ru24.net
World News in Turkmen
Июнь
2021

Новости за 22.06.2021

Türkmenistanda "pnewmoniýa" köpelýär, Awazada dynç alanlar kantinde bolmaly boldular

Azathabar.com 

Awazada dynç alýanlar Aşgabada gaýdyp gelenlerinden soň üç hepdelik karantinde bolmaly edildi. Bu barada Azatlyk Radiosynyň Türkmenistandaky birnäçe çeşmesi habar berdi. Bu aralykda, COVID-19 karantin zolaklarynda adamlar elhenç ýagdaýda saklanýarlar, ýurtda bolsa keselçiligiň täze tolkuny döredi, keselleýänleriň köpüsine dümew we pnewmoniýa diýlip diagnoz goýulýar.

Darganataly mehanizatorlar üç aý bäri özlerine hak tölenilmeýändigini aýdýarlar

Azathabar.com 

Darganatada Tehnikalara hyzmat ediş kärhanasynyň mehanizatorlary özleriniň mart aýyndan bäri eden işlerine hak tölenilmeýändigini aýdýarlar. Mehanizatorlar bu mesele boýunça ýerli häkimiýetlere şikaýat bilen ýüz tutupdyr, ýöne ýerli resmiler olaryň talabyny kanagatlandyrmaýar. Şu günler türkmen mediasy ýurtda kärendeçi daýhanlaryň, mehanizatorlaryň, şol sanda kombaýnçylaryň ähli şertlerden hoşaldyklaryny tekrarlaýar, ýöne Azatlyk Radiosynyň ýerli habarçysynyň maglumatlaryna görä, darganataly mehanizatorlar... Читать дальше...

Maryda ogurlyk hadysalary köpelýär

Azathabar.com 

Azatlyk Radiosynyň habarçysy bilen söhbetdeş bolýan maryly ýaşaýjylaryň we polisiýa işgärleriniň sözlerine görä, şu günler sebitde ogurlyk hadysalary köpelýär.

Türkmenistan Gyrgyzystana iň uly möçberde pomidorlary eksport etdi

Azathabar.com 

Türkmenistan şu ýylyň ýanwar-aprel aralygynda Gyrgyzystana pomidorlary iň uly möçberde eksport etdi. Bu barada Tazabek gyrgyz neşiri Statistika boýunça milli komitetiň sanlaryna salgylanyp habar berdi. Maglumata görä, 2021-nji ýylyň dört aýynyň dowamynda Türkmenistan Gyrgyzystana umumy bahasy 3,15 million dollara deň bolan, 2956,4 tonna pomidory eksport edipdir. Türkmen pomidorlary ýanwar-aprel aralygynda Gyrgyzystana import edilen pomidorlaryň 55%-ni düzdi. Bu aralykda, 7-nji iýunda Gazagystan... Читать дальше...

Çeçenistanyň döwlet telewideniýesiniň başlygy Kadyrowyň duşmanlaryny öldürmek bilen haýbat atýar

Azathabar.com 

Russiýanyň Çeçenistan respublikasynyň döwlet telewideniýesiniň direktory diýdimzor Ramzan Kadyrowyň “duşmanlaryna” garşy ölüm haýbatlaryny atdy. Groznynyň döwlet telewideniýe we radio gepleşikler edarasynyň başlygy Çingiz Ahmadow 21-nji iýunda Instagram hasabynda ýerleşdiren wideosynda “Ramzan Kadyrow bilen egin-egne” durandygyny aýtdy. “Eger-de kimde-kim ölümi hak eden bolsa, biz ony öldüreris. Eger-de söze zerurlyk bolsa, biz gerekli sözi aýdarys” diýip, ol belledi. Ahmadow “Ramzan Kadyrowyň duşmanlaryny çeçen halkynyň duşmanlary”... Читать дальше...

Gazak aktiwisti gadagan edilen DWK hereketi bilen ilteşigi üçin türmä höküm edildi

Azathabar.com 

Gazagystanyň paýtagty Nur-Soltanyň sudy ýurtda gadagan edilen Gazagystanyň Demokratik Saýlawy (DWK) hereketi bilen ilteşigi üçin bir aktiwisti 18 aý türme tussaglygyna höküm etdi. Bu DWK-niň we onuň ýarany “Köşe” (“Köçe”) partiýasynyň goldawçylaryna garşy alnyp barylýan basyşlaryň fonunda bolup geçdi. Sudýa 21-nji iýunda 44 ýaşly Askar Kaýyrbeke hökümi çykarmazdan ozal, onuň ekstremist toparynyň hereketlerini guramalaşdyrmakda we olara gatnaşmakda günäli tapylandygyny aýtdy. Kaýyrbekiň aklawçysy... Читать дальше...

ABŞ-nyň ilçisi şu hepde Moskwa dolanar

Azathabar.com 

ABŞ-nyň ilçisi Jon Sulliwan “şu hepde” Moskwa dolanar diýip, Döwlet departamentiniň metbugat wekili Ned Praýs 21-nji iýunda mälim etdi. Sulliwan mundan iki aý ozal, Birleşen Ştatlar bilen Russiýanyň arasyndaky gatnaşyklaryň dartgynlaşmagynyň arasynda, Moskwany terk edipdi. 16-njy iýunda Ženewada prezident Jo Baýdeniň özüniň rus kärdeşi Wladimir Putin bilen geçiren gepleşiklerinden soň, ilçileriň ýakyn wagtda wezipelerine dolanjakdygy yglan edilipdi. Russiýanyň ilçisi Anatoliý Antonow Birleşen Ştatlara 20-nji iýunda dolandy. Читать дальше...

"Bizi öýümize getiriň". Siriýadaky bosgunlar lagerinde galan täjik aýallary Emomali Rahmondan kömek soraýarlar

Azathabar.com 

Siriýadaky al-Hol bosgunlar düşelgesindäki täjigistanly aýallar ýaşaýyş şertleriniň çydap bolmajak derejede ýaramazdygyny aýdyp, Täjigistanyň ýolbaşçysy Emomali Rahmondan öz watanyna gaýdyp gelmegine mümkinçilik döretmegi haýyş etdiler. Esasan Siriýada we Yrakda “Yslam döwleti” toparynda söweşen söweşijileriň aýallary we çagalary birnäçe ýyl bäri Siriýadaky bosgunlar lagerlerinde ýaşaýarlar. «Lagerdäki şertler örän ýaramaz» Siriýanyň demirgazygyndaky iki sany bosgunlar lageri al-Holda hem-de Rožda 600-e golaý täjigistanly aýal we çaga bar. Читать дальше...


Спорт в России и мире

Новости спорта


Новости тенниса
Анастасия Павлюченкова

Павлюченкова не смогла выйти в четвертьфинал теннисного турнира в Руане






Мэр Москвы рассказал о благоустройстве стадиона «Локомотив» в Люблине

ВВС НАТО проводят учения истребителей в Латвии, предварительно установив ангары для сокрытия самолётов от спутниковой разведки

Эксперт Свежакова поделилась советами, как есть в заведениях со шведским столом

Большая арктическая экспедиция. Студент колледжа Максимчука прошел строгий отбор и отправился на Крайний Север