ru24.net
World News in Turkmen
Июнь
2022
1 2 3 4 5 6 7 8 9 10 11 12 13 14 15 16 17
18
19 20 21 22 23 24 25 26 27 28 29 30

Новости за 06.06.2022

Lebapda we Balkanda ilatdan maska dakynmazlyk talap edilýär

Azathabar.com 

Pandemiýanyň başyndan bäri ýurduň çäginde koronawirusyň ýeke hadysasynyň hem hasaba alynmandygyny öňe sürýändigine garamazdan, berk maska düzgünini girizen türkmen häkimiýetleri ýurduň käbir sebitlerinde ilata maska dakynmagy gadagan edýär.

Öňki prezidentiň saparyna taýynlanýan Lebapda arzan azyk önümleri peýda boldy

Azathabar.com 

Lebap welaýatynyň dolandyryş merkezi Türkmenabat şäheriniň bazarlarynda we döwlet dükanlarynda ilata arzan bahadan satylýan azyk önümleriniň käbir görnüşleri peýda boldy. Geçen hepdäniň ahyrynda türkmenabatlylara towuk budy we günebakar ýagy çäkli möçberde satylyp başlandy. Ýaşaýjylar häkimiýetleriň bu çäresini Türkmenistanyň öňki prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň sebite etmegine garaşylýan saparynyň öňüsyrasynda "emeli azyk bolçulygyny" döretmek tagallalary diýip häsiýetlendirýärler. Azatlyk... Читать дальше...

Saýlaw komissiýasy: Gazagystanda ses berijileriň 80%-i konstitusiýa üýtgetmelerini goldady

Azathabar.com 

Gazagystanyň Merkezi saýlaw komissiýasy 5-nji iýunda geçirilen referendumda ses berijileriň uly böleginiň ýurduň Konstitusiýasyna girizilmegi hödürlenýän goşmaçalary makullandygyny yglan etdi. Baş kanuna hödürlenýän üýtgetmelere laýyklykda, şol sanda ýurtdaky karar kabul etmek prosessiniň merkezleşdirilmegi gowşadylýar, şeýle-de ozalky prezident Nursoltan Nazarbaýewiň “milletiň atasy” ady aýrylýar. Referendumda sese goýlan 56-a golaý konstitusiýa üýtgetmesi baradaky teklipler ýanwar aýynda bolan ganly tolgunyşyklardan soň edildi. Читать дальше...

Demirgazyk Koreýa ballistiki raketa synaglaryny geçirdi

Azathabar.com 

Demirgazyk Koreýa 5-nji iýunda sekiz dürli sebitden ballistiki raketalary atdy. Mundan bir gün öň, Günorta Koreýa we Birleşen Ştatlar, soňky dört ýylyň içinde ilkinji gezek ABŞ-nyň uçar göteriji gämisiniň hem gatnaşmagyndaky, bilelikdäki harby türgenleşiklerini tamamladylar. “Biziň harbylarymyz Demirgazyk Koreýanyň gysga aralyga niýetlenen sekiz raketany atanyny hasaba aldylar” diýip, Seulyň baş dolandyryş harby ştaby mälim etdi. Maglumata görä, raketalar 30 minut tapawut bilen, dürli sebitlerden... Читать дальше...

Eýranda agan binada ölenleriň sany 41-e ýetdi

Azathabar.com 

Eýranyň Abadan şäherinde binanyň agmagy netijesinde heläk bolanlaryň sany 41-e ýetdi. Bu barada 6-njy iýunda eýran resmileri habar berdiler. Resmiler 23-nji maýda agan binada heläk bolanlaryň sanynyň has köp bolmagynyň mümkindigini duýdurýarlar. Eýranyň resmileri hadysada ýitirim bolanlaryň sany barada hiç hili maglumat bermediler. 10 gatly ýaşaýyş we täjirçilik binasy aganda 37 adam şikes aldy. Häkimiýetler hadysa sebitäki korrupsiýanyň we pes hilli howpsuzlyk şertleriniň sebäp bolandygyny aýdýarlar. Читать дальше...


Спорт в России и мире

Новости спорта


Новости тенниса
WTA

Шнайдер проиграла Бадосе на старте турнира WTA в Штутгарте






Обсуждать проблемы напрямую

55-летнего маньяка-насильника из Тулы задержали в Москве

Важная помощь бойцам, наступающим у Авдеевки и Артёмовска, от читателей «Русской Весны» (ВИДЕО)

Трассу М-12 подготовят к майским праздникам и лету