ru24.net
World News in Turkmen
Сентябрь
2021

Новости за 11.09.2021

"Talyban" kömege garaşýar, Aşgabat geçiriji gurmakçy, bilermen 'bolmaz' diýýär

Azathabar.com 

“Talybanyň“ resmi wekili Zabiulla Mujahid 9-njy snetýabrda twitterde öz toparynyň Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyga we türkmen hökümetiniň Owganystanyň halkynyň abadançylygyny pugtalandyrmak tagallalaryna oňyn garaýandygyny aýtdy; Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bolsa, 10-njy sentýabrda geçiren hökümet mejlisinde TOPH taslmasyny agzmana, Türkmenistan-Owganystan-Pakistan elektrik geçiriji ulgamyny gurmak işini dowam etdirmegiň zerurdygyny nygtady. Şu aralykda synçylaryň käbiri Türkmenistanyň... Читать дальше...

Hepdäniň jemi #37 (11.09.2021 ý.)

Azathabar.com 

Hepdäniň esasy temalaryna gysgaça synymyzy; Türkmenistanyň prezidentiniň nobatdaky atly gezelenjiniň çak edilýän ‘manysy’ we türkmen ykdysadyýetiniň şu günki düşen ýagdaýy baradaky ekspert pikirlerini; Birleşen Ştatlarda 20 ýyl öň bolan terror hüjümleriniň Türkmenistana we sebite ýetiren göni, gytaklaýyn täsirleri baradaky söhbetdeşligimizi diňläp, öz pikirleriňizi aýtmaga çagyrýarys.

Berdimuhamedowlar ykdysadyýetiň ösýändigini, 30 ýerine 56 desganyň işe girizilendigini aýdýar

Azathabar.com 

Serdar Berdimuhamedowyň 10-njy sentýabrda ýylyň sekiz aýynyň makroykdysady görkezijileri barada beren hasabatynda Türkmenistanyň çap edýän ösüş sanlary ýene bir gezek tekrarlandy.  Wise-premýeriň tassyklamagyna görä, şu ýylyň ýanwar — awgust aýlarynda jemi içerki önümiň durnukly ösüşi üpjün edildi, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, önümçiligiň mukdary 5,5 göterim ýokarlandy. Şeýle-de ol bölek satuw haryt dolanyşygynyň, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 17 göterim,... Читать дальше...

Türkmen DIM-niň başlygy 8 aýda müňden gowrak duşuşyk gurnandygyny aýdýar

Azathabar.com 

Türkmenistanyň hökümet başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri Reşit Meredow ýylyň sekiz aýynyň netijelerine bagyşlanan mejlisde çykyş edip, hasabat döwründe sanly ulgam arkaly 1 müň 173 duşuşygyň guralandygyny, halkara resminamalarynyň bolsa 109-syna gol çekilendigini aýtdy. Azatlyk radiosynyň çeşmeleri biraz öň R.Meredowyň 20-nji awgustdan soň işde görünmändigini we COVID-19 bilen näsaglap, hassahana ýerleşdirilendigini habar berdiler. Emma türkmen DIM-niň resmisi ministriň iş ýerindedigini aýdyp, bu maglumaty inkär etdi. Читать дальше...

Prezident Ahal merkeziniň gurluşygyny güýçlendirmegiň aýratyn möhümdigini aýdýar

Azathabar.com 

Türkmen paýtagtynda şu aý Döwlet münberiniň toplumy bilen bilelikde dört sany bina ulanylmaga berler diýip, hökümetiň 8 aýdaky işlerine bagyşlanan mejlisde habar berildi. Garaşsyz neşirlerde çykan maglumatlara görä, gürrüňi edilýän Döwlet münberi toplumynyň bahasy millionlarça dollara durýar. Emma şu aýda ulanmaga beriljek beýleki binalaryň, şol sanda A.Nyýazow şaýoly bilen Hoja Ahmet Ýasawy köçesiniň demirgazyk-günbatar tarapynda açyljak döwrebap seýilgähiň, ýerasty geçelgeleriň, Tähran köçesiniň ugrunda açyljak Söwda we dynç alyş... Читать дальше...

Baýden 11-nji sentýabr hüjümlerinden soňky 'Hakyky milli bitewilik duýgusyny' yzyna getirmäge synanýar

Azathabar.com 

ABŞ-nyň prezidenti Jo Baýden Birleşen Ştatlar 11-nji sentýabrda bolup geçen terror hüjümleriniň 20 ýyllygyny bellemäge taýýarlanýan wagtynda çap eden wideosynda amerikalylary milli agzybirlik görkezmäge çagyrdy. Baýden “Al-Kaýda” terrorçylary tarapyndan alnyp gaçylan ýolagçy uçarlarynyň Nýu-Ýorkdaky Bütindünýä söwda merkezine, Waşingtonyň daşyndaky Pentagona we Pensilwaniýa meýdançasyna gönükdirilen hem-de 3 müňe golaý adamyň ölümine sebäp bolan hüjümleriniň “merkezi sapagyny” agzybirlik diýip atlandyrdy. Читать дальше...


Спорт в России и мире

Новости спорта


Новости тенниса
WTA

WTA отреагировала на суперкамбэк Елены Рыбакиной






Концертный Директор в тарифе Maxi.

Задержан водитель, который убил мужчину за замечание о парковке

46-й ММКФ: странствия в поисках себя

В Подмосковье прошли учения массового поступления пострадавших