ru24.net
World News in Turkmen
Июнь
2021

Новости за 16.06.2021

Dollaryň gara bazar nyrhy arzanlaýar, emma harytlar arzanlamaýar

Azathabar.com 

Aşgabatly bir ýaşaýjy özüniň palawlyk käşirini arzan bolanda alyp, gazana ataýmaly edip, doňduryp goýýandygyny, ýogsa saklap bilmeýändigini gürrüň berdi. Käşiri dagy çägä gömüp, hepdeläp saklap bolýardy, indi hemme zat himiýa, iýmän hem oňup bolanok diýip, adynyň aýdylmazlygyny soran ene käýindi.

ABŞ-Russiýa gatnaşyklarynyň pes derejede wagtynda, Baýden we Putin ilkinji sammitde duşuşýar

Azathabar.com 

Russiýa – ABŞ gatnaşyklary Sowuk uruşdan soňky geçen döwrüň dowamynda iň pes derejesinde galýan wagty, 16-njy iýunda Jo Baýden we Wladimir Putin Ženewada ilkinji sammitde duşuşýar. Duşuşyk ABŞ prezidentiniň rus kärdeşiniň ganhordygyna ynanýandygyny aýtmagyndan bary-ýogy bir aý soň geçirilýär. Şeýle-de, duşuşyk Putiniň Alekseý Nawalny ýaly oppozisiýa aktiwistlerini gysyp, hem-de garaşsyz mediany we hökümete degişli bolmadyk guramalary bogup, ýurduň syýasatynda agalygy berkidýän wagtyna gabat gelýär. Читать дальше...

Türkmen uçurymlary mekdepden göni goşuna alynýar

Azathabar.com 

Aşgabadyň mekdeplerinde 18 ýaşyny dolduran uçurymlar, sözüň hakyky manysynda mekdepden göni goşun gullugyna alnyp gidildi. Azatlygyň habarçylarynyň aýtmagyna görä, 15-nji iýunda paýtagtyň mekdeplerinde jemleýji synaglar geçirilipdir, uçurymlara ekzameni tabşyrmaga rugsat berlip, soň olar dessine harby we polisiýa işgärleri tarapyndan harby bölümlere äkidilipdir.

'Alladan geldi' diýip, iş hadysasynda ölenleriň öwez puluny tölemeýärler

Azathabar.com 

Bir hadysa bolanda, jogapkär taraplar köplenç "Alladan gelendir, adamyň etjek zady ýok" diýen töwellaçylyk bilen, betbagtçylyga uçran maşgalalary kanun esasynda berilmeli kömekden hem mahrum edýärler we bu iş esasan hukuk goraýjy edaralaryň jogapkär işgärleriniň arada durmagynda amala aşyrylýar.

ABŞ-Russiýa gatnaşyklary pes mahaly, Baýden we Putin ilkinji sammitde duşuşýar

Azathabar.com 

Russiýa – ABŞ gatnaşyklary Sowuk uruşdan soňky geçen döwrüň dowamynda iň pes derejesinde galýan wagty, 16-njy iýunda Jo Baýden we Wladimir Putin Ženewada ilkinji sammitde duşuşýar. Duşuşyk ABŞ prezidentiniň rus kärdeşiniň ganhordygyna ynanýandygyny aýtmagyndan bary-ýogy bir aý soň geçirilýär. Şeýle-de, duşuşyk Putiniň Alekseý Nawalny ýaly oppozisiýa aktiwistlerini gysyp, hem-de garaşsyz mediany we hökümete degişli bolmadyk guramalary bogup, ýurduň syýasatynda agalygy berkidýän wagtyna gabat gelýär. Читать дальше...

Türkiýäniň prezidenti Erdogan Daglyk Garabagda Bakuwyň gözegçiligindäki şähere sapar etdi

Azathabar.com 

Türkiýäniň prezidenti Rejep Taýýip Erdogan Daglyk Garabagyň Azerbaýjanyň gözegçiligi astyndaky bir bölegine sapar etdi. Bölünip aýrylan sebite ýanaşyk ýedi etrap bilen bilelikde bu ýer bölegini Baku geçen güýz ermeni güýçleri bilen arada bolan alty hepdelik uruşdan soň ele geçirdi.   Erdoganyň 15-nji iýunda amala aşyran sapary Ermenistanyň Daşary işler ministrligi tarapyndan “sebit parahatçylygyna we howpsuzlygyna garşy prowakasiýa” hökmünde ýazgaryldy. Sapar Erdogan bilen ABŞ prezidenti Jo Baýdeniň... Читать дальше...

'Alladan geldi' diýip, iş hadysasynda ölenleriň öwez puluny tölemeýärler

Azathabar.com 

Bir hadysa bolanda, jogapkär taraplar köplenç "Alladan gelendir, adamyň etjek zady ýok" diýen töwellaçylyk bilen, betbagtçylyga uçran maşgalalary kanun esasynda berilmeli kömekden hem mahrum edýärler we bu iş esasan hukuk goraýjy edaralaryň jogapkär işgärleriniň arada durmagynda amala aşyrylýar.

Ýewro – 2020 oýunlarynda paraşutly protestçiniň oýny başa barmady, tomaşaçylar ýaralandy

Azathabar.com 

Ýewro – 2020 futbol çempionatynda Fransiýa bilen Germaniýanyň arasynda 15-nji iýunda Mýunhende geçirilen duşuşygyň başlamagynyň öň ýany, bir daşky gurşawy goraýjy “greenpeace” protestçisi stadiona ýokardan paraşutly girip, stadionyň depesinde kameralar üçin çekilen simlere çolaşanda birnäçe adam ýaralandy. Paraşutçy stadionyň depesindäki simlere çolaşanda meýdança bölek-büçek zatlar gaçdy. Soňra ol ýere gondy. Howpsuzlyk işgärleri ony dessine meýdançadan çykardy. UEFA bu hadysada ýaralanan “birnäçe... Читать дальше...

“Ryanair” kompaniýasynyň başlygy howa giňişliginiň “syýasylaşdyrylmagyna” garşy duýduryş berdi

Azathabar.com 

“Ryanair” kompaniýasynyň ýerine ýetiriji direktory özüniň Belarusyň üstünden uçuşlaryň uzak möhletleýin gadagan edilmegine garşydygyny we bir ýurduň howa giňişliginiň syýasylaşdyrylmagynyň howplydygyny duýdurdy. Michael O'Leary “Ryanair” uçarynyň 23-nji maýda mejbury gondurylmagynyň ýalan bahana bilen amala aşyrylandygyny we munuň bilen “ähli halkara awiasiýa düzgünleriniň bilkastlaýyn bozulandygyny” aýtdy. Ýöne ol Belarusyň üstünden uçuşlary togtatmak baradaky halkara jogaby uzak möhletleýin berjaý etmegiň amatsyzdygyny aýtdy. Читать дальше...


Спорт в России и мире

Новости спорта


Новости тенниса
ATP

Хачанов: хочу вернуться в топ-10 ATP






Треть опрошенных россиян отложили решение брать потребкредит из-за высоких ставок в 2024 году

Болельщики тульского «Арсенала» могут бесплатно попасть на матч против «Химок»

Муфтий наградил 15-летнего мальчика, спасшего 100 человек из «Крокуса»

Что известно о продлении нацпроекта «Туризм и индустрия гостеприимства»?