ru24.net
World News in Turkmen
Июнь
2021

Новости за 19.06.2021

Hepdäniň jemi #25 (19.06.2021 ý.)

Azathabar.com 

Hepdäniň esasy temalaryna gysgaça synymyzy; Hukuk goraýjy aktiwist we žurnalist Ogulsapar Myradowanyň galp aýyplamalar esasynda tussag edilmeginiň 15 ýyllygyna bagyşlanan ýörite gepleşigimizi diňläp, öz pikirleriňizi aýtmaga çagyrýarys.

Türkmenistanly erkek çagasyny halas etjek bolup, Waşington kölünde gark boldy

Azathabar.com 

Birleşen Ştatlarda ýaşaýan türkmenistanly Parahat Akyşow suwa ýykylan 4 ýaşly çagasyny halas etmäge synanyşyp, Waşington kölünde heläk boldy diýip, “The Seattle Times” habar berýär. Neşir onuň Seattle sebitinde ýaşaýan türkmen-türk jemagatynyň arasynda öz sahawatçylyk işleri bilen tanalandygyny belleýär. Gaýykdan suwa ýykylan çagany ýerli ýelken klubynyň topary halas edipdir, emma onuň kakasyny halas etmek synanyşyklary netijesiz gutarypdyr. 33 ýaşly Parahadyň jesedi dördünji gün tapylyp, bäşinji gün jaýlanypdyr. Читать дальше...

Fransuz polisiýasy ýygnanyşygy dargadanda 'örän gazaply çaknyşyk’ boldy

Azathabar.com 

Fransuz resmileri 18-19-njy iýun gijesinde polisiýa Brittanida bikanun şowhun-şagalaňy ýatyrmaga synanyşanda "örän gazaply çaknyşygyň" ýüze çykandygyny we bäş polisiýa işgäriniň, azyndan bir şagalaňçynyň ýaraly bolandygyny adýar. Rugsat berilmedik ýygnanyşyga 1500 töweregi adam gatnaşdy we olar Fransiýanyň demirgazyk-günbataryndaky Redon şäheriniň at çapylýan aýlawynyň golaýynda, agşam sagat 11:00-da başlanýan komendant sagadyna boýun egmedi. Gijeki komendant sagady COVID-19 pandemiýasyna garşy... Читать дальше...

Maryly sürüjiler prezidenti ‘özüni aldap, özi begenýän adam’ atlandyrýar

Azathabar.com 

Berdimuhamedow balkanly sürüji bilen gürleşip, “KAMAZ” awtoulagynyň 'ýük göterijiliginiň örän ygtybarlydygyny, berkdigini we ýerli howa şertlerine çydamlydygyny' anyklanyndan soň, bu ulaglaryň geljekde hem satyn alynjakdygyny aýtdy. Maryda ol awtoulaglar üçin öňünden 4000 manat 'şapka' soralýar.

Türkmenistan COVID-19 üçin serhet gözegçiligini 'has güýçlendirmek' kararyna geldi

Azathabar.com 

Türkmenistan COVID-19 pandemiýasyna garşy durmak boýunça ýene-de birnäçe wezipe kesgitläp, daşary ýurtlardaky aktiwsitleriň barha kän ýollaryň açylmagyna çagyrýan wagtynda, serhet geçelgelerinde alnyp barylýan gözegçilik işlerini has-da güýçlendirmek kararyna geldi. Azatlygyň habarçylary serhet geçelgelerinde daşarda galan ýurt raýatlarynyň, şol sanda okuwyny tamamlap, Türkmenistana geçjek bolýan studentleriň ýüzbe-ýüz bolýan kynçylyklary barada şu aýyň başynda hem habar beripdi. TDH-nyň maglumatyna görä... Читать дальше...

ABŞ-da 19-njy iýunda Gulçulygyň ýatyrylan güni bellenilýär

Azathabar.com 

Birleşen Ştatlarda şu gün ýurtdaky gulçulygyň resmi taýdan ýatyrylan güni ilkinji bellenilýär. ABŞ-nyň prezidenti Jo Baýden dördünji gün 19-njy iýunda ABŞ-da gulçulygyň ýatyrylmagyny federal baýramçylyk hökmünde ykrar etmek baradaky kanun taslamalaryna gol çekdi. Wekiller öýüniň mejlisinde geçirilen çekişmede tehasly demokrat Şeila Jekson Li 19-njy iýuny federal baýramçylyk hökmünde ykrar etmek baradaky kanun taslamasyny "Amerikanyň asyl günäsi bolan gulçulygyň soňlanmagyny hatyralamak" üçin hödürländigini aýtdy. Читать дальше...

Bäsdeşler Eýranyň prezident saýlawynda berk liniýaly Reýsiniň ýeňşini kabul edýärler

Azathabar.com 

Eýranda geçirilen prezident saýlawlarynda 60 ýaşly ruhanynyň, otuz ýyl öň hukuk toparlary tarapyndan adamzada garşy jenaýat etmekde aýyplanan kazyýet başlygy Reýsiniň ýeňiji bolmagy bilen, Amnesty International onuň ýitirim edilen adamlaryň ykbalynda oýnan rolunyň derňelmegi baradaky ozalky çagyryşlaryny gaýtalady. Emma Eýranyň syýasy we dini meselelerinde iň esasy ygtyýarlyga eýe bolan aýatolla Ali Hameneýi ses berişligi "duşman propagandasynyň" ýeňilmegi hökmünde häsiýetlendirdi. Konserwatiw... Читать дальше...

Özbegistanyň Milli howpszulyk gullugynyň öňki binasyny DIM başlygynyň ogly satyn aldy

Azathabar.com 

“Metropol Group”kompaniýasy Daşkentdäki Döwlet howpsuzlyk gullugynyň (DHG) öňki binasyny 210 milliard soma (19,5 million dollardan gowrak) satyn aldy diýip, özbek metbugaty habar berdi. Bu kompaniýany esaslandyryjy Özbegistanyň daşary işler ministriniň ogly Daniýar Kamilow diýip görkezilen. Özbegistanyň Döwlet howpsuzlyk gullugynyň Daşkendiň Saýilgoh köçesinde ýerleşýän öňki merkezi binasy, ozal habar berlişi ýaly, bir som başlangyç bahasy bilen köpçülikleýin auksiona çykaryldy.  Döwlet emläk dolandyryş gullugynyň habaryna görä... Читать дальше...


Спорт в России и мире

Новости спорта


Новости тенниса
WTA

Вторая ракетка Казахстана опустилась в чемпионской гонке WTA






Отказал Гузеевой и ушел в 27, так и не узнав о том, что стал отцом: трагичная судьба Никиты Михайловского

Спрос на овощи вырос в 4 раза. Что едят во время поста в регионах России

26 апреля, 2 и 5 мая в Москве перекроют часть улиц из-за репетиций парада Победы

На активы и счета замминистра обороны РФ Иванова и его семьи наложили арест