ru24.net
World News in Turkmen
Сентябрь
2021

Новости за 14.09.2021

Türkmenistan Türki Geňeşiň doly hukukly agzasy bolar

Azathabar.com 

Öňümizdäki noýabrda Türki dilli döwletleriň hyzmatdaşlyk geňeşi "Türki dilli döwletleriň guramasy" adyna eýe bolar. Şeýle-de, geňeşe Türkmenistanyň doly hukukly agza hökmünde goşulmagyna garaşylýar.

Täjigistan – “Talybanyň” iň ýiti tankytçysy

Azathabar.com 

Daşary ýurt güýçleriniň Owganystandan goşun çekmeginiň yz ýany, “Talybanyň” çaltlyk bilen ýurduň tas doly çäginde gözegçiligi ele geçirmegi Owganystanyň goňşularyny oňaýsyz kynçylyk bilen ýüzbe-ýüz goýdy.

Iki aýyň dowamynda Russiýa bilen Türkmenistanyň arasynda alty çarter gatnawynyň guralmagyna garaşylýar

Azathabar.com 

Öňümizdäki iki aýyň dowamynda Russiýadan Türkmenistana alty sany çarter gatnawy guralar. Bu barada turkmen.news neşiri Moskwadaky türkmen medeniýet ojagynyň başlygy Gülnabat Tekäýewa salgylanyp habar berýär. Maglumata görä, çarter gatnawlaryny haýsy howa ýollary kompaniýalarynyň gurnajakdygy aýdylmaýar.  Ýöne ýörite gatnawlaryň hem Russiýadan Türkmenistana, hem-de Türkmenistandan Russiýa ýolagçy gatnatmagyna garaşylýar. Gülnabat Tekäýewanyň sosial mediada paýlaşan bildirişlerine görä, nobatdaky... Читать дальше...

ŞHG-nyň sammitinde Owganystan üns merkezinde bolar

Azathabar.com 

"Talybanyň" Owganystanda dolandyryşa geçmegine şaýat bolan çylşyrymly awgust aýyndan soň, Şanhaý hyzmatdaşlyk guramasy (ŞHG) 16-njy sentýabrda Täjigistanda nobatdaky sammiti geçirmäge taýýarlanýar. Bu sammitde sebitiň barha näbelli bolýan howpsuzlyk ýagdaýy ara alnyp maslahatlaşylar. Ýewraziýa howpsuzlyk blogy täjik paýtagty Duşenbede geçiriljek duşuşykda öz ünsüni ABŞ-nyň ýolbaşçylygyndaky halkara harby güýçleriniň Owganystandan çekilmeginiň we "Talybanyň" dolandyryşa gaýdyp gelmeginiň regional netijelerine gönükdirer. Читать дальше...

Garaşsyzlygyň 30 ýyllygynyň öňýany Aşgabatda it-pişikler tutulýar, olary halas etmegiň tölegi gymmatlaýar

Azathabar.com 

Garaşsyzlyk gününiň öňüsyrasynda Aşgabatda öý haýwanlaryny tutmak işi ýene-de güýçlendi. Haýwanlary goraýjylar öýde saklanýan itleriň we pişikleriň ýitirim bolmagy hem-de köçedäki haýwanlary köpçülik öňünde tutmak ýagdaýlarynyň köpelmegi barada, şäher häkimliginiň işgärleri bolsa, itleri we pişikleri tutup getirmek planynyň ýokarlanandygy barada habar berýärler.

Aşgabatda PÝGG-niň huşsuz işgärine “hiç kim kömege gelmedi”

Azathabar.com 

Türkmenistanda dowam edýän “Ýol hereketiniň howpsuzlygy – ömrümiziň rahatlygy” biraýlygynyň çäginde Polisiýanyň ýol gözegçilik gullugynyň (PÝGG) işgärleriniň sürüjilerden “dürli bahanalary arap” jerime ýazýandygy, şol sanda para bermäge mejbur edýändigi baradaky habarlaryň köpelmeginiň arasynda, ilatda ýol polisiýanyň işine barha nägilelikleriň artýandygy bellenilýär. Azatlygyň habarçylary muňa bir mysal hökmünde geçen hepde paýtagt Aşgabadyň gatnawly köçeleriniň birinde ençeme minutlap huşsuz ýatan... Читать дальше...

Aşgabatda ilatdan mugt waksinanyň kepilnamasy üçin "bikanun töleg" geçirmek talap edilýär

Azathabar.com 

Aşgabatlylar Türkmenistanda tas ähli pudaga giň ýaýran korrupsiýanyň adamzadyň saglygyna uly wehim salýan global pandemiýa döwründe-de, ýagny munuň bilen bagly geçirilýän waksina sanjymyny etmek işlerinde-de ýiti duýulýandygyny aýdýarlar. Olaryň sözlerine görä, şu günler waksina işlerini geçirýän saglyk işgärleri sanjym edilendigi baradaky kepilnama üçin her bir raýatdan 10 manat talap edýärler. Olar munuň üçin kwitansiýa bermeýärler. Bu ýagdaýlar barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy paýtagtdan maglumat berýär.

Rus-belarus harby türgenleşikleriniň fonunda Polşa, Baltika ýurtlary howpsuzlygy maslahat edýär

Azathabar.com 

Russiýa we Belarus giň gerimli harby tälim-türgenleşik geçirýän wagty, Baltika ýurtlarynyň hem-de Polşanyň daşary işler we goranmak ministrleri häzirki zaman we gibrid howplara garşy bilelikdäki jogaby maslahatlaşmak üçin duşuşdy. 13-nji sentýabrda Rigada geçirilen duşuşykda dört ýurt “Zapad-2021” harby türgenleşiklerine garşy we Belarusyň bikanun migrantlary serhet ýakalarda  "ýarag hökmünde ulanmagyna” garşy ÝB-niň hem-de NATO-nyň agyz birikdirmegine çagyrdy. Polşa, Latwiýa we Litwa şu tomus... Читать дальше...

Merkeliň Balkan ýurtlaryna amala aşyrýan hoşlaşyk saparynda ÝB bilen integrasiýa ileri tutulýar

Azathabar.com 

Germaniýanyň kansleri Angela Merkeliň Balkan ýurtlaryna amala aşyrýan hoşlaşyk sapary dowam edýär.  Ol 14-nji sentýabrda Tiranada Albaniýanyň premýer-ministri Edi Rama bilen hem-de Ýewropa Bileleşigine agzalyga synanyşýan dört Günbatar Balkan ýurdunyň liderleri bilen duşuşar. Şu aýyň ahyrynda Germaniýada geçiriljek saýlawlardan soň wezipe möhleti tamamlanýan Merkel Germaniýanyň alty Günbatar Balkan ýurdunyň Ýewropa Bileleşigine goşulmagyny isleýändigini, ýöne bileleşige goşulmak üçin olaryň heniz uzak menzil aşmalydygyny aýtdy. Читать дальше...

Özbegistan ýüzlerçe owgan uçarmanyny we olaryň maşgalalaryny deport etmek işlerini tamamlady

Azathabar.com 

Özbegistan ýurduň çägine howpsuzlyk üçin bikanun uçup gelen ähli owgan harby uçarmanlaryny we olaryň maşgala agzalaryny deport etdi. Özbegistanyň daşary işler ministri Ýusup Kobuljonow 13-nji sentýabrda owgan raýatlaryny – onlarça owgan harby uçarynyň bortunda Özbegistana gelen ýüzlerçe adamy – deport etmek işleriniň soňky iki günüň dowamynda amala aşyrylandygyny aýtdy.   “The New York Times” neşiri has ozal bir ABŞ kongresmenine salgylanyp, pilotlaryň we olaryň maşgala agzalarynyň Birleşen Arap... Читать дальше...

Abanýan ynsanperwer krizisiň arasynda donorlar Owganystana $1 milliard wada berýär

Azathabar.com 

BMG-niň baş sekretary Antioniu Guterriş Owganystan boýunça geçirilen halkara maslahatda bu ýurt üçin 1 milliard dollardan gowrak ýardam yglan etdi. Has ozal, Guterriş uruşdan we gurakçylykdan ejir çeken Owganystana ýardam iberilmegi boýunça çagyryş edipdi. “Onlarça ýyllyk uruşlardan, hor-homsylykdan, howp-hatardan ejir çeken [owganlar] belki-de iň howply döwür bilen ýüzbe-ýüz bolýar” diýip, Guterriş 13-nji sentýabrda Ženewada duşuşan 40 töweregi ýurduň ýokary derejeli wekillerine aýtdy. Birleşen... Читать дальше...

Owganystanyň "ýokary lideri". Mawlawi Haýbatulla Ahundzada barada nämeler mälim?

Azathabar.com 

Owgan talyp güýçleri sünni mezhebine uýýan, berk sünni düzgünlerine eýeriji ruhany Mawlawi Haýbatulla Ahundzadany özleriniň ýokary lideri belläp, dartgynly tolgunyşykdan birnäçe hepde geçen hem bolsa, halkara jemgyýetçiligi tarapyndan henizem ykrar edilmeýän dolandyryşy gurdular. Bu döwürde talyp söweşijileri ABŞ goşunlary we onuň ýaranlary Owganystandan yza çekilmezden ozal ýurduň köp bölegini basyp aldy. 55 ýaşly Mawlawi Haýbatulla Ahundzada ýüzugra bu radikal fundamentalist toparyň ýolbaşçysy boldy. Читать дальше...


Спорт в России и мире

Новости спорта


Новости тенниса
ATP

Хачанов победил Черундоло и пробился в 1/8 финала турнира ATP в Майами






Он обещал — вернулся: сможет ли Минаков перебить Томпсона

Дочь актрисы Анастасии Заворотнюк призналась, что снимает стресс ходьбой

Творческая мастерская «Домики для братьев наших меньших» в ТРЦ «Нора»

Рогов: ВС России дронами уничтожили два вагона с боеприпасами в Запорожье