ru24.net
World News in Turkmen
Март
2023

Новости за 06.03.2023

Maryly býujet işgärleri saglyk kepilnamasynyň talap edilýändigini, özleriniň talanýandygyny aýdýarlar

Azathabar.com 

Mary welaýatynda edara-kärhanalaryň işgärlerinden saglyk kepilnamasyny tabşyrmak talap edilýär. Edara ýolbaşçylary kepilnamany tabşyrmadyk işgärleriň işe goýberilmejekdigini duýdurýarlar. Býujet işgärleri kepilnamany almak üçin ýüzlerçe manat möçberinde çykdajy etmeli bolýandyklaryny aýdyp, bu çäre "halkyň puluny talap, döwlet býujetini doldurmakdan başga zat däl" diýýärler. "Fewral aýynyň başynda edara-kärhanalar işgärlerden saglyk kepilnamasyny tabşyrmagy talap edip başladylar. Munuň üçin işgärler özlerine degişli saglyk öýlerine baryp... Читать дальше...

Türkmen studenti Kazanda wepat boldy

Azathabar.com 

Türkmenistanly student Kuwwat Soltanmyradow mart aýynyň başynda Kazanda, gijesini işleýän ýerinde, awtoulag hyzmat ediş stansiýasynda geçirende aradan çykdy diýip, “Turkmen.news” öz çeşmelerine salgylanyp ýazýar. Neşir onuň ildeşleriniň häzir merhumyň jesedini Türkmenistana ibermek üçin pul ýygnaýandyklaryny belleýär. Studentiň Kazanda ýaşaýan otagy gijelerine sowuk bolansoň, ol gijesini işde geçirmek kraryna gelipdir. Ýaş ýigidiň awtoulagyň motoryny öçürmän galdyryp, kömürturşy gazyndan zäherlenen bolmagynyň ähtimaldygy çaklanylýar. Читать дальше...

Balkanly lukmanlar: Koronawirus bilen keselleýän we bu keselçilikden ölýän çagalar köpelýär

Azathabar.com 

Balkan welaýatynda çagalaryň arasynda ýiti respirator we sary getirme keselleri köpelýär. Balkanly lukmanlaryň ençemesi bu çagalaryň aglabasynda COVID-19-yň bardygynyň anyklanýandygyny aýdyp, olaryň arasynda ölüm hadysalarynyň hasaba alnyp başlanandygyny belleýär. "Fewralyň ahyryndan bäri sebitiň hassahanalaryna getirilýän çagalaryň sany artdy. Olaryň aglabasy bedeniniň temperaturasynyň aşa ýokarlanmagyndan şikaýat edýär. Bu çagalara koronawirus testi edilýär we olaryň aglabasynyň Covid-19 bilen keselländigi anyklanýar. Читать дальше...

Mary – Türkmenabat ýolunda heläk bolanlaryň arasynda är-aýal hem bar

Azathabar.com 

Geçen hepde Mary-Türkmenabat awtomagistralynyň ugrunda dörän ýol hadysasynda ölenleriň arasynda bir maşgaladan bolan jübüt hem bar. Azatlygyň habarçysy 28-nji fewralda ýüze çykan ýol heläkçiliginiň käbir goşmaça jikme-jiklerini anyklamagy başardy. Mundan bir hepde ozal, Azatlyk Türkmenabatdan Mara gaýdýan takmynan 200 kilometrlik awtomagistralyň 90-njy kilometrinde, iki ýeňil awtoulagyň pete-pet gelip çakyşandygy barada habar berdi. Hadysada ýedi adam heläk boldy. Soňky maglumata görä, Mary welaýatyna... Читать дальше...

Ysraýyl Türkmenistanda hemişelik ilçihanasyny açar

Azathabar.com 

Ysraýyl öňki sowet respublikasy bolan Merkezi Aziýa döwletinde, Türkmenistanda hemişelik ilçihanasyny açar diýip, daşary işler ministri Eli Kohen bazar güni aýtdy. Açylyş dabarasy Ysraýylyň Eýranyň ýene bir musulman goňşusynda, Azerbaýjanda ýewreý döwletiniň ilkinji ilçihanasyny açýan wagtyna gabat gelýär. Bu iki diplomatik ädim Ysraýylyň sebitdäki täsiriniň güýçlenýändigini görkezýär diýip, ysraýyl metbugaty belleýär. Ysraýylyň ýokary derejeli diplomaty ýakyn wagtda Türkmenistana baryp, paýtagt... Читать дальше...

Berdimuhamedow gurluşyklaryň depgininden nägile bolup, sport ulaglarynda 'ussatlygyny' görkezdi

Azathabar.com 

Türkmenistanyň Halk maslahatynyň başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Aşgabatda durmuş maksatly desgalaryň, hususan-da Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalaryna ynanylan gurluşyklaryň haýallygyndan nägile boldy diýip, türkmen metbugaty hepde ahyrynda habar berdi. Öňki prezident öz nägileliklerini Ministrler kabinetiniň başlygynyň senagat we gurluşyk toplumyna gözegçilik edýän orunbasary Baýmyrat Annamämmedowa, Aşgabat şäheriniň häkimi Rahym Gandymowa ýüzlenip aýtdy we olaryň ýol berlen... Читать дальше...

Aşgabatda 8-nji marta bagyşlanan kitap ýarmarkasy geçirildi

Azathabar.com 

“Gülzemin” söwda we dynç alyş merkezinde kitap ýarmarkasy geçirildi diýip, türkmen metbugaty habar berýär. 8-nji mart, Halkara zenanlar güni mynasybetli geçirilen ýarmarkada çagalar üçin çykarylan kitaplar, “Ýaşlyk” teleýaýlymynyyň “Siziň üçin, körpeler!” gepleşigi, Gurjak teatrynyň, Döwlet sirkiniň taýýarlan sahnalary görkezildi diýip, habarda bellenýär. Şeýle-de, ýarmarkada dürli ýaşly çagalara niýetlenen kitaplaryň satylandygy aýdylýar, emma satylan kitaplaryň hiç biriniň ady agzalmaýar. Bu çäre Telewideniýe... Читать дальше...


Спорт в России и мире

Новости спорта


Новости тенниса
WTA

Рыбакина, наряду со Свёнтек, имеет 70% побед на WTA-1000 против соперниц из топ-10






Боец MMA Минаков рассказал о своей мотивации для возвращения в спорт

Эксперт Президентской академии в Санкт-Петербурге о переходе системы высшего образования на единые стандарты

Четвертый энергоблок Белоярской АЭС вывели на полную мощность

Реконструкция Голутвинского подводного газопровода близится к завершению