ru24.net
World News in Turkmen
Ноябрь
2020

Новости за 16.11.2020

Moldowanyň prezident saýlawlarynda Günbatara tarapdar dalaşgär ýeňiş gazandy

Azathabar.com 

Moldowanyň prezident saýlawlarynyň ikinji tapgyrynyň 16-njy noýabrdaky deslapky netijelerine görä, Bütindünýä bankynyň öňky ykdysatçysy we Ýewropa Bileleşigi bilen ýakyn gatnaşyklara hoşniýetli garaýan Maýa Sandu (Maia Sandu) ýeňiş gazandy. Merkezi Saýlaw toparynyň deslapky netijelerine görä, Sandu sesleriň 57 göterimine eýe boldy; sesleriň 99 göterimi sanalan wagty ol 43 göterim ses alan Russiýa tarapdar iş başyndaky prezident Igor Dodonyň garşysynda aňsat ýeňiş gazandy. Sandunyň tarapdarlary... Читать дальше...

Berdimuhamedow atasynyň doglan obasynda hassahana açyp, ýurtda koronawirusyň ýokdugyny tekrarlady

Azathabar.com 

13-nji noýabrda Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow atasy Berdimuhamet Annaýewiň doglan obasynda, Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynyň Yzgant obasynda täze Ýokanç keseller hassahanasyny açdy. Çäräniň dowamynda döwlet baştutany “henize çenli ýurtda koronawirus ýokanjy bilen kesellemek ýagdaýynyň hasaba alynmandygyny” ýene bir gezek nygtady.

Balkanyň häkimiýetleri içerki migrantlary welaýatdan çykarýar

Azathabar.com 

Balkanyň häkimiýetleri işsizligi, döwlet dükanlaryndaky azyk gytçylygyny, bankomatlardaky nagt ýetmezçiligini we olaryň öňündäki nobatlary beýleki sebitlerden gelen içerki migrantlary welaýatdan çykarmak arkaly çözmäge synanyşýar. Işsizlige, azyk we nagt krizisine garşy görülýän bu çäräniň çäginde polisiýa öýlere aýlanyp, içerki migrantlary gözleýär. Bu ýagdaýlaryň jikme-jikleri barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy 16-njy noýabrda Balkan welaýatyndan habar berdi. "Şu günler Türkmenbaşy we Balkanabat... Читать дальше...

Täjigistan tussaglaryň garyndaşlary üçin türmä baryp görmek gadagançylygyny bes edýär

Azathabar.com 

Täjigistanyň häkimiýetleri koronawirus pandemiýasy sebäpli tussaglaryň maşgalalary üçin tussaghana saparlary gadagan etmeginden ýedi aý soň, olara türmelerdäki garyndaşlaryny görmäge rugsat berilýändigini aýtdy. Adalat ministrliginiň Tussaghanalar boýunça baş müdiriniň orunbasary Ilhom Mahmudow hepdäniň ahyrynda Azatlyk Radiosyna beren interwýusynda tussaglaryň garyndaşlaryna sapardan 24 sagat öň alnan negatiw koronawirus synag netijelerini görkezen ýagdaýynda görüşmäge rugsat berilýändigini aýtdy. Читать дальше...

Tramp sud işi arkaly saýlawlary ret etmäge çalyşýar

Azathabar.com 

Prezident Donald Tramp 15-nji noýabrda ABŞ-nyň prezidentlik saýlawlary barada gaharly twit ýazdy we ses berişligiň "galplaşdyrylandygyny" öňe sürdi. Ol birnäçe sud arkaly netijeleri ýatyrmak synanyşygynyň şowsuz bolandygyna garamazdan, has köp sud işini gozgajakdygyny aýtdy. Trampyň Twitterde çap eden habarynda saýlaw netijelerine garşy göreşmek üçin edýän tagallalarynyň diňe başlandygy aýdylýar we şu wagta çenli gozgalan işleriň köpüsiniň, subutnamalaryň ýoklugy sebäpli başa barmandygy bellenýär. Читать дальше...

Belarusdaky protestlerde 1200-den gowrak adam tussag edildi

Azathabar.com 

Belarus polisiýasy 15-nji noýabrda Alýaksandr Lukaşenkanyň işinden aýrylmagyny we awgust aýynda çekeleşikli geçirilen ses berişlikden soň täze prezident saýlawyny talap edip, tutuş ýurt boýunça geçirilen protestlerde 1200-den gowrak adamy tussag etdi. Adam hukuklary boýunça "Wýasna" topary tussaglaryň köpüsiniň Minskde müňlerçe demonstranty dargatmak üçin göz ýaşardyjy gaz we granat ulanan gara örtükli howpsuzlyk güýçleri tarapyndan saklanandygyny aýtdy. Azyk dükanynyň içinde iki adam ýüzi nikaply howpsuzlyk işgärleri tarapyndan ýenjildi. Читать дальше...

Moldowanyň prezidentlik saýlawlarynda Günbataryň tarapdary Maýa Sandu ýeňiş gazandy

Azathabar.com 

Bütindünýä bankynyň öňki ykdysadyýetçisi Ýewropa Bileleşigi bilen has ýakyn gatnaşyklary goldaýan Maýa Sandu, Moldowadada geçlen prezidentlik saýlawlarynda ýeňiş gazandy. 16-njy noýabrda çap edilen deslapky netijelere görä, Sandu sesleriň 57% -ini aldy. Merkezi saýlaw komissiýasynyň maglumatlaryna görä, sesleriň 99%-tiniň sanalmagynda 43% sesi orsýetçi häzirki prezident Igor Dodon. Sandunyň tarapdarlary ýeňşi "Hereket we raýdaşlyk partiýasynyň" (MMB) merkezinde bellediler. 15-nji noýabrda... Читать дальше...

Maryda mugallymlar köçelere gözegçilik edýär, guşlar baglardan kowulýar

Azathabar.com 

Maryda Aşgabatdan gelmeli barlagyň öňüsyrasynda görülýän taýýarlyklaryň çäginde, mekdep mugallymlary polisiýanyň ornuna köçelere gözegçilik etmäge çykaryldy. Mundan başga-da, günorta welaýatyň administratiw merkezinde öýsüz itdir-pişikleri öldürmek boýunça güýçlendirilen tagallalar bilen birlikde, seýilgählerdäki guşlary kowmak, hatda olary zäherläp öldürmek boýunça hem görkezme berildi. Ýatlatsak, Azatlyk Mara Aşgabatdan ýörite barlag komissiýasynyň gelmegine garaşylýandygy, şu sebäpli býujet işgärlerini hem mejbur edip... Читать дальше...

Lebaply kärendeçiler resmi derejede iki aý öň badalga berlen güýzlük bugdaý ekişine häzir girişdi

Azathabar.com 

Lebap welaýatynyň ençeme daýhan birleşiginde iki aý öň geçirilmeli güýzlük bugdaý ekişine hepdäniň ahyrynda badalga berildi. Türkmenistanyň resmi metbugaty ýurtda köpçülikleýin güýzlük bugdaý ekişiniň geçirilýändigi barada sentýabryň başynda habar beripdi. Azatlyk Radiosynyň lebaply habarçysy güýzlük bugdaý ekişiniň gija galmagyny ýerlere ekiş üçin suw tutmak işleriniň giç amala aşyrylmagy, tehnika we dökün ýetmezçiligi bilen düşündirýär. "Farap we Darganata etraplarynda, şeýle-de Galkynyş etrabynyň Kulyýew... Читать дальше...


Спорт в России и мире

Новости спорта


Новости тенниса
WTA

Кудерметова и Хао-Чин вышли в финал турнира WTA в Штутгарте в парном разряде






В России выявили 35 регионов-лидеров по социально-экономическим показателям

Дочь актрисы Анастасии Заворотнюк вышла из дома после болезни

Победа спортсменов Центра боевых искусств

Специалист Васильева: любовь к чтению необходимо прививать с детства