ru24.net
World News in Turkmen
Январь
2022
1 2 3 4 5 6 7 8 9 10 11 12 13 14 15 16 17 18 19 20 21 22 23 24 25 26 27 28 29
30
31

Новости за 11.01.2022

Marynyň döwlet dükanlarynda çörek satylmaýar

Azathabar.com 

Mary welaýatynyň döwlet dükanlarynda ilatyň çörek üpjünçiligi bilen bagly problema barha ýitileşýär. Şu ýylyň başyndan bäri döwlet dükanlarynyň tas ählisinde çörek satuwa çykarylmaýar. Ilat çörek gözläp, her gün daň atmanka, garaňkyda döwlet dükanlaryna aýlanýar. Bu ýagdaýlar barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy Marydan maglumat berýär. "Mary şäheriniň we Baýramaly etrabynyň döwlet dükanlarynyň tas hiç birinde arzan nyrhdan azyk satylmaýar. Adamlar "diňe çörek bolsa bolýar" diýip, birek-birek bilen jaňlaşyp... Читать дальше...

Farabyň polisiýasy häkimligiň öňünde üýşen adamlary "gozgalaň etmekde aýyplady"

Azathabar.com 

Lebap welaýatynyň Farap etrabynda 200-e golaý adam döwletiň subsidirlenen bahasyndan satylýan käbir azyk önümleriniň nyrhlarynyň ýokarlanmagyna nägilelik bildirmek üçin etrap häkimliginiň öňünde ýygnandy. Polisiýa bu ýere üýşen adamlary "gozgalaň etmekde" aýyplap, "atyp öldürmek" bilen haýbat atdy. Bu wakanyň jikme-jiklikleri barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy sebitden maglumat berýär. Habarçymyzyň aýtmagyna görä, 2022-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan başlap etrabyň döwlet dükanlarynda ilata subsidirlenen... Читать дальше...

Tokaýew KHŞG goşunlarynyň Gazagystandan çekilýändigini yglan etdi

Azathabar.com 

Gazagystanyň prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew rus ýolbaşçylygyndaky Kollektiw howpsuzlyk şertnamasy guramasynyň goşunlarynyň öňümizdäki iki günüň içinde ýurtdan çekilip başlajakdygyny mälim etdi. Moskwadan garaşsyzlyk alan öňki Sowet ýurdunyň 30 ýyllyk taryhynda bolan iň ganly zorlugyň yz ýany, ýurtda ýagdaýlar kadalaşdy. 11-nji ýanwarda Tokaýew özüniň telewideniýe arkaly efire berlen parlament ýüzlenmesinde Kollektiw howpsuzlyk şertnamasy guramasynyň goşun çekmek işleriniň öňümizdäki 10 günüň içinde... Читать дальше...

Subsidirlenen önümleriň gymmatlaýan we ýatyrylýan wagtynda nägile bolýan adamlara basyş edilýär

Azathabar.com 

Subsidirlenen önümleriň satylyşy bölekleýin ýatyrylyp, azyk önümleriniň käbiriniň kesgitli bahasynyň ýokarlanýan wagtynda azyk ýetmezçiliginden nägileligini bildirýän ilata basyş edilýär. Aşgabadyň etrapçalarynyň biriniň ýaşaýjylary Söwda ministrligine köpçülikleýin ýüzlenendigi üçin polisiýa çagyryldy we olardan düşündiriş soraldy.

OpenDemocracy: Deňsizlik sebäpli Gazagystan ot içinde wagtynda, ýokary gatlagyň Londondaky baýlygy bitewi hem ygtybarly saklanýar

Azathabar.com 

Suwuklandyrylan gazyň bahasynyň ýokarlanmagy sebäpli Gazagystanda hökümete garşy ýörişler birnäçe gün dowam eden wagtynda, OpenDemocracy media platformasy Gazagystanyň ýokary gatlagynyň Günbatarda, hususan-da Londondaky gozgalmaýan gymmat bahaly emlägine ünsi çekdi. Barlagçy žurnalist Tomas Rowliniň Opendemocracy.net sahypasynda ýazmagyna görä, Gazagystany dolandyryjy elitanyň Londonda 530 million funt sterlinge durýan gozganmaýan kaşaň emlägi bar. Geçen hepde Gazagystanda garşylyk çäreleri ilki... Читать дальше...

Lebabyň häkimiýetleri oba ýaşaýjylarynyň jaýlaryny ýykyp, olaryň ýerinde täze ekin meýdanlaryny "döredýär

Azathabar.com 

Lebap welaýatynyň häkimiýetleri käbir çetki obalaryň ýaşaýjylaryny öýlerinden çykaryp, olaryň jaýlaryny ýykýar. Häkimiýetler bu obalaryň kiçidigini we ýurduň “Oba milli maksatnamasyna” girmeýändigini belläp, olaryň çäk dolandyryş sanawyndan çykarylýandygyny aýdýar. Öýsüz galýan oba ýaşaýjylaryna öwezine başga ýaşar ýaly jaý ýa-da ýer berilmeýär. Oba ilatynyň ýykylan jaýlarynyň ýerinde täze ekin meýdanlary döredilýär. Bu barada öýlerinden çykarylýan ýaşaýjylaryň ençemesi Azatlyk Radiosynyň sebitdäki habarçysyna gürrüň berdi.

Eýran sapary tamamlanan Serdar Berdimuhamedow Özbegistana sapar eder

Azathabar.com 

Türkmenistanyň maliýe we ykdysadyýet pudagyna gözegçilik edýän hökümet başlygynyň orunbasary we prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň ogly Serdar Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti Özbegistana sapar eder. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi habar berýär. Has ozal, 8-9-njy ýanwarda wise-premýer Serdar Berdimuhamedowyň hem-de wise-premýer we daşary işler ministri Raşid Meredowyň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti Eýrana sapar etdi. Saparyň dowamynda Serdar Berdimuhamedow... Читать дальше...

ABŞ we Russiýa Ukraina, Ýewropa howpsuzlygy boýunça “agyr” gepleşikleri jemledi

Azathabar.com 

ABŞ we Russiýa wekiliýetleriniň arasynda Ženewada sekiz sagat dowam eden gepleşikler tamamlandy. Ženewa gepleşikleri Moskwanyň talap edýän howpsuzlyk kepillikleri hem-de onuň Ukraina serhediniň golaýynda goşun toplamak haýbatlary esasynda girişilen hem-de bir hepde dowam etmegine garaşylan gepleşikleriň çäginde geçirilýär. ABŞ wekiliýetiniň ýolbaşçysy, ABŞ-nyň döwlet sekretarynyň orunbasary Wendi Şerman Russiýanyň daşary işler ministriniň orunbasary Sergeý Rýabkow bilen geçirilen ikitaraplaýyn... Читать дальше...

Ýewropa Parlamentiniň prezidenti Dawid Sassoli 65 ýaşda aradan çykdy

Azathabar.com 

Ýewropa Parlamentiniň prezidenti Dawid Sassoli 65 ýaşda aradan çykdy diýip, onuň metbugat sekretary aýtdy. Sassoli 11-nji ýanwar güni irden Italianyň Awiano sebitinde keselhanada aradan çykdy diýip, metbugat sekretar Roberto Kuillo aýtdy. 10-njy ýanwarda Ýewropa Bileleşiginiň parlamenti italiýaly merkez-çep syýasatçynyň 26-njy dekabrdan bäri Italiýada keselhanada bolandygyny tassyklady. “Immun ulgamynyň kadasyz işlemegi sebäpli ýüze çykan çynlakaý saglyk ýagdaýlary zerarly keselhana ýerleşdirmek zerur boldy” diýip... Читать дальше...

Tokaýew KHŞG güýçleriniň ýurtdan çekilýändigini mälim etdi, täze hökümet başlygyny wezipä belledi

Azathabar.com 

Gazagystanyň prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew rus ýolbaşçylygyndaky Kollektiw howpsuzlyk şertnamasy guramasynyň goşunlarynyň öňümizdäki iki günüň içinde ýurtdan çekilip başlajakdygyny mälim etdi. 11-nji ýanwarda Tokaýew özüniň telewideniýe arkaly efire berlen parlament ýüzlenmesinde Kollektiw howpsuzlyk şertnamasy guramasynyň goşun çekmek işleriniň öňümizdäki 10 günüň içinde tamamlanjakdygyny aýtdy. Gazagystanda dörän zorlukly tolgunyşygyň arasynda ýurduň ýolbaşçylary Russiýanyň öňbaşçylygyndaky harby guramadan ýardam sorandan soňra... Читать дальше...

"Ol öz halkyny atmaz ýaly, jemgyýete maglumaty bermeli". Näme üçin Gazagystanyň hökümeti proteste çykanlara "terroristler" diýýär

Azathabar.com 

Gazagystanda onlarça şäherde birnäçe günläp köpçülikleýin demonstrasiýalar dowam etdi. Onuň merkezi Almaty boldy, sebäbi geçen çarşenbe güni demonstrantlar şäher häkimliginiň binasyny, howa menzilini ýapdylar, olar polisiýa binalaryna we prezidentiň kabulhanasyna hüjüm etdiler. Ýurduň häkimiýetleri demonstrantlary "terrorçylar" diýip atlandyrdylar. Gazagystanyň prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew goşuna we hukuk goraýjy edaralara duýduryş bermezden “terrorçylary ýok etmäge” buýruk berdi. Şeýle hem Gazagystana... Читать дальше...


Спорт в России и мире

Новости спорта


Новости тенниса
Уимблдон

Рыбакина призналась, что её жизнь сильно изменилась после победы на Уимблдоне






Юных жителей Мытищ познакомят с технологиями интернет‑торговли

За два года количество пользователей инвестиционных приложений выросло в 2,4 раза – big data Tele2

Телеведущая Прошутинская: певица Пугачева столкнулась с трудными временами

Подозреваемого в убийстве мотоциклиста в Москве задержали в Ростовской области