ru24.net
World News in Turkmen
Июнь
2022
1 2 3 4 5 6 7 8 9 10 11 12 13 14 15 16 17
18
19 20 21 22 23 24 25 26 27 28 29 30

Новости за 15.06.2022

Gurbanguly Berdimuhamedowyň yz ýany, Serdar Berdimuhamedowyň Lebap sebitine sapar etmegine garaşylýar

Azathabar.com 

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň başlygy, öňki prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň yz ýany, prezident Serdar Berdimuhamedowyň Lebap sebitine sapar etmegine garaşylýar. Azatlyk Radiosynyň Lebap welaýatyndaky çeşmeleri, sebitde Serdar Berdimuhamedowyň saparyna görülýän taýýarlyk işleriniň Gurbanguly Berdimuhamedowyň saparyna görlen taýýarlykdan tapawutlanmaýandygyny aýdýarlar. Uly Berdimuhamedowyň saparynyň öň ýany, sebit merkezi Türkmenabadyň köçelerinden goýy reňkli awtoulaglar ýygnaldy.

Türkmenistan bilen Eýran özara düşünişmek boýunça dokuz memoranduma gol goýdy

Azathabar.com 

Türkmenistanyň prezidenti Serdar Berdimuhamedow, Eýrana amala aşyrýan iki günlük resmi saparynyň dowamynda, 15-nji iýunda prezident Saýed Ebrahim Raisi bilen gepleşikleri geçirdi. Tähranda Saadabad köşkler toplumynda geçirilen resmi garşylamak dabarasyndan soň, ýurt baştutanlarynyň gysga formatdaky gepleşikleri geçirildi diýip, hökümetçi ýarym-resmi türkmen neşiri maglumat berýär. Serdar Berdimuhamedow Tährana 14-nji iýunda giçlik, eýran prezidentiniň çakylygy boýunça geldi. Bu onuň prezident... Читать дальше...

Sinjiangda gazaklaryň üstünden zulum etmek: täze ummasyz köp subutnamalar. Ony barlaýjy bilen söhbetdeşlik

Azathabar.com 

ABŞ-daky barlaglar merkezi Hytaý polisiýasynyň içerki kompýuter torlaryna aralaşmaga mümkinçilik tapandan soň, ýakynda "Sinjiang polisiýa faýllary" atly hasabaty çap etdi. Onda uýgurlara we gazaklara garşy zorlugyň on müňlerçe suraty we wideo subutnamasy bar. Azatlyk Radiosynyň Gazak gullugy Sinjiang polisiýasynyň kompýuterlerinden alnan faýllary seljerýän Kommunizmiň pidalarynyň ýadygärligi gaznasyndan, hytaý barlaglarynyň müdiri, alym Adrian Zens bilen söhbetdeş boldy. Zens ýapyk edaralaryň tussaglary... Читать дальше...

Nawalny türmeden näbelli bir ýere äkidildi

Azathabar.com 

Rus oppozisiýa syýasatçysy Alekseý Nawalny jeza koloniýasyndan näbelli bir ýere äkidildi diýip, Kreml tankytçysynyň egindeşleri mälim etdiler. “Alekseý Nawalny 2-nji belgili düzediş koloniýasyndan äkidildi. Ony görmek islän aklawçysy kabulhanada öýlän sagat 2-ä çenli garaşdyryldy. Soňra-da, oňa: ‘Bizde bular ýaly tussag ýok. Biz Alekseýiň häzir nirededigini we haýsy koloniýa alnyp barylýandygyny bilmeýäris’ diýip, jogap berdiler” diýip, Nawalnynyň metbugat sekretary Kira Ýarmyş Twitter hasabynda ýazgy galdyrdy. Читать дальше...


Спорт в России и мире

Новости спорта


Новости тенниса
WTA

Потапова победила Самсонову в первом круге турнира WTA в Штутгарте






Самых инициативных старост деревень наградили в Чехове

В Апрелевке начали устройство опор путепровода

Рассказ - притча КОД ХРИСТА русского вологодского писателя Андрея Малышева

Прокуратура утвердила обвинение режиссеру Беркович и драматургу Петрийчук