ru24.net
World News in Turkmen
Ноябрь
2020

Новости за 24.11.2020

Lebapda çagalar köçelere aýlanyp, haryt satýar

Azathabar.com 

Türkmenistanda bazarlar köp adamyň eklenç çeşmesi. Ýöne koronawirus pandemiýasy sebäpli bazarlar we uly söwda merkezleri ýapylandan soň, Lebapda ilat arasynda çaga zähmetinden peýdalanýan täze söwda gatnaşyklary emele geldi. Munuň jikme-jikligi barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy habar berýär.

Marynyň bir döwlet dükanynda çörek propiska görä satyldy

Azathabar.com 

23-24-nji noýabr günleri Mary şäheriniň ençeme döwlet dükanynda çörek satylmady. Ýöne, şäheriň 14 belgili döwlet dükanynda çörek her adama çäkli möçberde propiska görä satyldy. Dowam edýän azyk krizisiniň fonunda Aşgabadyň bir döwlet dükanynda ösümlik ýagynyň ýanyna tüwi goşulyp satyldy. Bular barada Azatlyk Radiosynyň habarçylary habar berýärler.

Türkmenistanyň üç raýaty iki ýyl bäri Ukrainada sud edilýär

Azathabar.com 

Ukrainada sud edilýän türkmen raýatlary we olaryň aklawçysy Ukrainanyň kazyýetiniň jenaýat işine seretmek prosesini yza süýşürýändigini aýdýarlar. Türkmenistanyň üç raýaty talaňçylykda, adamyň bedenine zeper ýetmekde we watandaşyna degişli awtoulagy ogurlamakda şübhelenip, kazyýetiň kararyna garaşyp, 2 ýyl töweregi tussag astynda saklanýarlar. Bu döwürde aklawçy sud işinde köp sanly hukuk bozulmalarynyň bolandygyny aýtdy. Kiýewiň Solomenskiý etrap kazyýeti, 20-nji noýabrda geçirilen diňlenişikde Rüstem Açylowyň... Читать дальше...

Gani Owganystana berilýän kömegiň azaldylmagynyň ‘uly kynçylyklara’ sebäp boljakdygyny duýdurdy

Azathabar.com 

Ýurtlaryň koronawirusyň ýaýramagyna ünsi jemleýändigi baradaky aladalaryň fonunda, owgan prezidenti Aşraf Gani Owganystana berilýän daşary ýurt kömeginiň islendik derejede azaldylmagynyň ýurduň jemgyýetçilik hyzmatlarynda, ykdysady işjeňliginde we ýaşaýyş derejesinde “uly kynçylyklara” sebäp boljakdygyny duýdurdy. Gani 24-nji noýabrda eden çykyşynda halkara kömegi “diňe bir ösüş üçin däl, eýsem parahatçylyk üçin hem möhümdir” diýdi.  Ol bu baradaky çykyşyny onlarça ýurduň we guramanyň wekilleri... Читать дальше...

Türkmenistanyň wise-premýeri Şamuhammet Durdylyýew keselhana düşdi

Azathabar.com 

57 ýaşly Şamuhammet Durdylyýew Gurbanguly Berdimuhamedowyň prezidentligi döwründe syýasy wezipede iň köp saklanan ýolbaşçylaryň biri diýip, Türkmenistanyň köpçülikleýin habar serişdeleri ýazýar. Türkmenistan hökümetiniň emeldarynyň keselhana düşmegi barada resmi derejede habar berilmegi häzire çenli görlüp-eşidilmedik ýagdaýdyr.

Lebaply býujet işgärlerinden Bitaraplyk we koronawirus barada taýýarlanjak plakatlar üçin pul ýygnalýar

Azathabar.com 

Türkmenistanyň Lebap welaýatynda býujet işgärlerinden ýene bir çäre üçin näresmi derejede pul ýygnalýar. Bu gezek olardan ýygnalýan pullara Bitaraplyk baýramyna we koronawirusyň öňüni almak çärelerine degişli köçelerde asyljak plakatlar satyn alynýar. Bu barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy 23-nji noýabrda Lebapdan habar berdi.

Russiýada garaşsyz neşiriň žurnalistine degişli ulag otlandy

Azathabar.com 

Näbelli adamlar Russiýanyň Çelýabinsk şäherindäki garaşsyz habar beriş serişdesinde işleýän žurnaliste degişli ulagy otladylar. Habarçynyň iş berijisi bu wakany onuň professional işi bilen baglanyşdyrýar. 24-nji noýabrda Znak.com habar websaýty žurnalist Marina Malkowanyň awtoulagynyň gijäň ýarynda otlanandygyny mälim etdi. Malkowa, habar beriş serişdesiniň maglumatyna görä, partlamanyň sesine meňzeş gaty ses eşidende öýündedi. Ol penjireden daşary seredende, ulagynyň ot alýandygyny gördi. ... Читать дальше...

Almaty kazyýeti gazak aktiwistiniň möhletinden öň boşadylmagyny ret edýän karary öz güýjünde galdyrdy

Azathabar.com 

Gazagystanyň Almaty sebit kazyýeti aşaky kazyýetiň gazak aktiwisti Kenžebek Abişewiň möhletinden öň boşadylmak baradaky haýyşyny ret edýän karary öz güýjünde galdyrdy. Abişew gaçgak tüçjar tarapyndan döredilen syýasy hereket bilen baglanyşygy sebäpli tussag edilipdi. Abişewiň aklawçysy Gülnara Žuaspaewa Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosyna beren maglumatynda bu kararyň 24-nji noýabrda çykarylandygyny aýtdy.  53 ýaşly Abişewiň möhletinden öň boşadylmagy baradaky haýyşy 5-nji oktýabrda Kapşagaý etrap kazyýeti tarapyndan hem ret edilipdi. Читать дальше...

Russiýa göçmek statusyny alan türkmen raýatlaryny alyp gitmek barada täze düzgün çap etdi

Azathabar.com 

Russiýa Türkmenistandan Russiýa göçmek statusyny alan türkmen raýatlaryny ýurtdan alyp gitmek barada täze düzgün girizdi. Bu barada Russiýa Federasiýasynyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň resmi websaýtynda maglumat ýerleşdirildi. “Russiýa Federasiýasy bilen Türkmenistanyň arasynda göçürmek prosesini kadalaşdyrmak we migrantlaryň hukuklaryny goramak barada 1993-nji ýylyň 23-nji dekabrynda Aşgabatda gol çekilen şertnama esasynda Russiýa Federasiýasyna göçmäge rugsat alan adamlar, şeýle hem bu rugsada... Читать дальше...

Halkyň ykdysady problemalarynyň çözgüdi türkmen hökümetiniň syýasy islegine bagly

Azathabar.com 

Türkmenistanda ilatyň ykdysady kynçylyklary gitdigiçe güýçlenýär. Türkmen hökümeti ýurt ykdysadyýeti güýçli ösýär diýip, it, welosiped heýkelleri ýaly hakyň zerurlyklaryna ýaramaýan gurluşyklara pul sarp edýärkä, tutuş ýurt boýunça bankomatlaryň, azyk dükanlarynyň daşyndaky basa-baslyk, dilegçilik edýänleriň köpelmegi agyr krizisden habar berýär. Türkmenistana, ýurt ykdysadyýetine näme bolýar? Azatlyk Radiosy Türkmenistanyň Merkezi Bankynyň öňki ýolbaşçysy Hudaýberdi Orazow bilen söhbetdeş boldy.

Jebir çeken günäkärmi? Merkezi Aziýanyň kazyýetlerinde gender meselesindäki deňsizlik

Azathabar.com 

Biri Täjigistanda, beýlekisi Gyrgyzystanda ýakynda bolup geçen sud diňlenişigi, Merkezi Aziýadaky kazyýetlerde aýallaryň kemsidilýändigini görkezdi. 27-nji oktýabrda Täjigistanyň paýtagtynda bolup geçen sud diňlenişigi ýaş modelýer Parwin Jahongiri «Вечерний Душанбе» (‘Duşenbe agşamy’) gazetinde öz biznes-partnýoryna töhmet atanlykda günäli saýdy hem Parwiniň aýdýan faktlarynyň ynançly däldigini mälim etdi. GARŞYLYK GÖRKEZMEK 2019-njy ýylyň maý aýynda Jahongiri özüniň Virgo ýazky-tomusky egin-eşikler... Читать дальше...


Спорт в России и мире

Новости спорта


Новости тенниса
WTA

WTA отреагировала на суперкамбэк Елены Рыбакиной






Подмосковный ГУРБ и судебные приставы разработали план совместной работы

Аварийность на дорогах Москвы снизилась на 10%

"Лига колледжей" поможет московским студентам найти работу на крупнейших предприятиях

Москвича арестовали за изнасилование жены в процессе развода