ru24.net
World News in Turkmen
Июнь
2022
1 2 3 4 5 6 7 8 9 10 11 12 13 14 15 16 17
18
19 20 21 22 23 24 25 26 27 28 29 30

Новости за 17.06.2022

Aşgabadyň ýaşaýyş jaýlarynda bir günden gowrak wagtlap suw bolmady

Azathabar.com 

Aşgabatda ýene-de ýaşaýyş jaýlarynda suw üpjünçiligi köpçülikleýin kesildi. Şäher merkezindäki köp adamly etraplaryň ýaşaýjylary, iki gün töweregi kwartiralar suw bilen yzygiderli üpjün edilmedi. Azatlyk Radiosynyň Aşgabatdaky habarçylary bu barada 16-njy iýundan bäri habar berýärler.

Aşgabatda käbiri bazar nyrhyndan-da gymmat subsidirlenen önümler satylyp başlandy

Azathabar.com 

Aşgabadyň döwlet dükanlary ilata subsidirlenen bahadan berilýän azyk önümleriniň käbir görnüşlerini, şekeri, towuk buduny we ýumurtgany gaýtadan paýlap başlady. Ýöne olaryň käbiriniň bahalary hususyýetçilerdäkiden hem gymmat bolsa, käbiri bazar bahalary bilen deň nyrhda satylýar. Bu barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy Aşgabatdan maglumat berdi. "Häzir paýok önümlerini aýda iki sapar getirýärler. Onuň düzüminde bir kilogramy 16 manatdan towuk budy bar. Towuk budunyň gaplanan bir pakedi 25-29 manada düşýär. Читать дальше...

Marynyň häkimiýetleri ulaglary köçä goýbermän, penjireleri açdyrman, häzirki we öňki prezidentleriň saparyna garaşýar

Azathabar.com 

Mary welaýatynda howpsuzlyk çäreleri güýçlendirilip, gözegçilikler berkedi. Mary şäheriniň esasy köçeleriniň ugrunda we köp gatly ýaşaýyş jaýlarynyň girelgelerinde howpsuzlyk işgärleri ýerleşdirildi. Şeýle-de, iýunyň 16-dan 17-ne geçen gije giň gerimli arassaçylyk işleri geçirildi. Bu başagaýlyklar, prezident Serdar Berdimuhamedowyň we onuň kakasy Gurbangulynyň sebite etmegine garaşylýan saparyna görülýän taýýarlyklar bilen baglanyşykly. Bu barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy Marydan habar berdi. Читать дальше...

Türkmen zyýaratçylary haja taýýarlanýar

Azathabar.com 

Türkmenistanda haj zyýaratynyň töweregindäki para-peşgeş aladalarynyň arasynda türkmenistanly musulmanlar haja taýýarlyk görýär. Azatlyk Radiosynyň habarçysy bu ýyl ýurt boýunça haj zyýaratyna ugradyljak adamlaryň anyk sanynyň heniz takyk däldigini, ýöne her welaýatdan 150 töweregi adamyň Saud Arabystanyna ugradylmagyna garaşylýandygyny habar berýär. Ýöne habarçymyz haja dalaşgärlerden “$3000 - $3500 aralygynda” töleg talap edilýändigini aýdýar. Ikinji habarçymyz bilen gürrüňdeş bolan haj zyýaratyna... Читать дальше...

Eýranda mugallymlar agyr ykdysady ýagdaýlara garşy protest geçirýärler

Azathabar.com 

Eýranyň dürli künjeklerinde mugallymlar özleriniň dört kärdeşiniň heniz hem tussaglykda saklanmagyna, şeýle-de ýurtdaky agyr ykdysady ýagdaýlara protest bildirip, ýene-de köçelere çykdylar. 16-njy iýunda sosial torlarda peýda bolan wideolarda we suratlarda Eýranyň 20 töweregi şäherinde, şol sanda paýtagt Tähranda adamlaryň toplandygyny synlasa bolýar. Şekillerde köp sanly howpsuzlyk gulluklarynyň işgärlerini, şeýle-de olaryň käbir üýşmeleňleriň öňüni alýan pursatlaryny görse bolýar. Şaýatlaryň sözlerine görä... Читать дальше...


Спорт в России и мире

Новости спорта


Новости тенниса
ATP

Россиянин Сафиуллин потерял четыре места в рейтинге ATP






Гол Мартыновича помог «Рубину» сенсационно обыграть футболистов «Зенита»

Команда «Кристалл-Восток» стала чемпионом Подмосковья по хоккею

Российская компания «Гравитон» начала серийный выпуск твердотельных накопителей

Подмосковное предприятие представило лифт с дизайном от Лебедева