ru24.net
World News in Turkmen
Июнь
2021

Новости за 24.06.2021

Barlaglara görä, yslam dünýäsi Hytaýyň uýgurlara garşy alyp barýan global kampaniýasyna ‘işjeň gatnaşýar'

Azathabar.com 

1997-nji ýylda Pakistanyň hökümeti 14 uýgury deport etdi. Pekin olary aglaba ilaty musulmanlardan ybarat bolan Günbatar Hytaý welaýatyny, Sinjiangy ýurduň beýleki ýerlerinden bölüp aýyrmaga synanyşýan terrorçy bolmakda aýyplaýardy. Olar Pakistanyň Hytaý bilen serhetleşýän günorta çäginden geçen badyna, dessine jezalandyryldy. Bu waka uýgurlaryň Hytaýyň haýyşy boýunça daşary ýurtlardan ekstradisiýa edilmegine ilkinji dokumentleşdirilen mysal boldy. Bu Hytaýyň transmilli repressiýasynyň ewolýusiýasynda öwrüm nokadydyr diýip... Читать дальше...

Sadyr Japarow resmi sapar bilen Täjigistana we Türkmenistana barýar

Azathabar.com 

28-29-njy iýunda Gyrgyzystanyň prezidenti Sadyr Japarow resmi sapar bilen Täjigistana barýar. Bu barada 24-nji iýunda Täjigistanyň Daşary işler ministrligi habar berdi. Sadyr Japarowyň metbugat gullugy amala aşyryljak sapary tassyklady. Onuň maglumatlaryna görä, Täjigistanyň prezidenti Emomali Rahmon bilen ikitaraplaýyn gepleşikleriň geçirilmegine garaşylýar. Gepleşikleriň dowamynda iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygyň ugurlary we gyrgyz-täjik serhedi bilen bagly meseleler maslahatlaşylar. Japarow Täjigistana etjek saparynyň öňüsyrasynda... Читать дальше...

Türkmenistanda azyk önümleriniň bahasy ýokarlanýar, azyk kartoçkalary we subsidirlenen bahalar puja çykýar

Azathabar.com 

Aşgabatda subsidirlenen önümleriň satuwy iki aý bäri ýaşaýjylaryň öýlerine eltilip amala aşyrylýar, döwlet dükanlary bolsa, alyjylaryň nobata durmagynyň öňüni almak üçin, kesgitlenen bahadan azygy satmaýar. Şeýlelikde, bazar bahalarynyň yzygiderli galýan wagtynda ilat köpçüligine hökümetiň arzan bahadan wada beren azygyny satyn almagy umyt edip, garaşmak galýar. 23-nji iýunda Aşgabadyň käbir etraplarynyň ýaşaýjylary subsidirlenen bahalarda indiki azyk paýyny aldylar. Bir maşgala üçin niýetlenen... Читать дальше...

Eýran ýadro şertnamasyny täzeden dikeltmek barada umytly çykyş edýär

Azathabar.com 

Eýranyň wezipeden gidýän prezidenti Hassan Rohani dünýä güýçleri bilen Tähranyň arasynda 2015-nji ýylda gazanylan ýadro ylalaşygyny täzeden dikeltmek üçin taraplaryň arasyndaky esasy meseleleriň çözülendigini aýdýar, ýöne Germaniýa bilen Fransiýa päsgelçilikleriň dowam edýändigini duýdurýarlar. Rohani bu sözleri 23-nji iýunda geçirilen hökümet ýygnagynda aýtdy. Ýokary derejeli eýran resmileri aprelden bäri Wenada geçirilýän gepleşiklerde öňe gidişligiň gazanylýandygyna yşarat edýärler. Rohaniniň... Читать дальше...

Berdimuhamedowyň sapary Türkmenabadyň adaty durmuşyny togtatdy

Azathabar.com 

Çarşenbe güni prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Lebabyň Kerki şäherinde Halkara howa menziliniň hem-de Türkmenabatda “Türkmeniň ak öýi” binasynyň açylyş çäresi geçirildi. Tomsuň jokrama yssysynda, adatça bolşy ýaly, bu dabaralar hem köpçülikleýin mejbury çäreler, prezidentiň şahsyýet kultuny götergeleýän sahnalaşdyrylan oýunlar, tans toparlarynyň çykyşlary bilen utgaşdy, hatda Berdimuhamedowyň hem bortundaky uçarda aýdym-sazly şagalaň gurnaldy. Şol bir wagtda, Azatlygyň ýerli habarçylary... Читать дальше...

Talyban Gunduz şäheriniň daşyny gurşaýar, söweşijiler has köp etraby ele geçirýär

Azathabar.com 

Talyban 23-nji iýunda Owganystanyň Täjigistan bilen esasy serhet geçelgesinde gözegçiligi ele geçirdi. Topar demirgazyk Gunduz şäheriniň eteklerine hüjüm edýär, ele geçirýän çäklerini giňeldýär. 11-nji sentýabrda bellenen möhletden öň ABŞ ýolbaşçylygyndaky halkara güýçler Owganystandan yza çekilýän mahaly, jeňçiler soňky hepdelerde onlarça etrabyň gözegçiligini hökümetden ele geçirýär. 23-nji iýunda ABŞ Kongresinde eden çykyşynda, Bilelikdäki ştabyň başlygy general Mark Milleý 419 etrapdan 81... Читать дальше...

Burýatiýa respublikasy COVID-19 çäklendirmelerini girizdi, Fransiýa Russiýany ‘Gyzyl sanawa’ goşdy

Azathabar.com 

Günorta Sibirdäki Burýatiýa respublikasy koronawirus ýokanjynyň ýaýramagyny haýallatmak üçin petikleme çärelerini girizdi. Russiýada COVID-19 hadysalary gürelýär, şol sebäpden Fransiýa bu ýurdy syýahat çäklendirilen ýurtlaryň “gyzyl sanawyna” goşdy. Burýatiýa häkimiýetleri petiklemeleriň 27-nji iýunda başlajakdygyny we iki hepde dowam etjekdigini aýtdy. Petiklemeler azyk dükanlary we dermanhanalar ýaly möhüm kärhanalardan başga ähli edara-kärhanalaryň işine täsir eder. Şu aý Russiýada COVID-19 hadysalary birden ýokarlandy. Читать дальше...


Спорт в России и мире

Новости спорта


Новости тенниса
WTA

Шнайдер проиграла Бадосе на старте турнира WTA в Штутгарте






Культурный центр «Интеграция» проведет большой отчетный концерт

Аксенов: в Крыму ради безопасности не проведут Парад Победы и «Бессмертный полк»

Более 30 мировых премьер вошло в программу 46-го ММКФ

Психолог Игонина: при выборе хобби важно опираться на желания и мечты