ru24.net
World News in Turkmen
Июнь
2021

Новости за 11.06.2021

Bütindünýä banky Türkmenistany hasabatdan çykardy

Azathabar.com 

Bütindünýä banky “Global ykdysady perspektiwalar” atly soňky hasabatynda ygtybarly maglumatlaryň ýoklugy sebäpli Türkmenistany hasabatdan çykardy. “Esaslandyrylan hildäki ygtybarly maglumatlaryň ýoklugy sebäpli, Bütindünýä banky häzirki wagtda Türkmenistan we Wenesuella boýunça ykdysady önüm, girdeji ýa-da ösüş maglumatlaryny çap etmeýär. Türkmenistan we Wenesuella makroykdysady agregatlardan aýrylýar” diýip, hasabat aýdýar. Şeýlelikde, Türkmenistanyň hödürleýän resmi ykdysady görkezijileri iri... Читать дальше...

Türkmen ýaşlary goşuna ekzamen güni alynýar

Azathabar.com 

Türkmenistanyň ýaragly güýçlerine ýaşlaryň harby gulluga alynmagynyň bahar möwsümi dowam edýär. Köp esgerler şu kyl hem mekdebi tamamlamak üçin synaglar gutarmanka goşuna alynýar.

Orsýet geçen ýyl Türkmenistandan 1 milliard dollarlyk tebigy gaz satyn aldy

Azathabar.com 

“Gazprom” 2015-nji ýylda ozal ýylda 10 milliard kub metr möçberinde alan türkmen gazyny ýylda 4 milliard kub metre çenli azaldýandygyny yglan etdi. 2016-njy ýylyň başyndan bolsa, “Türkmengaz” bilen “Gazpromyň” arasyndaky ylalaşmazlyklar üstünde, Moskwa türkmen gazyny satyn almagyny doly togtatdy.

"Talyban" Owganystanyň demirgazygynda esasy etraby basyp alýar

Azathabar.com 

“Talyban” söweşijileri öten agşam bolan güýçli söweşlerden soň, Owganystanyň demirgazygyndaky Takhar welaýatynda ýene bir möhüm etraby ele geçirdi diýip, ýerli resmiler 11-nji iýunda aýtdy. Ýerli geňeşiň üç agzasynyň tassyklamagyna görä, hökümete garşy söweşijiler ok-därileri gutaran we howa goldawy berilmedik goranyjylary strategiki taýdan möhüm bolan Işkimiş etrabyny taşlap gaçmaga mejbur etdi. Möhüm merkez bolan Işkimişiň ele geçirilmegi  “Talyban” ýaraglylarynyň ýene dört etraba gaýtadan, täze güýç bilen howp salmagyna ýol açýar. Читать дальше...

ABŞ-nyň prezidenti Jo Baýden dünýä üçin "sanjym meýilnamasyny" yglan edýär

Azathabar.com 

ABŞ-nyň prezidenti Jo Baýden çarşenbe güni, G7, NATO, Ýewropa Bileleşigi bilen geçiriljek sammitlere we Russiýanyň prezidenti Wladimir Putin bilen gepleşik geçirjek ýewropa syýahatyna ugramazyndan öň, dünýä üçin ‘waksina planlaryny’ yglan etdi. Milli jemgyýetçilik radiosy (NPR) prezident Baýdeniň ýakyn töweregindäki çeşmelere salgylanyp, prezidentiň ABŞ-nyň Pfizer kompaniýasynyň COVID-19 sanjymlarynyň 500 million dozasyny peşgeş berjekdigini yglan etjekdigini habar berdi. ABŞ hökümeti tarapyndan... Читать дальше...

Ýewropa Parlamenti "jenaýatçy" belarus režimine  garşy berk ykdysady sanksiýalara çagyrýar

Azathabar.com 

Ýewropa Parlamenti barha artýan repressiýalara we iki ýewropa paýtagtynyň arasynda gatnaýan ýolagçy uçarynyň zor bilen ýolundan sowulmagyna we oppozisiýa aktiwisti Raman Pratasewiçiň tussag edilmegine jogap hökmünde, Belarusa garşy töwerekleýin ykdysady sanksiýalaryň girizilmegine we beýleki berk çäreleriň görülmegine çagyrdy. Ykdysady sanksiýalar Belarusyň nebit, kaliý, polat we agajy gaýtadan işleýän döwlet kompaniýalaryny nyşana almaly diýip, ýewropaly kanun çykaryjylaryň 10-njy iýundaky hökmany borçlandyrmaýan rezolýisiýasynda aýdylýar. Читать дальше...

Serdar Berdimuhamedow Mansur Bin Zaýed bilen ikitaraplaýyn gatnaşyklary maslahatlaşdy

Azathabar.com 

Şeýh Mansur bin Zaýed Al Nahaýan Türkmenistanyň hökümet başlygynyň orunbasary Serdar Berdimuhamedow bilen duşuşyp, özara gyzyklanma döredýän birnäçe meseläni ara alyp maslahatlaşdy diýip, “Pakistan Point News” Abu-Dabiden habar berdi. Türkmen DIM-niň ýazmagyna görä, Ýokary gözegçilik edarasynyň başlygy Serdar Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygyndaky hökümet wekiliýetiniň Birleşen Arap Emirliklerine edýän sapary9-njy iýunda başlandy. Türkmen wekiliýeti ilki Abu-Dabiniň mirasdüşer şazadasy, BAE-niň... Читать дальше...


Спорт в России и мире

Новости спорта


Новости тенниса
Новак Джокович

Что чаще всего едят на завтрак дети Елены и Новака Джокович?






Кровли 27 домов отремонтируют в Воскресенске до конца года

Музей Победы проведет всероссийскую смену для школьников

Индийские студенты отправились в поход в Шотландии и были найдены без признаков жизни

Самых инициативных старост деревень наградили в Чехове