ru24.net
World News in Turkmen
Сентябрь
2021

Новости за 10.09.2021

"Turkmen.news" çagyrylyp getirilen žurnalistiň Aşgabada goýberilmändigini aýdýar

Azathabar.com 

4-nji sentýabrda Türkmenistana tanymal rus žurnalisti, TASS agentliginiň baş direktorynyň birinji orunbasary Mihail Gusman geldi diýip, "Turkmen.news" öz çeşmelerine salgylanyp habar berýär. Aýdylmagyna görä, žurnalist prezident Gurbanguly Berdimuhamedowdan interwiýu almak üçin, resmi Aşgabadyň iberen uçarynda gelipdir we ýurda goýberilmän, 5-nji sentýabrda, gelen uçarynda yzyna ugradylypdyr. Hakykatda yzyna 7-nji sentýabrda dolanmaly žurnalist, garaşsyz neşiriň Türkmen DIM-indäki çeşmesiniň sözlerine görä... Читать дальше...

Balkanly eneler çagalara berilýän kömek pulunyň bir guty emeli süýde-de ýemeýändigini aýdýarlar

Azathabar.com 

Türkmenistanda dowam edýän ýiti ykdysady kynçylyklaryň, azyk gytçylygynyň we gymmatçylygynyň arasynda, balkanly eneler döwlet tarapyndan çagalara berilýän kömek pulunyň juda azlygyndan şikaýat edýärler. Olar bu puluň bazar sebedine düýbünden kybapdaş gelmeýändigini aýdyp, oňa bir guty emeli süýt hem satyn alyp bolmaýandygyny belleýärler. Bu aralykda, barha güýçlenýän koronawirus aladalary sebäpli girizilen hereket çäklendirmeleriniň arasynda, bazarlarda käbir azyk harytlarynyň bahasy has-da gymmatlaýar. Читать дальше...

COVID-19 çagalaryň ölümine sebäp bolýar, derman hemmä elýeterli däl

Azathabar.com 

COVID-19 Türkmenistanda ilatyň ölümine sebäp bolýar. Şu günler näsaglaryň we ölýänleriň arasynda çagalar hem bar. Bu döwürde lukmançylyk hyzmatlary barha köp adama elýeterli bolmaýar we derman bahalarynyň ýokarlanmagyny dowam edýär. Bu barada Azatlyk Radiosynyň Türkmenistandaky habarçylary habar berýärler. Hökümet bolsa, koronawirus ýurtda henizem ýok diýýär.

"Göwün joşýar"- Aşgabatda çäklendirmeleriň öňýany konsert geçdi

Azathabar.com 

Koronawirus çäklendirmeleri türkmen paýtagtynyň medeni durmuşyna-da täsir etdi. Planlaşdyrylan konsertler ýatyryldy. Häzirki berk çäklendirmelerden öňki täsirli medeni wakalaryň biri, Birinji seýilgähiň Medeniýet merkezinde geçirilen "Göwün joşýar" atly konserti boldy. Azatlyk Radiosynyň bu aýdym-saz çäresine tomaşaçy bolan habarçysy Aşgabatdan habar berýär.

BMG "Talybanyň" protestlere barha gazaply garşylygyny ýazgarýar, krizis barada duýdurýar

Azathabar.com 

Birleşen Milletler Guramasy “Talybanyň” parahatçylykly protestlere barha gazaply garşylygyny ýazgaryp, halkara jemgyýetçiligini Owganystanda “Talybany” ýolbaşçylygyndaky hökümet bilen gepleşiklerini dowam etdirmäge çagyrdy. BMG-niň bu çagyryşy uruşdan ejir çekýän ýurt “ykdysady çökgünlige” golaýlaýan mahalyna gabat gelýär. BMG-niň adam hukuklary edarasynyň metbugat wekili 10-njy sentýabrda beren maglumatynda ýaragly söweşijileriň “Talybanyň” ýolbaşçylygyndaky administrasiýa garşy demonstrasiýa... Читать дальше...

Aşgabat türkmen demir ýollary arkaly täjik ýükleriniň geçirilmegini dikeltmäge razy boldy

Azathabar.com 

Täjigistanyň Transport ministrliginiň habaryna görä, Aşgabat Täjigistanyň harytlarynyň we beýleki döwletlerden Täjigistana gelýän ýükleriň Türkmenistanyň demir ýollary arkaly üstaşyr geçirilmeginiň dikeldilmegine rugsat berdi. Emma muňa garamazdan, Täjigistan harytlarynyň Türkmenistanyň çäginden gury ýer ulaglary bilen üstaşyr geçirilmegi baradaky çäklendirmeler heniz güýjünde galýar. Täjigistanyň Transport ministrliginiň wekili Farruh Nematzoda 10-njy sentýabrda Ozodi radiosyna beren interwýusynda... Читать дальше...

Harmana iň az pagta tabşyrýan Balkan ýygym işlerine welaýatlardan gelenleri, arakhorlary we ten söwdasyny edýänleri mejbury çekýär

Azathabar.com 

Türkmenistanda nobatdaky pagta ýygym möwsümi dowam edýär. Türkmen häkimiýetleri bu ýyl mejbury ýygym işlerine diňe býujet işgärlerini, esgerleri, okuwçylary we aliment bergisi bolan raýatlary çekmek bilen çäklenmeýär. Şu günler Balkanyň häkimiýetleri bu işlere ýurduň beýleki sebitlerinden welaýata gelip işleýän raýatlary, şeýle-de arakhorlary we ten söwdasy bilen meşgullanýanlary hem mejbury gatnaşdyrýar. Bular barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy welaýatdan habar berýär.

Gara bazarda dollar ýene gymmatlady: Aşgabatda 30 manat, Türkmenbaşyda 32 manat

Azathabar.com 

Paýtagt Aşgabadyň gara bazarynda dollaryň bahasy 30 manat 40 teňňä çenli ýokarlandy. Günbatar Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäherinde 1 dollar 32 manada çenli gymmatlady. Azatlyk Radiosynyň habarçylary walýutanyň gara bazar bahalary barada ýurduň dürli künjeklerinden habar berýärler.    Paýtagtly habarçynyň maglumatlaryna görä, Aşgabadyň gara bazarynda bir dollar 30 manatdan satyn alynýar, 30 manat 40 teňňeden satylýar.   Balkanly habarçy Türkmenbaşy şäherinde 10-njy sentýabrda dollaryň gara... Читать дальше...

RSF: Amnistiýa edilmese, täjik žurnalisti Saýfullozoda türmede ölüp biler

Azathabar.com 

Metbugat azatlygyna gözegçilik edýän Serhetsiz habarçylar (RSF) guramasy Täjigistany prezidentiň köpçülikleýin amnistiýasy arkaly azat edilmeli müňlerçe tussagyň sanawyna syýasy sebäpler esasynda alty ýyl bäri türmede oturan 70 ýaşly žurnalisti hem goşmaga çagyrýar. Düýbi Parižde ýerleşýän guramanyň 9-njy sentýabrda çap eden beýanatynda Täjigistanda gadagan edilen Yslam Galkynyş partiýasynyň agzasy bolan Hikmatullo Saýfullozodanyň "juda agyr şertlerde saklanýandygy" we "köp saglyk problemasynyň bardygy" aýdylýar. Читать дальше...

Öten agşamky uçarda onlarça etniki gazak Kabuldan Gazagystana getirildi

Azathabar.com 

“Talybanyň” häkimiýeti ele geçirmegi bilen, ýurtlaryň uruşdan tozan Owganystandaky adamlary ol ýerden alyp çykmagy dowam etdirýän wagtynda, Gazagystan etniki gazak bolan owgan raýatlarynyň  toparyny Kabuldan Merkezi Aziýa döwletine ewakuasiýa edendigini aýtdy. Gazagystanyň Daşary işler ministrligi 9-njy sentýabrda Almaty howa menzilinde gonan harby ýük uçarynyň 35 sany owganystanly gazagy alyp gelendigini aýtdy. Daşary işler ministrliginiň metbugat sekretary Aýbek Smadiýarowyň Azatlyk radiosyna beren habaryna görä... Читать дальше...

Baýden pandemiýa garşy göreşmek üçin giň gerimli sanjym çäresini yglan edýär

Azathabar.com 

Prezident Jo Baýden 100 million çemesi amerikan raýatyna täsir edýän sanjym bökdençligini aradan aýyrmak üçin, gapma-garşylykly syýasatyň çäginde, giň gerimli sanjym mandatyny yglan etdi, tankytçylar onuň öz ygtyýarlylyklaryny aşa ýokarlandyrandygyny aýdýarlar. Baýden 9-njy sentýabrda Ak tamda eden çykyşynda aýlap elýeterli bolandygyna garamazdan, ýokary ýokançlygy bolan delta görnüşiniň wirus ýokuşanlary, hassahana düşýänleri we ölýänleri aşa köpeldýän wagtynda hem sanjym edilmedik 80 million çemesi amerikalyny tankytlady. Читать дальше...

Ýörite wekil: "Talybana" serişde berilmese, Owganystana “dargamak” howpy abanýar 

Azathabar.com 

Owganystana barýan pul akymynyň “Talybanyň” eline düşmezligi üçin kesilmegi ýurda we ykdysadyýete çökmek howpuny salýar diýip, BMG-niň wekili duýdurdyş berýär. Fundamentalçy toparyň gozgalaňçylykdan ýurdy dolandyrmaga geçmäge synanyşýan wagtynda “Talybana” bir pursat berilmeli diýip, BMG-niň Owganystan boýunça ýörite wekili Debora Laýons (Deborah Lyons) 9-njy sentýabrda Howpsuzlyk geňeşine ýüzlenip aýtdy. "Ykdysadyýetiň we jemgyýetçilik tertibiniň doly bozulmagynyň öňüni almak üçin Owganystana... Читать дальше...


Спорт в России и мире

Новости спорта


Новости тенниса
Елена Рыбакина

Прямая трансляция первого матча Елены Рыбакиной на турнире в Штутгарте






Три ДТП на ж/д переездах произошло в Подмосковье с начала года

СК: обвиняемых в нападении на мужчину в Москве заключили под стражу

Школьники из Подмосковья победили на Всероссийской олимпиаде по русскому языку

Пять новых пешеходных тропинок появятся во Фрязино