna görä, Innowasiýa ösüş ministri Ibrohim Abdurahmanow muny 7-nji noýabr güni žurnalistler bilen duşuşanynda mälim edipdir. Читать дальше...


Спорт в России и мире

Новости спорта


Новости тенниса
Елена Рыбакина

Елена Рыбакина провела первую тренировку в Штутгарте. Видео






125 МРТ-исследований под наркозом провели детям в онкодиспансере Подмосковья в 2023 г

Первый детский сад строят в ЖК «Квартал Ивакино» округа Химки

Сергей Собянин: Продолжим совместное развитие систем искусственного интеллекта

В посольстве ФРГ уклончиво ответили на слова Захаровой об участии РФ в трауре