ru24.net
World News in Turkmen
Январь
2022
1 2 3 4 5 6 7 8 9 10 11 12 13 14 15 16 17 18 19 20 21 22 23 24 25 26 27 28 29
30
31

Новости за 05.01.2022

Tokaýew güýçlenýän protestlere garşy "berk" çäre görjekdigini aýtdy

Azathabar.com 

Merkezi Aziýa ýurdundaky anti-hökümet demonstrasiýalarynyň güýçlenmegi bilen, Gazagystanyň esasy şäherleriniň birnäçesinde demonstrantlar we howpsuzlyk güýçleri çaknyşansoň, prezident Kasym-Žomart Tokaýew "mümkin boldugyça berk çäre görmek" niýetini mälim etdi. "Prezident hökmünde, men raýatlarymyzyň howpsuzlygyny we asudalygyny goramaga, Gazagystanyň bitewiligi barada alada etmäge borçly" diýip, ol 5-nji ýanwarda, energiýa bahalarynyň birden ýokarlanmagy netijesinde gazaba çykan, korrupsiýa, işsizlik... Читать дальше...

Türkmenistanyň “Arkadagly zamanasynda” Täze ýyl köne problemalary öz ýany bilen getirdi

Azathabar.com 

Türkmenistanyň “ýöwsel” parlamenti 2022-nji ýyly “Halkyň Arkadagly zamanasy” diýip, yglan etdi. Arkadag Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bolýar. Parlamentiň karary awtoritar lideriň şahsyýet kultynyň dabaralandyrylmagynyň hem-de onuň ýurtda barha çuňlaşýan ykdysady kynçylyklary ret etmeginiň iň soňky alamaty boldy. Parlament we döwlet mediasy diktatorçylyk dolandyryşy 2006-njy ýylda başlanan “Gahryman Arkadagyň” ýolbaşçylygynda ýurduň ykdysadyýetde, syýasatda we durmuşyň beýleki... Читать дальше...

Farapda pensiýa we kömek pullaryny almak düzgünleri ýene kynlaşdyryldy

Azathabar.com 

Lebap welaýatynyň Farap etrabynda pensionerleriň we maýyplaryň onlarçasy ýanwar aýy üçin pensiýa we kömek pullaryny alyp bilmeýär. Muňa sebitde pensiýa we kömek pullaryny almak baradaky düzgünleriň ýene üýtgedilmegi sebäp boldy. Bu ýagdaý, ykdysady kynçylyklaryň arasynda, bir aý pensiýa we kömek pullaryny alyp bilmejek raýatlaryň güzeran eklenjini has-da kynlaşdyrýar. Habarçymyzyň maglumatyna görä, etrabyň pensiýa bölümi pensionerlerden we maýyplardan özleriniň diridigini indi her üç aýda bir gezek subut etmegi talap edip başlady. Читать дальше...

Kabuldaky türkmen ilçihanasy türkmen-owgan serhedinde bolan çaknyşygy ret etdi (WIDEO)

Azathabar.com 

4-nji ýanwarda Türkmenistanyň Kabuldaky ilçihanasy resmi beýanat çap edip, türkmen-owgan serhedindäki çaknyşygy ret etdi. Duşenbe güni Owganystanyň Jöwüzjan welaýatynyň Hamýap etrabynyň ýaşaýjylary Garkyn etrabynyň Türkmenistan bilen serhetleşýän araçäginde türkmen serhetçileri bilen “Talyban” söweşijileriniň arasynda çaknyşyk bolandygyny habar berdiler. Bu habar soňra owgan mediasy tarapyndan tassyklanyldy. “TOLOnews” habar saýty ýerli “Talyban” häkimiýetlerine salgylanyp, türkmen serhetçileri... Читать дальше...

Türkmenistanda çörek ýetmezçiligi barha agyrlaşýar, goşmaça çörek satyn alan raýatlar yzarlanýar

Azathabar.com 

Uzaga çeken azyk krizisiniň fonunda ýurduň ilaty yzarlanýar we "artykmaç" çörek satyn alany üçin jerimä sezewar bolýar. Azatlygyň Türkmenistandaky habarçylarynyň maglumatlaryna görä, häkimiýetler şeýdip azyk ýetmezçiligine garşy göreşýär. Azatlygyň habarçylary, häkimiýetleriň çörek we un alyp satýanlara garşy göreşiniň çäginde ilata görkezýän nobatdaky basyşy barada habar berýärler. Şol bir wagtyň özünde, häkimiýetleriň kesgitlän paýyndan köpräk çörek satyn almak bagtyna eýe bolan ýönekeý alyjylar zarba astyna düşýär. Читать дальше...

Lebapda prezidentiň aw awlamagy üçin emeli şert "döredildi", hereket, Internet we telefon arabaglanyşygy çäklendirildi

Azathabar.com 

Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow 4-nji ýanwarda Mary welaýatyndan Lebap welaýatyna bardy. Prezidentiň sebite barmagy bilen, welaýatda hereket togtady we Internet arabaglanyşygy ýiti çäklendirildi. Mundan başga-da, Türkmenabat şäherinde we Farap etrabynda elektrik energiýasy kesildi. Şeýle-de, welaýatda döwlet baştutanynyň aw awlamagy üçin emeli şert döredildi. Prezidentiň sapary we onuň lebaplylaryň durmuşyna ýetiren täsirleri barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy sebitden maglumat berdi. Читать дальше...

Türkmenistan Özbegistanyň benzin alýan esasy ýurtlarynyň biri boldy

Azathabar.com 

2021-nji ýylyň ýanwar-noýabr aýlarynda Özbegistan 308,4 million litr benzin import etdi, bu geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 112 million litr köp benziniň import edilendigini görkezýär. Döwlet statistika komitetiniň maglumatyna görä, 2021-nji ýylyň 11 aýynyň dowamynda Özbegistan 115,3 million ABŞ dollary möçberinde benzin satyn aldy. Häzirki wagtda Özbegistanyň benzin import edýän esasy ýurtlary Russiýa (145,3 million litr) we Türkmenistan (141,2 million litr) bolup durýar. Benzin... Читать дальше...

IIM: Demonstrasiýalar dargadylanda 200-den gowrak adam tussag edildi

Azathabar.com 

Gazagystanyň Içeri işler ministrligi 5-nji ýanwar gijesinde "ýurduň birnäçe sebitinde" köpçülikleýin protestler dargadylanda "200-den gowrak adamyň" tussag edilendigini habar berdi. "Ýerli ýerine ýetiriji guramalaryň we prokuraturanyň duýduryşlaryna garamazdan, raýatlar öjükdiriji çagyryşlara berlip, ilatyň asudalygyna we howpsuzlygyna wehim salýan bikanun hereketlere ýüz urdy" diýip, Gazagystanyň Içeri işler ministrliginiň metbugat gullugynyň beýanatynda aýdylýar. Şeýle-de, "raýatlaryň käbir toparlarynyň ýollary baglap... Читать дальше...

"Centerra" altyn käni üstünde dörän dawany kazysyz çözmäge çalyşýar

Azathabar.com 

"Centerra Gold" Kanadanyň Kumtor altyn käninde işlän kompaniýasynyň gyrgyz hökümeti bilen edýän dawasyny kazysyz çözmek üçin gepleşik geçirýändigini tassyk etdi. Birnäçe ýyl bäri maliýe we daşky gurşaw düşünişmezlikleriň merkezinde bolan altyn käni häzir gyrgyz döwleti bilen Centerranyň arasynda eýeçilik üstünde barýan dawanyň subýektine öwrüldi. “Centerra" 3-nji ýanwarda bu dawany çözmek üçin zerur hasaplaýan çarçuwasyny kesgitledi we döwlet eýeçiligindäki "Gyrgyzaltyn" kompaniýasynyň paýlarynyň... Читать дальше...

Kanadanyň kazyýeti Eýranda urlan uçaryň ýolagçylarynyň maşgalalaryna $107 million tölemegi buýurdy

Azathabar.com 

Kanadanyň Ontario welaýatynyň kazyýeti 2020-nji ýylda Tähranda halkara howa ýollarynyň uçary urlup ýykylanda ölen alty adamyň maşgalasyna Eýrandan 107 million dollar öwez puluny almak barada karar çykardy. CBC teleýaýlymynyň habaryna görä, 31-nji dekabrda kabul edilen karar 4-nji ýanwarda çap edildi. Ontario Ýokary kazyýetiniň kararyna görä, 2020-nji ýylyň ýanwar aýynda Ukrainanyň halkara howa ýollarynyň Tähranyň golaýynda heläkçilige uçran ýolagçy uçary (Boeing-737) bilkastdan edilen terrorçylygyň pidasy boldy. Читать дальше...

Gazak hökümeti protestler arasynda işden çekildi. Türkmenistanlylar 'gozgalaňy' ara alyp maslahatlaşýar

Azathabar.com 

Gazagystanyň prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew Merkezi Aziýa ýurdunda energiýa bahalarynyň kesgin ýokarlanmagy esasynda başlanan we üçünji gün dowam edýän tolgunyşyklaryň yzysüre, hökümetiň işinden çekilmek baradaky arzasyny kabul etdi. Gazak prezidenti halka ýüzlenmesinde ozal ýurduň öňki prezidenti Nursultan Nazarbaýewiň ýolbaşçylygynda bolan Howpsuzlyk geňeşiniň hem başlygy wezipesine girişendigini aýtdy. Azatlygyň ýerli habarçylary ýaşaýjylaryň gazak wakalaryndan habarlydyklaryny we özara gürrüňçiliklerde... Читать дальше...


Спорт в России и мире

Новости спорта


Новости тенниса
WTA

Потапова победила Самсонову в первом круге турнира WTA в Штутгарте






«Мы делаем хорошее кино»: Бикович высказался об адаптациях «Холопа» в других странах

Подключение водонагревателя в Москве

Врач МОНИКИ развеяла основные мифы о донорстве крови

Столичные парки возобновили работу после непогоды