ru24.net
World News in Turkmen
Ноябрь
2020

Новости за 17.11.2020

Farapda Internetiň tizliginiň pese gaçmagy studentleriň onlaýn sapaklaryny bökdeýär

Azathabar.com 

Lebap welaýatynyň Farap etrabynda Internetiň tizligi çäklendirilip, ondan peýdalanmak barha kynlaşýar. Bu ýagdaý koronawirus pandemiýasy sebäpli daşary ýurtlaryň ýokary okuw jaýlaryndaky okuwlaryny onlaýn görnüşinde dowam etdirýän türkmen studentleri üçin dürli kynçylyklary döredýär. Bu barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy 16-njy noýabrda Lebapdan habar berdi. "1-nji noýabrdan bäri Farapda mobil aragatnaşyk operatory TmCell tarapyndan we "Türkmentelekomyň" öý telefonlarynyň üsti bilen hödürlenýän Internet haýal işleýär. Читать дальше...

Trampyň Eýranyň ýadro desgalaryna zarba urmagyň mümkinçilikleri bilen gyzyklanandygy habar berilýär

Azathabar.com 

Media maglumatlarynda aýdylmagyna görä, prezidentlik wezipesinde iki aýy galan ABŞ prezidenti Donald Tramp ýokary wezipeli kömekçilerinden Eýranyň ýadro desgalaryna zarba urmagyň mümkinçilikleri barada sorapdyr. 12-nji noýbabrda geçiren ýygnagynda Tramp birnäçe ýokary derejeli kömekçisinden, şol sanda wise-prezident Maýk Pensden, döwlet sekretary Maýk Pompeodan hem-de Baş ştabyň başlygy general Mark Milleýden “öňümizdäki hepdelerde özünde Eýranyň esasy ýadro desgasyna garşy çäre görmek mümkinçiliginiň bardygyny ýa-da ýokdugyny” sorady diýip... Читать дальше...

Maska, düzgün bozanlara jeza, saglyk işgärleriniň mejbury dynç alyşy. Türkmenistan COVID-19-a garşy "göreşýär"

Azathabar.com 

Türkmenistanda maska dakynmak düzgünini bozandygy üçin ilat gaty yzarlanýar, tutuş ýurt boýunça reýdler, tussaglar we jerimeler amala aşyrylýar. Şeýle-de, içerki syýahat gadaganlygy güýçlendirilýär we saglyk edaralarynda işgärleriň sany azaldylýar. Türkmenistanyň häkimiýetleri ilata köpçülik ýerlerinde maska dakynmagy maslahat berýän hem bolsalar, sebäbini düşündirmeýär, soňra talaplaryň ýerine ýetirilişine gözegçilik edip, düzgüni bozanlary köpçülikleýin jezalandyrýarlar. "Şu gün joramyň adamsy... Читать дальше...

“SpaceX-iň” kosmiki gämisi Halkara kosmos stansiýasynyň bortuna bardy

Azathabar.com 

“SpaceX Crew Dragon-yň” kosmiki gämisi tarapyndan orbita göterilen dört kosmonawt 17-nji noýabrda Halkara kosmos stansiýasynyň bortuna bardy. Bu şuňa meňzeş ilkinji missiýa bolup, NASA munuň ABŞ-nyň rus raketalaryna garaşlylygyny bes etjek adaty missiýalar boljakdygyna umyt edýär. “Resilience” kosmiki gämisi 16-njy noýabrda ýerli wagt bilen agşam sagat 11:01-de kosmos stansiýasyndaky gämi duralgasyna özbaşdak bardy. Gäminiň ekipaž agzalaryny üç amerikaly - Maýkl Hopkins (Michael Hopkins), Wiktor... Читать дальше...

Ermeni prezidenti irki parlament saýlawlaryny geçirmäge çagyrýar

Azathabar.com 

Ermeni prezidenti Armen Sarkisýan Ermenistanda irki parlament saýlawlaryny geçirmäge çagyryp, munuň Daglyk-Garabagyň bölünen sebitinde uruş sebäpli ýüze çykan syýasy krizisi çözmek üçin zerurdygyny aýtdy. Alty hepde dowam eden we Daglyk-Garabagda hem-de onuň töwereginde ermeni territorial ýitgilerine getiren konfliktiň yzýany, saýlawlar “ýurdy tolgunyşykdan halas eder” diýip, Sarkisýan 16-njy noýabrda giçlik telewideniýede eden çykyşynda aýtdy. Ol premýer-ministr Nikol Paşinýanyň hökümetini we... Читать дальше...

Pompeo ýokary derejeli gepleşikler üçin Gürjüstana sapar edýär

Azathabar.com 

ABŞ-nyň döwlet sekretary Maýk Pompeonyň 17-nji noýabrda giçlik Gürjüstana sapar etmegine garaşylýar. Pompeo bu saparynyň dowamynda Günorta Kawkaz ýurdunyň ýolbaşçylary bilen goranmak we howpsuzlyk ugurlarynda hyzmatdaşlygy has-da çuňlaşdyrmak mümkinçiligi barada gepleşikleri geçirmegi meýilleşdirýär. Onuň 18-nji noýabrda prezident Salome Zurabişwili (Salome Zurabishvili), premýer-ministr Jorji Gaharýa (Giorgi Gakharia), daşary işler ministri Dawit Zalkaliani, raýat jemgyýetiniň wekilleri we Gürjüstanyň... Читать дальше...

Pakistanyň yslamçylary hökümetiň beren wadasyndan soň Fransiýa protestini bes etdiler

Azathabar.com 

Pakistanyň hökümeti fransuz ilçisiniň ýurtdan çykarylmagyny ara alyp maslahatlaşmagy wada bereninden soň, 17-nji noýabrda yslamçy topar ýurduň paýtagty Yslamabada barýan ýoly petiklemegi bes etdi. Oktýabr aýynyň aýagynda Fransiýanyň prezidenti Emmanuel Makron käbir musulmanlar tarapyndan kemsidiji hasaplanýan karikaturalary çap etmek hukugyny gorandan soň, musulman ýurtlarynyň birnäçesinde Fransiýa garşy protestler başlandy. “Tehreek-e-Labaik Pakistan” (TLP) toparynyň müňlerçe aktiwisti polisiýa... Читать дальше...

Özbek resmisi Gülnara Kerimowa COVID-19 ýokuşandygy we onuň öz janyna kast edendigi baradaky habary ýalana çykarýar

Azathabar.com 

Özbegistanyň Içeri işler ministrliginiň Kanunbozmalar profilaktikasynyň Baş uprawleniýesiniň başlygynyň orunbasary Umida Abdullaýewa soňky günlerde ýurduň ilkinji prezidenti, merhum Yslam Kerimowyň uly gyzy Gülnara Kerimowanyň türme şertlerinde saglyk ýagdaýynyň ýaramazlaşandygy barada ýaýran habarlary ret etdi. Gülnara Kerimowa häzir Daşkent welaýatynyň Zangiata raýonyndaky aýallar koloniýasynda türme möhletini geçirýär. «Darýo» internet neşiriniň habar bermegine görä, bu barada IIM-niň resmisi 12-nji noýabrda... Читать дальше...


Спорт в России и мире

Новости спорта


Новости тенниса
WTA

Александрова обыграла первую ракетку мира на турнире WTA






Тысячи уникальных изданий: архивно-библиотечный центр появится в Музее транспорта Москвы

Дмитрий Саутин: «Кабинетная работа – это не мое»

В Чебоксарах проходит Общероссийская акция «Сообщи, где торгуют смертью»

Коридор затмений до 8 апреля: как правильно загадывать желания