ru24.net
World News in Turkmen
Июнь
2022
1 2 3 4 5 6 7 8 9 10 11 12 13 14 15 16 17
18
19 20 21 22 23 24 25 26 27 28 29 30

Новости за 07.06.2022

Türkmenistanda işe ýerleşmekdäki paranyň möçberi "onlarça müň dollara çenli ýetýär"

Azathabar.com 

"Türkmenistanyň edara-kärhanalarynyň ýolbaşçylary boş iş ýerleri, şol sanda işe alnan we işden çykarylan işgärleriň sany barada özlerine gözegçilik edýän döwlet edaralaryna her aý hasabat berýärler. Gynansakda, bu boş iş ýerleri ilatyň iş bilen üpjünçiligi müdirliklerinde ýyllarboýy nobatda duran işsiz adamlara berilmeýär. Edaranyň ýolbaşçylary iş orunlaryny satýarlar. Raýatlar, şol sanda tejribeli hünärmenler islendik işe ýerleşmek üçin müňlerçe dollar möçberinde para bermeli bolýarlar" diýip, ýurduň... Читать дальше...

Lebap: Gara bazarda dollar 17 manada arzanlady. Arzan towuk budy çäksiz satylyp başlandy

Azathabar.com 

Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäherinde dollaryň gara bazardaky nyrhy duýdansyz arzanlady. Munuň bilen bir wagtda, sebit ilatyna arzan towuk butlary çäksiz möçberde satylyp başlandy. Söwda resmileri we gara bazar söwdagärleri bu özgerişlikleriň anyk sebäplerini düşündirip bilmeýärler. Ýöne bu wakalar Türkmenistanyň öňki prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň sebite etmegine garaşylýan saparynyň öňüsyrasyna gabat gelýär.

Aşgabatda jazz konserti köp tomaşaçy jemledi

Azathabar.com 

Bu gezek paýtagtyň aýdym-saz muştaklary jazz sazyndan hoşal boldular. 4-nji we 5-nji iýunda Türkmenistanyň Döwlet medeni merkezi Mukamlar köşgünde jazz sazyna konsert-ekskursiýa geçirildi. Azatlyk Radiosynyň habarçysy konsertiň geçişi barada Aşgabatdan habar berýär.

Häkimiýetleriň gowşadan COVID düzgünleri 'de facto saklanýar'

Azathabar.com 

Türkmen häkimiýetleriniň ýurtdaky COVID çäklendirmeleriniň gowşadylýandygyny yglan etmeginden soň, Azatlygyň habarçylary we çeşmeleri, Türkmenistanyň tejribesinde adatça bolşy ýaly, resmi derejede kabul edilen düzgünler bilen olaryň de facto, ýagny iş ýüzünde berjaý edilişiniň arasynda tapawudyň bardygyna ünsi çekýärler.

Boris Jonson ynamsyzlyk bildirmek ses berişliginde ýeňiş gazandy, ýöne...

Azathabar.com 

Britaniýanyň premýer-ministri Boris Jonson ynamsyzlyk bildirmek ses berişliginde ýeňiş gazandy, ýöne ses berişlegiň netijeleri Konserwatiw partiýadaky çuň agzalaçylykdan habar berýär. Britaniýanyň premýer-ministri Boris Jonson koronawirus pandemiýasynyň arasynda hökümet binalarynda geçirilen oturylyşyklaryň äşgär edilmegi bilen tutaşan ynamsyzlyk bildirmek ses berişliginden aman aldy. Jonson 6-njy iýunda geçirilen ses berişlikde 359 konserwatiw kanun çykaryjydan, 59 göterimlik ara tapawut bilen, 211 ses aldy. Читать дальше...


Спорт в России и мире

Новости спорта


Новости тенниса
Мария Шарапова

Первая ракетка России рассказала об общении с Шараповой






Сын Орбакайте и Преснякова посетил концерт Земфиры, закрыв себе дорогу в Россию

Подмосковные пенсионеры посетили туристические объекты региона

Дзюба – в запасе «Локомотива» на матч против «Пари НН»

«Где ваши манеры?»: интервью со звездным экспертом по этикету Дианой Булатовой