ru24.net
World News in Turkmen
Январь
2022
1 2 3 4 5 6 7 8 9 10 11 12 13 14 15 16 17 18 19 20 21 22 23 24 25 26 27 28 29
30
31

Новости за 14.01.2022

Berdimuhamedowyň çykyşyny raýatlar ‘sowuk we nägilelikli’ garşyladylar

Azathabar.com 

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýurtdaky onsuz hem berk gözegçilikde saklanýan internet üpjünçiligini hasam çäklendirmek baradaky tabşyrygy, şeýle-de geçen ýylyň dowamynda bolan adam pidaly heläkçilikli hadysalaryň käbirini açyk boýun almagy – Azatlyga gowuşýan maglumatlardan çen tutulsa – ilat arasynda nägilelik bilen garşylandy.

Lebapda pagtaçy kärendeçileriň ýyllyk girdejilerinden hyzmatlar üçin 11%-e derek 25% tutum tutulýar

Azathabar.com 

Lebap welaýatynda häkimiýetler pagtaçy kärendeçileriň geçen ýyl döwlete tabşyran pagta hasyly üçin hasaplaşyk işlerine başlady. Ýöne ýerli kärendeçiler özleriniň ýyllyk girdejilerinden “hyzmatlar” üçin 11 göterime derek 25 göterim tutum tutulýandygyny aýdýarlar. Bu barada “Türkmenistanyň hronikasy” neşiri 12-nji ýanwarda habar berdi.

Orta mekdeplerde sapaklar "karantin okuw tertibinde" geçilip başlandy

Azathabar.com 

Türkmenistanyň orta mekdeplerinde iki hepdä golaý dowam eden gyşky dynç alyş günlerinden soňra, 13-nji ýanwarda sapaklar gaýtadan "karantin okuw tertibinde" geçilip başlandy. Mekdep mugallymlary indi iki ýyl töweregi wagt bäri çylşyrymlaşdyrylan iş tertibinde işleýändiklerini aýdyp, özlerine hiç hili kompensasiýa berilmeýändiginden şikaýat edýärler. Bu barada "Turkmen.news" neşiri 13-nji ýanwarda habar berdi.

Türkmen howaýollary Türkmenistanyň raýatlaryny Türkiýeden getirer

Azathabar.com 

14-nji ýanwarda Stambuldan Türkmenabat şäherine uçaryň barmagyna garaşylýar. Bu barada “Turkmen.news” 13-nji ýanwarda agşam habar berdi. Garaşsyz neşiriň maglumatyna görä, “Türkmenistan” milli howa gatnaw kärhanasynyň uçary Türkiýede ýaşaýan türkmen raýatlaryny watanyna alyp barýar.

"Talyban" wekilleri Aşgabatda TOPH we söwda barada gepleşik geçirer

Azathabar.com 

Daşary işler ministriniň wezipesini ýerine ýetiriji Amir Han Muttakiniň ýolbaşçylygyndaky "Talyban" topary Türkmenistana sapara barýar diýip, “Report” Orsýetiň “Nowostä” salgylanyp habar berýär. Rus habar gullugynyň maglumatyna görä, saparyň dowamynda söwda, energiýa we TOPH gaz geçirijisi boýunça gepleşik geçiriler. Türkmenistandan Owganystanyň üsti bilen pakistana we Hindistana çekilmeli 1 735 kilometrlik gaz geçirijisi gurulsa, Aşgabadyň ýene-de ýylda 33 milliard kub metr gaz eksport etmegine mümkinçilik döreder. Читать дальше...

Duşuşyk gutardy, Russiýa-Ukraina krizisinde ilerleme görünmeýär

Azathabar.com 

Ýewropada Russiýa bilen Günbataryň arasyndaky dartgynlygy gowşatmak maksady bilen hepde boýy geçirilen gepleşikleriň üçünji tapgyry, howpsuzlyk meselesindäki çynlakaý krizisden gaça durup, hiç bir tarapyň dartgynly diplomatiýada öz esasy pozisiýalaryndan çekilmezligi esasynda, ahyr netijede petige diräne meňzeýär. Orsýetiň ukrain serhediniň alkymynda goşun toplamagy we günbataryň bu täze bir çozuşyň başlangyjy bolmasyn diýen aladalarynyň fonunda, diplomatlar Ýewropada howpsuzlyk we hyzmatdaşlyk guramasynyň (ÝHHG) 13-nji ýanwarda... Читать дальше...

Türkmenistan Türkiýede galan raýatlaryny ýurda getirmek üçin ýörite uçuş guraýar

Azathabar.com 

Hökümetçi “Türkmenportal” neşiri Türkmenistanyň 14-nji ýanwarda COVID-19 koronawirus pandemiýasy sebäpli Türkiýede galan türkmen raýatlaryna Türkiýäniň Stambul şäherinden Türkmenistanyň Türkmenabat şäherine alyp geljek uçar gatnawyny gurnaýar diýip, 13-nji ýanwarda habar berdi. Türkmenistan tarapyndan gurnalan we “Türkmenhowaýollarynyň” ýörite gatnawynda amala aşyryljak uçuş, Stambulyň halkara aeroportynyň resmi saýtynda aýdylmagyna görä, ýerli wagt bilen sagat 10:00-da açar.    Şeýle-de habarda... Читать дальше...

Ermenistan Türkiýe bilen gepleşikleriň diplomatik gatnaşyklarda, serhetleri açmagyna garaşýar

Azathabar.com 

Ermenistan Türkiýe bilen diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagyna we, 14-nji ýanwarda gatnaşyklary kadalaşdyrmak boýunça Moskwada başlanjak gepleşikler netijesinde, iki ýurduň arasyndaky serhetleriň açylmagyna garaşýar diýip,  Ermenistanyň Daşary işler ministrligi aýdýar. Bu iki ýurt arada ençeme ýyllap dowam eden duşmançylykdan soň gatnaşyklary düzetmäge synanyşýar. Günorta Kawkaz sebitinde has giň sebitara parahatçylyk tagallalarynyň bir bölegi hökmünde geçiriljek gepleşikleriň birinji tapgyry Russiýanyň araçylygynda başlanar. Читать дальше...

KHŞG ýurtlarynyň goranmak ministrleri Gazagystandan goşun çykarmak kararyna gol çekdi

Azathabar.com 

Kollektiw howpsuzlyk şertnamasy guramasy (KHŞG) ýurtlarynyň goranmak ministrleri Gazagystanyň çägine getirilen daşary ýurt goşun bölümlerini çykarmak baradaky ylalaşyga gol çekdi diýip, Orsýetiň RBK neşiri KHŞG-nyň sekretariatyna salgylanyp habar berdi. "Goranmak ministrliginiň baştutanlary KHŞG-nyň goranmak ministrleriniň Geňeşiniň bilelikdäki kararyna, Kollektiw howpsuzlyk şertnamasy guramasynyň agza döwletleriniň Gazagystan Respublikasynyň çäginde ýerleşdirilen  goşun bölümleriniň hemişelik... Читать дальше...


Спорт в России и мире

Новости спорта


Новости тенниса
Новак Джокович

Что чаще всего едят на завтрак дети Елены и Новака Джокович?






Мигранты нашли иммунитет от "тяжёлой руки Бастрыкина"? Что не так в законе о сборе биометрии у приезжих

16 фасадов обновят в Зарайске в рамках программы капремонта в этом году

ЖК «Московский» достроят в Сергиевом Посаде к 2025 году

После убийства мотоциклиста подозреваемый отправился поужинать в кафе