ru24.net
World News in Turkmen
Январь
2022
1 2 3 4 5 6 7 8 9 10 11 12 13 14 15 16 17 18 19 20 21 22 23 24 25 26 27 28 29
30
31

Новости за 04.01.2022

Prezidentiň saparyna taýýarlanýan Türkmenabatda suw üpjünçiligi çäklendirildi

Azathabar.com 

Lebap welaýatynyň dolandyryş merkezi Türkmenabat şäheriniň käbir etrapçalarynda suw üpjünçiligi kesildi, käbir köp gatly jaýlarda bolsa, agyz suwunyň basyşy azaldyldy. Azatlyk Radiosynyň bu barada maglumat berýän habarçysy bu bökdençligiň prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň welaýata etjek sapary bilen baglanyşyklydygyny aýdýar. 3-nji ýanwarda Mary welaýatyna sapar eden türkmen prezidentiniň 4-nji ýanwarda Lebaba barmagyna garaşylýar. Onuň bu saparyna görülýän giň gerimli taýýarlyklaryň çäginde. Читать дальше...

Häkimiýetler mekdep ýangyny 'bilkastlaýyn döredildi' diýýär, deslapky derňew gaz syzmalaryna yşarat edýär

Azathabar.com 

Häkimiýetler Lebap welaýatynyň Farap etrabyndaky bir orta mekdepde ýüze çykan ýangynyň “bilkastlaýyn döredilendigini” öňe sürüp, bu hadysany “terakt” hökmünde derňemäge synanyşýar. Ýöne deslapky derňewler ýangyna gaz syzmalarynyň sebäp bolandygyna yşarat edýär. Bu hadysa boýunça soňky detallary Azatlyk Radiosynyň Lebapdaky habarçysy 4-nji ýanwarda habar berdi. Azatlyk Radiosy Farap etrabynyň 1-nji orta mekdebiniň 12-nji dekabra geçilen gije ot alandygyny habar beripdi. Bu mekdebiň okuwçylary wagtlaýyn başga mekdeplere paýlanyp berildi. Читать дальше...

Aşgabadyň metjitlerinde bäş gezek azana çagyrylýar, ýöne dinçilere namaza durmak gadagan edilýär

Azathabar.com 

Türkmenistanda dinçiler ýene-de basyşa sezewar edilýär. Paýtagtyň döwlet edaralarynyň işgärlerine iş ýerlerinde namaz okamak gadagan edildi. Şu wagt ýurduň mejitleri koronawirus pandemiýasynyň arasynda ýapyk galýan hem bolsa, her gün bäş gezek azana çagyryş yglan edýärler. Azatlygyň Aşgabatdaky çeşmeleri we habarçylary namaz okaýan raýatlara edilýän basyşyň ýene güýçlenendigini habar berdiler. Olaryň sözlerine görä, döwlet edaralarynda işgärlere işden aýrylmak howpy astynda namaz okamazlyk barada duýduryş berilýär. Читать дальше...

Prezident Ýolötene baranda Internet we telefon arabaglanyşygy çäklendirildi, çopanlar kümelerinden kowuldy

Azathabar.com 

Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Mary welaýatynyň Ýolöten etrabyna baranda, adamlaryň köçä çykmagy çäklendirildi. Şeýle-de, Internet we mobil telefon arabaglanyşygy kesildi. Döwlet baştutany welaýatyň çägindäki öri meýdanlar bilen tanşyp, çopan goşuna baranda, maryly çopanlar özleriniň kümelerinden we otlaglaryndan kowuldy. Bu aralykda, prezidentiň 4-nji ýanwarda Marydan Lebap welaýatyna sapar etmegine garaşylýar. Bu ýagdaýlaryň jikme-jiklikleri barada Azatlyk Radiosynyň habarçylary... Читать дальше...

Gazagystanda energiýanyň gymmatlamagyna garşy tapgyr üçünji gün protestler geçirilýär

Azathabar.com 

Gazagystanyň günbataryndaky Mangystau şäherinde ýüzlerçe adam 4-nji ýanwarda tapgyr üçünji gün proteste çykdylar. Demonstrantlar ulaglar üçin niýetlenen suwuklandyrylan gazyň bahasynyň birden göz-görtele ýokarlanmagyna garşy çykýarlar. Protestçiler Žanaozen we Aktau şäherleriniň hökümet binalarynyň öňünde geçiren iki gijäniň dowamynda gaz bahalarynyň peseldilmegini we hökümetiň çekilmegini talap etdiler. Şeýle-de protestler ýurduň demirgazygyndaky Aktobe, günortasyndaky Şymkent, günbataryndaky Oral... Читать дальше...

ÝB-niň daşary syýasat başlygy Ukraina sapar edýär

Azathabar.com 

Ýewropa Bileleşiginiň daşary syýasat boýunça başlygy Josep Borrell, Russiýanyň Ukraina bilen serhedinde harbylarynyň sanyny artdyryp başlamagynyň arasynda Kiýewe goldawyny äşgär etmek üçin, 4-nji ýanwarda Ukraina sapar edýär. Borrelliň üç günlük saparynyň dowamynda Ukrainanyň gündogaryndaky aragatnaşyk zolagyna hem baryp görmegine garaşylýar. Bu sebitde Russiýa tarapyndan goldanylýan separatistler Ukrainanyň hökümet güýçlerine garşy söweşýärler. Ýewropa Komissiýasy Borrelliň sapary barada 3-nji ýanwarda mälim etdi. Читать дальше...

Dünýäniň iri döwletleri ýadro ýaraglarynyň ýaýradylmazlygyny wada berýärler

Azathabar.com 

Dünýäniň ýadro ýaragyna eýe bolan öňdebaryjy bäş döwleti, ýagny BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşiniň hemişelik agzalary atom ýaraglarynyň ýaýramagynyň öňüni almak, şeýle-de ýadro urşunyň hiç haçan ýüze çykmajakdygyny kepillendirmek üçin tagalla etmek barada umumy wada berdiler. Bilelikde ýaýradylan seýrek beýanatda Fransiýa, ABŞ, Russiýa, Hytaý we Britaniýa ýadro urşunyň we ýadro ýaraglarynyň ýaryşynyň öňüni almaga ygrarlydyklaryny bellediler. Möhüm ýadro ylalaşygynyň seljerilmeginiň öňýany ýaýradylan... Читать дальше...

Türkiýede inflýasiýanyň derejesi soňky 19 ýylyň içinde rekord derejä galdy

Azathabar.com 

Türkiýede inflýasiýanyň derejesi soňky tas 20 ýylyň içinde iň ýokary derejä ýetdi. Bu ýurduň ykdysadyýetine we milli pul birligine ýaramaz täsir ýetirip, geljek ýyl geçirilmeli saýlawlaryň öňýany türk hökümetine basyşlary hem artdyrdy. Dekabrda harytlaryň sarp edijilik nyrhy ondan ozalky ýyl bilen deňeşdirilende 36,1% artdy. Bu barada 3-nji ýanwarda Türkiýäniň Statistika instituty mälim etdi. Galyberse, bu bilermenleriň çak eden 27% görkezijisinden has ýokarydyr. Mundan başga-da, gürrüňi gidýän... Читать дальше...

Gaçany üçin ýarym milliard. Arap şa gyzynyň uzak dawasynyň aýdyň soňy

Azathabar.com 

Bu waka dartgynly ýagdaýda başlandy, ýokary derejeli halkara dawa hökmünde dowam etdi, ahyry nikany bozmak işleri boýunça taryhdaky iň iri işiň biri bolup, Londonyň Ýokary Kazyýetinde tamamlandy. Gaçgak, 47 ýaşly şazada Haýa bint al-Huseýn Ýordan patyşasynyň aýal dogany we Birleşen Arap Emirlikleriniň premýer-ministri, ýagny Dubaýyň emiri şeýh Muhammed bin Reşid al-Maktumyň öňki aýaly adamsyny zorluk ulanmakda, haýbat atmakda we adam alyp gaçmakda aýyplady hem bu işde nikasy resmi taýdan bozulandan soň... Читать дальше...

Türkmen serhetçileri bilen "Talyban" söweşijileriniň arasynda çaknyşyk boldy

Azathabar.com 

3-nji ýanwarda Türkmenistan bilen Owganystanyň serhedinde türkmen serhetçileri bilen "Talyban" söweşijileriniň arasynda çaknyşyk boldy. Raketalar ulanylan çaknyşyk barada Owganystanyň Jowzjan welaýatynyň Hamýap etrabynyň ýaşaýjylary duşenbe güni öýlän habar berdiler. Bu habarlar soňra owgan metbugaty tarapyndan tassyklandy. "TOLOnews" habar websaýtynyň "Talybanyň" ýerli häkimiýetlerine salgylanyp beren maglumatyna görä, bu waka "Talyban" söweşijilerine ot açan türkmen serhetçileri sebäp bolupdyr. Читать дальше...


Спорт в России и мире

Новости спорта


Новости тенниса
WTA

Александрова проиграла Жабер в первом круге турнира WTA в Штутгарте






Российские туроператоры переносят даты начала туров: названо направление и раскрыта причина

Путин: позитивные изменения в здравоохранении затронули все регионы России

Прием заявок на участие в конкурсе на лучшее путешествие по Дальнему Востоку начнется в мае

«Россия строит непроницаемые для санкций транспортные маршруты» - СМИ Японии