ru24.net
World News in Turkmen
Июнь
2021

Новости за 10.06.2021

Hökümet ýüpek tabşyrygy 'üstünlikli ýerine ýetirildi' diýýär, aldanan daýhanlar gaharlanýar

Azathabar.com 

Wise-premýer Esenmyrat Orazgeldiýewiň 9-njy iýunda geçirilen iş maslahatyndaky buşlugyna görä, Türkmenistanyň ýüpekçileri pile tabşyrmak baradaky şertnamalaýyn borçnamany üstünlikli ýerine ýetirdi, emma sebitlerden gelýän maglumatlar kärendeçileriň barha kän lapykeç bolýandygyny we ýollaryň açylmagyna garaşýan adamlaryň has köpelýändigini habar berýärler.

Türkmenabatda Ak öýüň gyssagara alnyp barylýan gurluşygynda adam öldi

Azathabar.com 

Türkmenistanyň gündogar sebitinde gurulýan desganyň gurluşyk meýdançasynda bir işçi öldi. Ägirt uly Ak öýüň gurluşygynda adamyň ýogalmagy bilen bagly ýagdaý barada Azatlygyň Türkmenistandaky habarçylary we "Türkmenistanyň Hronikasy" garaşsyz neşiri habar berdi.

'Edilýänini etmeseň', Maryda manat nagtlaşdyrmak kyn

Azathabar.com 

Adamlaryň biri "Biz kartymyzyň içinde näçe pul bardygyny bu ýere gelmäkägem bilýäris, telefonlarymyza sms gelýär" diýip, gözegçä nägileligini bildirdi we "Ýa, kartymyň içinde näçe pul barka diýip, banka gelýän adamam barmy?" diýip, geň galyp sorady.

G7 dünýä ýurtlaryna 1 milliard doza COVID-19 waksinasyny wada berer – habarlar

Azathabar.com 

Ýedilik toparynyň (G7) liderleri pandemiýadan çykmagyň ýoluny maslahat etmek üçin şu hepde duşuşýan mahaly, Birleşen Ştatlary öňümizdäki iki ýylyň dowamynda 100-den gowrak ýurda 500 million doza Pfizer COVID-19 sanjymyny bermegi planlaşdyrýar. Şu hepde Angliýada geçiriljek üç günlük G7 sammitiniň öň ýany, Baýden 10-njy iýunda bu meýilnamany mälim eder diýip, birnäçe ABŞ media guramalary habar berdi. Bu bildiriş dünýäniň ösen ýurtlary baý we garyp ýurtlaryň arasynda waksina elýeterliligi bilen... Читать дальше...

Baýden ilkinji daşary ýurt sapary bilen Britaniýa geldi, ýaranlar bilen gatnaşyklary düzeder, Putin bilen duşuşar

Azathabar.com 

Prezident Jo Baýden özüniň wezipä girişeli bäri amala aşyrýan ilkinji daşary ýurt saparynyň başynda Britaniýa geldi. Bu Ýewropadaky ýaranlar bilen hem-de transatlantik ýaranlyk bilen Waşingtonyň gatnaşyklary täzeden ýola goýýandygyny görkezýär. 9-njy iýunda giçlik Mildenhalldaky Patyşalyk howa güýçleri bazasyna barandan soňra, Baýden ol ýerde ýerleşýän ABŞ howa güýçleriniň işgärleri bilen söhbetdeş boldy we demokratiýanyň goralmalydygyny, güýçlendirilmelidigini we gaýtadan janlandyrylmalydygyny aýdyp, syýahatyň äheňini kesgitledi. Читать дальше...

Çaga zähmeti ýigrimi ýylda ilkinji gezek ýokarlandy, dünýä boýunça 160 million çaga zähmete mejbur bolýar

Azathabar.com 

Çaga zähmeti soňky ýigrimi ýylda ilkinji gezek ýokarlandy, diýip Birleşen Milletler guramasy 10-njy iýunda aýtdy we koronawirus pandemiýasynyň ýene millionlarça çagany töwekgelçilik astynda goýýandygyny duýdurdy. Tutuş dünýäde zähmete mejbur bolýan çagalaryň sany 160 milliona göterildi, geçen dört ýyl bilen deňeşdirilende zähmete mejbur bolýan çagalaryň sany 8,4 million çaga köpeldi diýip, Halkara Zähmet Guramasy we BMG-niň çagalar agentligi bolan ÝUNISEF bilelikde çap eden hasabatynda aýtdy. “Biz çaga zähmetine garşy göreşde ýeňilýäris... Читать дальше...

Lukaşenka Belarusy Ýewropanyň Demirgazyk Koreýasyna öwürýär diýip, Tihanowskaýa ABŞ senatorlaryna aýtdy

Azathabar.com 

Balrusyň oppozisiýa lideri Swetlana Tihanowskaýa 9-njy iýunda ABŞ kanun çykaryjylaryna awtoritar dolandyryjy Aleksandr Lukaşenkanyň Belarusy “Ýewropanyň Demirgazyk Koreýasyna” öwürýändigini aýtdy we ABŞ-ny režimi maliýeleşdirýän adamlara we edaralara garşy sanksiýalary giňeltmäge çagyrdy. Tihanowskaýa Senatyň Daşary gatnaşyklar komitetinde Pragadan uzak aralykdan gatnaşyp, şaýatlyk etdi. Ol Lukaşenkanyň dissident žurnalist Roman Protasewiçi tussag etmek üçin “Ryanair” uçarynyň ugruny üýtgetmek... Читать дальше...

AÝ/AR-yň prezidenti: Lukaşenka "daşary ýurt agentleri" kanunyny kabul etmegi maslahatlaşýar

Azathabar.com 

9-njy iýunda Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosynyň (AÝ/AR) prezidenti Jeými Flaý (Jamie Fly) ABŞ Senatynyň komitetine Belarusyň awtoritar dolandyryjysy Aleksandr Lukaşenkanyň ýurtda media azatlygyny mundan-da beýläk çäklendirmek üçin, Russiýadaky “daşary ýurt agentleri” kanunyna öýkünmegi maslahatlaşandygyny aýtdy. Daşary gatnaşyklar komitetinde uzakdan şaýatlyk eden Flaý Russiýadaky kanunyň Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosynyň Moskwadaky işlerine nähili täsir edendigini, awtoritar liderleriň “birek-birekden öwrenýändiklerini”... Читать дальше...

«Gazylyp alynýan baýlyk köp». Özbegistanyň Täjigistana demir ýol gurmagy mümkin

Azathabar.com 

Özbegistanyň häkimiýetleri Samarkantdan, Täjigistanyň beýik daglyk sebitinde ýerleşýän Aýni şäherine demir ýol gurmagy mümkin. Şeýle ýol gurulsa diňe bir ýolagçylaryň gatnawyny gowulaşdyrman, eýsem harytlaryň akymyny-da artdyrar: Aýnide mineral ýataklary köp. Şeýle hem Özbegistan Bekabat şäherinden Täjigistanyň Kanibadam şäherine barýan ýoly täzeden gurmak we elektrikleşdirmek isleýändigini aýdýar. Şeýlelikde, geljekde iki ýurduň arasynda ýeke-täk bitewi ulag giňişligini döretmek isleýändigini mälim etdi. Читать дальше...


Спорт в России и мире

Новости спорта


Новости тенниса
WTA

Александрова проиграла Жабер в первом круге турнира WTA в Штутгарте






Жительница Европы подала иск на клинику Хайдарова из-за гноя некроза тканей

День подснежника и День полиграфии: какие праздники отмечают в России и мире 19 апреля

Право штрафовать по камерам намерены передать региональным властям

Порядка 300 бригад и 290 единиц техники ГУП «Мосводосток» дежурят на улицах города