ru24.net
World News in Turkmen
Сентябрь
2021

Новости за 09.09.2021

COVID-19 we Türkmenistan: berk çäklendirmeler we ýokary ölüm derejesi saklanýar

Azathabar.com 

Türkmenistanda koronawirus hassalarynyň arasynda ölüm derejesi ýokary bolmagynda galýar. Hökümet resmileriniň arasynda hem keselçilik ýagdaýlary bar bolsa-da, häkimiýetler COVID-19-yň ýurtda ýaýramagyny we onuň netijelerini boýun almaýarlar. Emma resmilerden tapawutlylykda ilatyň aglaba köpçüligine lukmançylyk kömegi elýeterli däl.

Häkimiýetler un ýetmezçiligini tamdyr çöregini satýanlara garşy göreşmek bilen çözmäge synanyşýar

Azathabar.com 

Balkan welaýatynyň häkimiýetleri ýurtda dowam edýän un we çörek ýetmezçiligini tamdyr çöregini bişirip satýan raýatlara garşy göreşmek bilen çözmäge synanyşýar. Şeýle-de, häkimiýetler käbir çörek dükanlarynda “paýok unlarynyň ogurlanmagy bilen bagly” derňew işlerini geçirýär. Bu ýagdaýlar barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy ýurduň günbatar welaýatyndan habar berýär.

Özbek prezidenti oktýabrda geçiriljek saýlawda ikinji möhlet üçin dalaşgärlige hödürlenýär

Azathabar.com 

Özbegistanyň prezidenti Şawkat Mirziýoýew Özbegistanyň hökümete tarapdar liberal demokratik partiýasy tarapyndan indiki aýda geçiriljek saýlawda ikinji möhlete dalaşgärlige hödürlenýär. Mirziýoýew partiýanyň 9-njy sentýabrda Daşkentde geçiren gurultaýynda dalaşgärligi  kabul edip,  Merkezi Aziýanyň iň köp ilatly döwletinde has köp reforma geçirmegi wada berdi. Aktiwistler onuň 35 million ilatly ýurda ýolbaşçylyk eden ilkinji  möhletinde wada beren özgerişliklerini amala aşyrmandygyny, başga pikirlileri... Читать дальше...

Owganystan boýunça ministrler derejesinde geçirilen duşuşyklara türkmen ministriniň orunbasary gatnaşdy

Azathabar.com 

Türkmen DIM-niň emeldary 8-nji sentýabrda Owganystan boýunça daşary işler ministrleri derejesinde geçirilen wideoşekilli maslahatlara gatnaşdy. Bu habar Türkmenistanyň daşary işler ministri Reşit Meredowyň COVID-19 bilen keselländigi barada syzyp çykan maglumatyň yz ýanyndan çap edildi. Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň web sahypasy ABŞ-nyň we Germaniýanyň daşary syýasat edaralary tarapyndan öňe sürlen wirtual söhbetdeşlige dünýäniň 20-den gowrak döwletiniň daşary işler ministrleriniň... Читать дальше...

Moskwa sebitinde gaz partlamasyndan ölenleriň sany ýedi adama ýetdi

Azathabar.com 

Moskwa sebitindäki köp gatly jaýda bolan gaz partlamasynda ölenleriň sany ýedi adama ýetdi. Moskwanyň golaýyndaky Noginsk şäheriniň gyssagly kömek işgärleri halas ediş toparlarynyň 9-njy sentýabrda ýene iki jesedi tapandygyny aýtdy. 8-nji sentýabrda, dokuz gatly ýaşaýyş jaýynyň üç gatyny ýumran partlamadan soň resmiler bu ýerde iki adamyň ölendigini, azyndan bäş adamyň dereksiz ýitendigini aýtdylar. Günüň ikinji ýarymynda halas ediş toparlary harabalaryň aşagyndan ýene üç jesedi tapdylar. Resmiler 17 adamyň ýaralanandygyny aýtdy. Читать дальше...

Demirgazyk Makedoniýanyň COVID-19 hassahanasynda azyndan 14 adam öldi

Azathabar.com 

Demirgazyk Makedoniýanyň häkimiýetleri koronawirus näsaglary üçin gurlan wagtlaýyn merkezde dörän ýangynyň azyndan 14 adamyň ölümine sebäp bolandygyny aýtdylar. Ýangyn 8-nji sentýabrda, demirgazyk-günbatar Tetowoda COVID-19 näsaglaryny bejermek üçin ulanylýan bloklarda bolan partlamadan soň ýüze çykdy. "Tetowo COVID-19 merkezinde ullakan betbagtçylyk boldy"  diýip, premýer-ministr Zoran Zaýew twitterde ýazdy. "Partlama bolup, ýangyna  sebäp boldy. Ýangyn söndürildi, ýöne köp adam ýitirdik" diýip, ol sözüniň üstüni ýetirdi. Читать дальше...

“Talyban” protestleri gadagan edýär, sportçy aýallar hökümetiň ugrundan howatyrlanýar

Azathabar.com 

Söweşijiler "häzirlikçe" demonstrasiýalary gadagan edip, aýal-gyzlaryň sport bilen meşgullanmagynyň gadagan edilip bilinjekdigini görkezensoň, talyp weteranlarynyň ýolbaşçylygyndaky Owganystanyň täze hökümetiniň barýan ugry baradaky aladalar artýar. "Talyban" 7-nji sentýabrda, häkimiýeti yzyna alandan üç hepde soň, "Owganystanyň Yslam Emirliginiň" ählisi erkek we aglabasy weteran söweşiji bolan hökümetini yglan edip, “Talybanyň” ikinji dolandyryşy ýigrimi ýyl öňküsinden azrak çäklendiriji bolar... Читать дальше...

Ep-esli agramyny ýitiren Kim Çen Un Demirgazyk Koreýanyň harby paradyna gatnaşdy

Azathabar.com 

Demirgazyk Koreýa respublikanyň döredilmeginiň 73 ýyllygy mynasybetli gijeki parad geçirildi diýip, döwlet habar gullugy (KCNA) habar berýär. Lider Kim Çen Un 9-njy sentýabrda paýtagt Phenýanyň Kim Il Sung meýdançasynda geçirilen çärä gatnaşdy. Demirgazyk Koreýa mundan öňki harby paradlaryny täze ýaraglaryny we raketa ulgamlaryny görkezmek üçin peýdalanypdy. Emma bu gezekki çäräniň çap edilen suratlarynda goşun paradyna goşulan täze harby ulgamlar görünmedi. Demirgazyk Koreýany öwrenýän synçylar... Читать дальше...

Lukaşenka Putin bilen “döwlet bileleşigi” barada gepleşmek üçin Moskwa barýar

Azathabar.com 

Belarusyň awtoritar dolandyryjysy Aleksandr Lukaşenka 9-njy sentýabrda rus prezidenti Wladimir Putin bilen şu ýyldaky bäşinji ýüzbe-ýüz duşuşygyna gatnaşmak üçin Moskwa barýar. Bu sapar iki lideriň Belarusyň özygtyýarlylygyny düýpli kemeltjek ylalaşyga gol çekmek ähtimallygy baradaky çaklamalaryň güýçlenen wagtynda edilýär. Belarusyň Russiýadaky ilçisi ýaňy-ýakynda Minsk bilen Moskwanyň ýigrimi ýyl bäri gepleşýän bileleşik şertnamasynyň ýol kartasy diýilýäniň ähli baplarynyň tasdan doly taýýar... Читать дальше...


Спорт в России и мире

Новости спорта


Новости тенниса
WTA

Рыбакина, наряду со Свёнтек, имеет 70% побед на WTA-1000 против соперниц из топ-10






Теракт в «Крокус Сити Холле». Главное на утро 29 марта

В Подмосковье госпитализировали с инсультом ведущего передачи "Такси" на ТНТ

Ключевые задачи: Ефим Басин об ипотеке, импортозамещении и престиже профессии

Юные хоккеисты из Балашихи посетили мастер-класс профессиональных спортсменов клуба «Витязь»