ru24.net
World News in Turkmen
Июнь
2021

Новости за 17.06.2021

Lebapda tomus kanikullarynyň dowamynda gark bolan çagalaryň sany köpelýär

Azathabar.com 

Türkmenistanyň gündogarynda çagalaryň suwa gark bolmagy bilen bagly hadysalarynyň sany köpelýär. Lebap welaýatyndaky halas ediş gullugynyň wekilleriniň habar bermegine görä, tomus kanikulynyň başyndan bäri birnäçe etrapda azyndan 6 mekdep okuwçysy gark bolupdyr. Adatdan daşary ýagdaýlar komissiýasynyň ýerli gullugynyň işgärleri bilen söhbetdeş bolan habarçylarymyz sebitdäki ýagdaýyň käbir jikme-jikliklerini anykladylar.

Aşgabatlylar jokrama yssyda ýiti suw ýetmezçiligi bilen ýüzbe-ýüz bolýar

Azathabar.com 

Düýn agşam elita jaýlarynyň ýaşaýjylaryna suw getirdiler, bu jaýlaryň suwlary ýerzeminlerdäki howdanlardan alynýar. Bu howdanlara suw turbalar arkaly getirilip, zerurlyga görä, wagtly-wagtynda doldurylyp durýar. Diýmek, geçirijiler arkaly suw gelmändir, basyş ýeterlik däl diýip, habarçy aýtdy.

ÝB-niň Merkezi Aziýa boýunça ýörite wekili türkmen resmileri bilen duşuşdy

Azathabar.com 

16-njy iýunda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň başlygynyň orunbasary, Ýokary gözegçilik palatasynyň başlygy Serdar Berdimuhamedow bilen Ýewropa Bileleşiginiň Merkezi Aziýa boýunça ýörite wekili Piter Burian Aşgabatda duşuşdy. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň web-saýty habar berýär. Taraplar howpsuzlyk, energiýa, ulag, daşky gurşawy goramak we beýleki ulgamlarda hyzmatdaşlygy berkitmek bilen bagly pikir alyşdylar diýip, resmi habarda aýdylýar. Şeýle-de habara görä, türkmen... Читать дальше...

Serhetsiz reportýorlar Russiýanyň garaşsyz mediany ‘öldürýändigini’ duýdurýar

Azathabar.com 

Serhetsiz reportýorlar Russiýada garaşsyz medianyň “kem-kemden ýitirim edilýändigini duýdurýar we prezident Wladimir Putini Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosyny we beýleki habar guramalaryny nyşana almak üçin ulanylýan “çäklendiriji daşary ýurt agentleri kanunyny” ýatyrmaga çagyrýar. Düýbi Parižde ýerleşýän media hukuklaryna gözegçi gurama 16-njy iýunda çap eden beýanatynda düýbi Russiýada ýerleşýän Vtimes neşiriniň ýapylmagyny we düýbi Latwiýada ýerleşýän "Meduza" ýaly beýleki media serişdelerine abanýan töwekgelçilikleri mysal getirdi. Читать дальше...

ABŞ Kongresi gulçulygyň soňlanmagyny baýram edýän kanun taslamasyny kabul etdi

Azathabar.com 

ABŞ-nyň Wekiller öýi Birleşen Ştatlarda gulçulygyň soňlanmagynyň hatyrasyna 19-njy iýuny federal baýramçylyk senesi yglan edýän kanun taslamasyny köpüň goldamagy bilen kabul etdi. “Juneteenth” diýlip atlandyrylýan bu baýramçylyk senesi 1865-nji ýylda gulçulykdaky iň soňky afrikan amerikalylaryň gulçulykdan azat edilendiklerini eşiden senesidir. ABŞ-nyň köp ştatynda onsuz hem bu sene dynç güni hökmünde ykrar edilýär ýa-da resmi taýdan bellenip geçilýär, ýöne Kongresde kabul edilen kanun taslamasy bu senäni federal baýramçylyga öwürýär. Читать дальше...

Dowam edýän eldegirmesizligiň arasynda Owganystan asuda raýatlaryň öldürilmegini derňemäge çagyrylýar

Azathabar.com 

Amnesty International owgan häkimiýetlerini soňky wagtlarda parahat ilata uruş jenaýatlaryna barabar ganly hüjümleri yzly-yzyna amala aşyrýan jenaýatçylary derňemäge we olary jogapkärçilige çekmäge çagyrdy “Parahat ilatyň tas doly eldegirmesizlik bilen nyşana alynmagy peselmän dowam etdirilýär” diýip, düýbi Londonda ýerleşýän adam hukuklaryna gözegçi guramanyň Günorta Aziýa kampaniýaçysy Samira Hamidi 16-njy iýunda beren beýanatynda aýtdy. Onuň öň ýany bir hdepden gowrak wagtyň dowamynda Owganystan boýunça azyndan 24 asuda raýat öldürildi. Читать дальше...

Özbegistanda ýüpekçiler pile oruna pul tabşyrdylar

Azathabar.com 

Özbegistanda ýüpek gurçugyny idedýän daýhanlar pile şertnamasyny diňe kagyz ýüzünde amala aşyrdylar diýip habar berildi. Daýhanlar öz borçlaryny ýerine ýetirmek üçin, bir kilo piläniň ornuna 20-25 müň sum (2 - 2,4 dollar) tölemeli bolandyklaryny aýdýarlar. «Uzbekipaksanoat» birleşiginiň wekili ýüpek gurçuklaryndan pile almak baradaky öz borçnamasyny dolmakda, ýüpekçi daýhanlardan pile ornuna pul ýygnalandygyny inkär etmeýär. Azatlyk bilen habarlaşan daýhanlardan biri, şu ýyl Surhanderýa welaýatynyň... Читать дальше...

Belarusyň daşary işler ministri Protasewiçiň orsýetli halaşýan gyzynyň işi boýunça Lawrow bilen duşuşýar

Azathabar.com 

17-nji iýunda Belarusyň daşary işler ministri Uladzimer Makeý tussag edilen belarusly oppozisiýa aktiwisti Roman Protasewiçiň gyz dosty, orsýet raýaty Sofiýa Sapeganyň statusy boýunça iki günlük sapar bilen Moskwa barýar. Russiýa Makeýiň Moskwa daşary işler ministri Sergeý Lawrow tarapyndan belarus türmesinde wagtlaýyn tussaglykda saklanýan Sapeganyň ýagdaýyny maslahat etmek üçin çagyrylandygyny aýdýar. Lawrow we Makeý onuň işi boýunça 18-nji iýunda duşuşarlar. Belarus häkimiýetleri 23-nji... Читать дальше...


Спорт в России и мире

Новости спорта


Новости тенниса
WTA

Вторая ракетка Казахстана опустилась в чемпионской гонке WTA






В Якутии планируют построить автодорогу от Ленска в сторону Иркутской области

На подмосковных дачах ускорили мобильный интернет

Температура опустится до отрицательных значений в ночь на среду в Подмосковье

В Москве состоится уникальный конкурс, сочетающий красоту и интеллект «Мисс Право»