ru24.net
World News in Turkmen
Сентябрь
2021

Новости за 06.09.2021

Gara bazarda dollar 22 manada çenli aşaklady

Azathabar.com 

Türkmenistanda walýutanyň gara bazarynda dollaryň bahasy duýdansyz 30% pese gaçdy. Türkmenbaşy şäherinde hepdäniň ahyryna çenli 34 manat töwereklerinde bahalanan dollar 6-njy sentýabrda 22 manada çenli aşaklady. Edil şuňa meňzeş ýagdaýy Aşgabatda hem synlasa bolýar. Habarçymyzyň sözlerine görä, walýutanyň gara bazar söwdasyny edýän telekeçiler dollaryň bahasynyň pese gaçmagynyň sebäpleri barada takyk bir zat aýtmaýarlar. Käbir telekeçiler munuň sebäplerini koronawirus çäklendirmeleri zerarly söwda nokatlarynyň we dükanlaryň ýapylmagy... Читать дальше...

BMG edarasy Türkmenistanda suw resurslaryna agram düşýändigini duýdurýar

Azathabar.com 

Birleşen Milletler Guramasynyň (BMG) Azyk we oba hojalyk boýunça edarasynyň täze hasabaty Türkmenistanda we Özbegistanda suwdan peýdalanmagyň geriminiň “aýgytly” derejä ýetendigini duýdurýar. Guramanyň hasabatyna görä bu ýurtlarda suw resurslaryna çenden aşa agram düşýär. Howanyň global ýagdaýda ýylamagy oba hojalygynyň önümçilik ulgamlarynyň suw üpjünçiligine ýaramaz täsir ýetirýär. Dünýäniň köp künjeginde ygalyň mukdary we yzygiderliligi üýtgedi, guraklyk we suw joşmalary köpelýär we netijede... Читать дальше...

Marynyň hassahanalary paýtagta kislorod iberýär we ölenleriň jesetlerini çykarmaga ýetişmeýär

Azathabar.com 

Marynyň lukmançylyk edaralarynyň paýtagta kislorod balonlaryny ibermegi guralýar. Şol bir wagtyň özünde ýerli hassahanalaryň özlerinde kislorod ýetmezçilik edýär, dermanlaryň we beýleki lukmançylyk enjamlarynyň ýiti zerurlygy saklanýar. Koronawirusdan ölýänleriň sany köp. Bu aralykda Aşgabatda ýas çäreleri gadagan edilýär. Şu günki ýagdaýar barada Azatlyk Radiosynyň Türkmenistandaky habarçylary gürrüň berýär.

Orta mekdeplerde okuwlar duýdansyz gaýtadan başlady

Azathabar.com 

Türkmenistanda COVID-19 hadysalary ozal görlüp-eşidilmedik derejede gürelýän mahaly, ýurduň orta mekdeplerinde ýokary synp okuwçylar üçin yza süýşürilen sapaklar 6-njy sentýabrda, garaşylmadyk ýagdaýda, gaýtadan başlady. Bu barada Azatlyk Radiosynyň habarçylary Aşgabatdan we Marydan maglumat berýärler.

Lebap: Dabara bilen açylýan täze desgalar boş durýar

Azathabar.com 

Lebapda geçen iýunda bir halkara aeroport we bir sany äpet ak öý ulanylmaga berildi. Ýöne aeroport henize çenli doly işlemeýär, "Ak öýüň" durmuş ähmiýeti ýerli ýaşaýjylarda sorag döredýär.

BMG: Türkmenistanda suwdan peýdalanmagyň gerimi “aýgytly” derejä ýetdi

Azathabar.com 

Türkmenistanda we Özbegistanda suw resurslaryna çenden aşa (100%-den hem köp) agram düşýär diýip, BMG-niň azyk we oba-hojalyk boýunça edarasynyň bilermenleri duýdurýarlar. Howanyň global ýagdaýda ýylamagy oba hojalygynyň önümçilik ulgamlarynyň suw üpjünçiligine ýaramaz täsir ýetirýär. Dünýäniň köp künjeginde ygalyň mukdary we yzygiderliligi üýtgedi, guraklyk we suw joşmalary köpelýär we netijede suw ýetmezçiligi we suw resurslary ugrunda bäsdeşlik artýar diýip, 26-njy awgustda BMG-niň resmi websaýtynda çap bolan hasabatda aýdylýar. Читать дальше...

"Horasanyň yslam döwleti": olar aýratyn näme görkezýärler we näme gazanýarlar?

Azathabar.com 

Kabul aeroportunyň golaýynda müňlerçe adam Owganystandan çykmak umydy bilen howa menziliniň çägine girmäge synanyşýarka, janyndan geçeniň terrorçylykly hüjümiň jogapkärçiligini öz üstüne alan “Horasanyň yslam döwleti" topary barada nämeler mälim? "Yslam döwleti" ekstremist toparyndan gelip çykan "Horasanyň Yslam döwleti" (gysgaça – YD-H, ýa-da "Horasan Welaýaty") Owganystandaky parahat ilata garşy amala aşyrylan iň ganly hüjümleriň arkasynda durýar, olar 26-njy awgustda Kabul howa menzilinde janyndan... Читать дальше...



Belarus oppozisiýa wekilleri Kalesnikawa we Znak uzak möhletli türme tussaglygyna höküm edildi

Azathabar.com 

Belarus oppozisiýanyň iki sany görnükli wekili, Mariýa Kalesnikawa we Maksim Znak dildüwşük aýyplamalary esasynda uzak möhletli türme tussaglygyna höküm edildi. 6-njy sentýabrda sud Kalesnikawany 11 ýyl, Znaky hem 10 ýyl türme tussaglygyna höküm etdi. Olar häkimiýeti ele geçirmek maksady bilen dildüwşüge girmekde, milli howpsuzlygy syndyrmak üçin herekete geçmek boýunça çagyryşlary etmekde, şeýle-de milli howpsuzlygy syndyrmak üçin ekstremistiki topary döretmek synanyşygynda günäli tapyldylar.... Читать дальше...

Türkmenistanyň halk artisti Roza Turaýewa aradan çykdy

Azathabar.com 

3-nji sentýabrda Aşgabatda opera aýdymçysy, Türkmenistanyň halk artisti Roza Turaýewa 84 ýaşynyň içinde aradan çykdy. Bu barada ashgabat.in internet neşiri habar berýär. Maglumatda ölümiň sebäbi aýdyňlaşdyrylmaýar. Roza Saparowna Turaýewa 1938-nji ýylda Maryda doguldy. Ol 1960-njy ýylda Magtymguly adyndaky opera we balet teatrynyň ýanyndaky ýöriteleşdirilen saz mekdebini tamamlady. Okuwyndan soň we 1989-njy ýyla çenli Magtymguly adyndaky opera we balet teatrynda 30 ýyl töweregi zähmet çekdi. Ol Werdiniň “Trawiate” we “Rigoletto”... Читать дальше...

Sebit ýurtlarynyň Owganystan boýunça ýörite wekilleriniň duşuşygy geçirildi

Azathabar.com 

Ýekşenbe güni Owganystanyň goňşy döwletleriniň bu ýurt boýunça ýörite wekilleriniň onlaýn duşuşygy geçirildi. Pakistanyň Owganystan boýunça ýörite wekili Mohammad Sadikiň ýolbaşçylygyndaky geçirilen maslahata Hytaýyň, Eýranyň, Täjigistanyň, Türkmenistanyň we Özbegistanyň wekilleri gatnaşdy diýip, Pakistanyň Daşary işler ministrliginiň beýanatynda aýdylýar. Türkmenistanyň daşary syýasat edarasy türkmen tarapyna daşary işler ministriň orunbasary Wepa Hajiýewiň wekilçilik edendigini, şeýle-de maslahatyň... Читать дальше...

BMG resmisi Owganystana ynsanperwerlik kömeginiň dowam etdiriljekdigini söz berdi

Azathabar.com 

BMG-niň gumanitar edarasynyň başlygy 5-nji sentýabrda Kabulda “Talybanyň” ýokary derejeli resmileri bilen gepleşik geçirenden soňra, owgan halkyna ýardamyň dowam etdiriljekdigini söz berdi. “Talybanyň” metbugat wekili Suhaýil Şahiniň sözlerine görä, BMG-niň baş sekretarynyň gumanitar işler boýunça orunbasary Martin Griffits bu barada “Talybanyň” esaslandyryjylarynyň biri we syýasy başlygy Molla Abdul Gani Baradar, şeýle-de beýleki wekilleri bilen geçiren gepleşiklerinden soň mälim edipdir. Şahin... Читать дальше...

G-20 saglyk ministrleri COVID-19 waksinalarynyň paýlanmagyny maslahat edýärler

Azathabar.com 

G-20 toparyna agza döwletleriň saglyk ministrleri COVID-19 waksinalarynyň has deň paýlanmagyny gazanmak boýunça özara işleşmäge ylalaşdylar. Ministler bu barada 5-nji sentýabrda Rimde başlanan iki günlük duşuşygyň çäklerinde mälim etdiler. Maslahatyň dowamynda koronawirus pandemiýasyny jylawlamak boýunça global derejede amal edilmeli nobatdaky ädimler barada gürrüň ediler. Italiýanyň saglyk ministri Roberto Speranza topar boýunça beýleki kärdeşleriniň “Rim pakty” diýlip hem atlandyrylýan çäreler... Читать дальше...


Спорт в России и мире

Новости спорта


Новости тенниса
WTA

Российская теннисистка Калинская покинула WTA-1000 из-за проблем со здоровьем






Панда Катюша уедет в Китай в поисках «жениха»

Александр Новиков поручил «Зеленстрою» отреставрировать стелы городов-героев в Смоленске

Жительница Нижнего Новгорода убила мужа и попыталась воскресить его святой водой

В усадьбе «Измайлово» открылась выставка строгановской школы керамики