ru24.net
World News in Turkmen
Июнь
2021

Новости за 20.06.2021

Braziliýada COVID-19-dan ölenleriň sany 500 müňden geçdi, Russiýada näsaglaýan köpelýär

Azathabar.com 

Braziliýada COVID-19-dan ölenleriň sany 500 müňden geçdi we bu görkeziji ony wirusdan ýogalanlaryň sany boýynça ABŞ-dan soň ikinji ýurt ornunda goýýar. Bu aýylganç sepgitden 19-njy iýunda, müňlerçe çepçiniň Günorta Amerikan ýurdunda prezident Jeýr Bolsonaro we onuň pandemiýa garşy durmakdaky gowuşgunsyzlygyna garşy gurnalan protestlere goşulan wagtynda geçildi. Braziliýada takmynan 18 million adama koronawirus ýokuşdy. Takmynan 213 million ilatly ýurtda günde 100 müň töweregi täze näsag hasaba alynýar, 2000 adam bolsa bu dertden ölýär. Читать дальше...

Türkmenistanyň Moskwadaky ilçihanasynyň daşynda nobatçylyk edýän polisiýa işgäri öz janyna kast etdi

Azathabar.com 

Türkmenistanyň Moskwadaky ilçihanasynyň daşynda nobatçylyk çekýän polisiýa işgäri öz janyna kast etdi diýip, TASS habar gullugy habar berýär. Neşiriň Içeri işler ministrliginiň Moskwadaky edarasynyň metbugat gullugyna salgylanyp beren habaryna görä,  bu waka boýunça häzir barlag geçirilýär. "20-nji iýunda, Moskwa wagty bilen sagat 05: 02-de "02” gullugy raýatlardan polisiýa ofiseriniň ýaralanandygy barada habar aldy. Salgysy boýunça  Filippowskiý köçesindäki 22-nji jaýa gelen polisiýa işgärleri... Читать дальше...

Döwlet TW-si saýlaw ýeňijisini yglan etdi, Hameneýi tankytlanýan ses berişligi öwdi

Azathabar.com 

Eýranyň saýlaw resmileri 19-njy iýunda Ebrahim Reýsiniň esasan konserwatiw dalaşgärlerden ybarat bolan bäsleşikde 62% ses alyp, Eýranyň prezident saýlawynda ýeňendigini habar berdiler. Ýöne bu ses berişlige gatnaşygyň taryhy derejede pes bolandygy bellendi we bu ýagdaý ýurduň ruhanylar tarapyndan dolandyrylýan ýolbaşçylygyny we berk goralýan häkimiýet koridorlaryny tankytlaýanlar üçin ok-däri boldy. Berk barlagdan geçen we bary-ýogy dört dalaşgär bolup galan toparyň, şeýle-de saýlawyň boýkot... Читать дальше...

Ermeniler Azerbaýjan bilen söweş sebäpli ýüze çykan dartgynly saýlawda ses berýärler

Azathabar.com 

Ermenistanlylar geçen güýzde bölüniji sebit bolan Dagly-Garabag üstünde bolan alty hepdelik uruşdaky eňlişden soň dörän bir aýlyk syýasy kriziz netijesinde ýitileşen dartgynlyklar arasynda irki saýlawlarda ses berdiler.   Premýer-ministr Nikol Paşinýan noýabrda Moskwanyň töwellaçylygynda tamamlanan uruşdaky kararlylygyna garşy gurnalan dowamly oppozisiýa protestlerine we döwletiň içinde dörän nägilelige jogap edip, irki saýlawlaryň geçirilmegine çagyrdy. Saýlawlara 21 partiýa we dört bileleşik gatnaşýar. Читать дальше...


Спорт в России и мире

Новости спорта


Новости тенниса
ATP

Хачанов: хочу вернуться в топ-10 ATP






Перенос дат II этапа культурного проекта «Классика: история и современность» в Дмитрове

Geox и Юлия Высоцкая представили новую капсульную коллекцию

Общество: «Чего не сгубить, тому нету конца». Как «Пикник» играл в память о жертвах теракта

Свыше 400 специалистов ОПК примут участие в форуме в Реутове