ru24.net
World News in Turkmen
Март
2021

Новости за 01.03.2021

COVID-19: Çäklendirmeleriň möhleti uzaldyldy, waksinanyň nobatdaky tapgyry geldi

Azathabar.com 

Türkmenistanda welaýatara we şäherara awtobus gatnawlaryna girizilen çäklendirmeler ýene bir aý möhlet bilen uzaldyldy. Şol bir wagtda, iki ugur boýunça, öňünden degişli rugsatlary almak şerti bilen, synag gatnawlary ýola goýuldy. Türkmenabadyň aeroportyna “Sputnik V” waksinasynyň ýene bir tapgyry geldi. Türkmen häkimiýetleri heniz hem koronawirusyň ýeke hadysasyny resmi taýdan hasaba almadylar. Bu aralykda, prezidentiň COVID-19-yň Türkmenistanda “örän çylşyrymly” ýagdaýlary ýüze çykarandygy baradaky sözleri, resmi maglumatdan aýryldy.

Türkmenistanyň güýç edaralary türme gynamalary beýän eden öňki tussag zenany gözleýär

Azathabar.com 

Türkmen häkimiýetleri adam hukuklaryny goraýjy "Memorial" guramasyna türkmen türmelerindäki zorluk we korrupsiýa barada gürrüň beren zenanyň gözlegine çykdylar. Bu barada bu guramanyň 1-nji martda ýaýradan maglumatynda aýdylýar. Geçen hepdeden bäri Türkmenistanyň kanun goraýjy guramalary türkmen türmelerindäki korrupsiýa, sütem we gynamalar barada jikme-jik maglumat beren aşgabatly öňki tussag zenany işjeň gözleýändigi we onuň häkimiýetleriň eden-etdiligini beýan etmegini dowam etdirmeginiň öňüni almaga synanyşýandygy maglumatda bellenýär. Читать дальше...

Ermeni protestçileri premýer-ministriň işden aýrylmagyny talap edip hökümet binasyna girdi

Azathabar.com 

Ermenistanda syýasy dartgynlylyk güýçlenýär. Premýer-ministr Nikol Paşinýanyň işinden aýrylmagyny talap edýän demonstrantlaryň bir topary paýtagt Ýerewanda hökümet binasyna girdi. Ýaralananlar ýa-da tussag edilmeler barada dessine habar bolmady. Geçen ýyl Azerbaýjanyň we etniki ermeni güýçleriniň arasynda Daglyk-Garabag sebitiniň üstünde alty hepde dowam eden çaknyşykdan soň Paşinýan oppozisiýanyň onyň işinden aýrylmagyny talap edip geçirýän çykyşlaryna sezewar boldy. Ermenileriň ençemesi konflikti... Читать дальше...

Türkmenistan Halk Maslahatynyň saýlawlaryna taýýarlyk görýär

Azathabar.com 

Türkmenistanda geçiriljek parlament saýlawlaryndan bir aý öň, häkimiýetler ses berişlige taýýarlyk görüp başladylar. Türkmen mejlisiniň ýokarky öýi Halk Maslahaty üçin saýlawlar 2021-nji ýylyň 28-nji martynda geçiriler. Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça Merkezi komissiýanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň agzalaryny saýlamaga taýýarlyk boýunça ýygnagy 27-nji fewralda geçirildi. Türkmenistanyň konstitusiýasyna girizilen üýtgetmelere laýyklykda döredilen täze mejlis... Читать дальше...

Günorta Afrika çäklendirmeleri ýeňilleşdirýär, Braziliýada we Ýewropada wirus görnüşlerinden alada artýar

Azathabar.com 

Günorta Afrika birnäçe hepde dowam eden berk koronawirus çäklendirmelerinden çykýar, Braziliýanyň paýtagt regiony we Ýewropanyň käbir bölekleri bolsa, pandemiýanyň güýçlenmek howpy zerarly çäklendirmeleri güýçlendirýär. Günorta Afrikanyň prezidenti Kiril Ramaphosa 1-nji martdan başlap infeksiýalaryň “düýpgöter pese gaçmagyndan” soň koronawirus çäklendirmelerini gowşadyp başlajakdygyny aýtdy. Günorta Afrika wirusynyň has howply hasaplanýan görnüşinden ejir çekdi we onuň ýaýramagy bilen baglanyşykly... Читать дальше...

Ermeni protestçileri Paşinýanyň gitmegini talap edip, hökümet binasyna hüjüm edýärler

Azathabar.com 

Premýer-ministr Nikol Paşinýanyň işinden aýrylmagyny talap edýän ermeni demonstrantlarynyň bir topary paýtagt Ýerewanda hökümet binasyna girdi. Geçen ýyl Azerbaýjanyň we etniki ermeni güýçleriniň arasynda Daglyk-Garabag sebitiniň üstünde alty hepde dowam eden çaknyşykdan soň Paşinýan oppozisiýanyň onyň işinden aýrylmagyny talap edip geçirýän çykyşlaryna sezewar boldy. Paşinýan noýabr aýynda Orsýetiň araçylygyndaky ot atyşlygy bes etmek baradaky şertnama gol çekip, Daglyk-Garabagda 44 gün dowam eden gazaply söweşiň soňuna çykdy. Читать дальше...

Tramp 2024-nji ýylda geçiriljek prezident saýlawyny agzady

Azathabar.com 

ABŞ-nyň öňki prezidenti Donald Tramp, işinden aýrylandan soň ilkinji gezek 28-nji fewralda syýasy sahna gaýdyp geldi we Respublikan partiýanyň aýrylmaz lideri statusyny berkitmäge synanyşdy. Tramp prezident Jo Baýdeniň ýanwar aýynda işe başlaly bäri eden ilkinji möhüm çykyşynda 2024-nji ýylda gaýtadan prezidentlige dalaşgär boljakdygyna yşarat etdi we üçünji partiýa döretmekçi bolýandygy baradaky myş-myşlardan boýun gaçyrdy. “Men siziň tarapyňyzda söweşmegi dowam etdirerin. Täze partiýalaryň düýbüni tutmaýarys"-diýip... Читать дальше...

Netanýahu Ysraýylyň ýük gämisiniň partlamasynda Eýrany günäkärleýär

Azathabar.com 

Ysraýylyň premýer-ministri Benýamin Netanýahu geçen hepde Oman aýlagynda Ysraýylyň eýeçiligindäki ýük gämisine hüjüm etmekde Eýrany günäkärledi, bu aýyplama Tähran tarapyndan ret edildi. Netanýahu 1-nji martda Kan döwlet radiosyna beren interwýusynda "Bu hakykatdanam Eýran tarapyndan edilen operasiýa. Bu düşnüklidir" -diýdi. Ol "Eýran Ysraýylyň iň uly duşmany, men muny bes etmek kararyna geldim" diýip belledi. Netanýahu bu barada Ysraýylyň ar aljakdygy baradaky soraga jogap berip aýtdy. Eýranyň... Читать дальше...

25-nji maýda ilkinji bolup doglan oglana türkmen paýtagtynyň ady dakylar

Azathabar.com 

Türkmenistanyň prezidentiniň tabşyrygyna görä, 25-nji maýda ilkinji bolup doglan oglana Paýtagt ýa-da Aşgabat ady dakylar. Döwlet habar gullugy TDH-nyň habaryna görä, buýruk 26-njy fewralda geçirilen hökümet ýygnagynda berildi. "Döwlet baştutany paýtagtymyzyň depginli ösýändigini, serhetleriniň giňelýändigini, şäher ilatynyň sanynyň artýandygyny uly kanagatlanma bilen belläp geçdi. Bu nukdaýnazardan prezident Gurbanguly Berdimuhamedow 25-nji maýda dünýä inen ilkinji oglanyň adyny Paytagt ýa-da... Читать дальше...


Спорт в России и мире

Новости спорта


Новости тенниса
Елена Рыбакина

Рыбакина? Назван главный конкурент Соболенко






В Пскове представили выставку с эскизами декораций к спектаклям по Пушкину

Появились видео с концерта группы «Пикник» в Пензе

Аэрофлот и «КрасАвиа» заключили интерлайн-соглашение

Что чувствует мужчина, когда расстается с любимой женщиной: стихотворение Иосифа Бродского