ru24.net
World News in Turkmen
Март
2023

Новости за 22.03.2023

“Her molla öz bilenini okar”. Häkimiýetler döwlet bilen ilteşigi bolmadyk mollalara basyş edýär

Azathabar.com 

Türkmenistanda häkimiýetleriň Yslama uýýanlaryň dini däp-dessurlary bilen bagly basyşlaryny güýçlendirmegi netijesinde, märekede aýat-doga okaýan mollalar ilatyň bu baradaky haýyşlaryndan ýüz öwürip başladylar. Şol bir wagtda, döwletiň garamagyndaky metjitlerdäki dini işgärleriň raýatlaryň sadakasyny sowmak üçin soraýan “aklygynyň” aglaba ilatyň güýç ýeterinden has köpdügi bellenilýär.

Aşgabatda azyk gymmatlaýar. Tekjede 7 manat bahalanýan sogan 18 manatdan bärde berilmeýär

Azathabar.com 

Aşgabatda azyk harytlarynyň, hususan-da gök-bakja önümleriniň bahasy gymmatlaýar. Söwdagärler tekjelerde azyk harytlarynyň döwlet tarapyndan kesgitlenen bahalaryny ýerleşdirseler-de, alyjylara olary iki-üç esse ýokary bahadan satýarlar. Bu ýagdaýdan nägile bolýan alyjylar häkimiýetleriň nyrhlara gözegçilik etmeýändigini aýdýarlar.

Türkiýeden wizasyz gelen türkmen ýolagçylary soraga çekilýär

Azathabar.com 

Aşgabadyň aeroportunda Stambul ugry bilen gelýän türkmen raýatlary köpçülikleýin soraga çekilýär. Howpsuzlyk işgärleri ozaldan Türkiýä wizasy bolanlary päsgelçiliksiz geçirip, beýleki ýolagçylaryň syýasy garaýyşlary bilen gyzyklanýarlar. Bu barada golaýda Türkiýeden dolanan migrant Azatlyga gürrüň berdi.

"Otluda 12 sagatlap dik aýak üstünde gitdim”

Azathabar.com 

Balkan welaýatynda zähmet çekýän içerki migrantlar, 21-nji martda belleniljek Nowruz baýramynyň öňüsyrasynda, öz ýaşaýan sebitlerine aşmakda kynçylyk çekýärler. Muňa ýurduň uçar we otly gatnawlarynyň ýolagçylaryň talabyny ödäp bilmezligi sebäp bolýar. Bu bökdençlikler uçar we otly biletleriniň töweregindäki para-berimi hem möwjedýär.



Hytaýyň başlygy türkmen kärdeşini “Merkezi Aziýa-Hytaý” sammitine çagyrdy

Azathabar.com 

Hytaý halk respublikasynyň başlygy Si Szinpin 21-nji martda Türkmenistanyň prezidenti Serdar Berdimuhamedowy Nowruz baýramy bilen gutlap, şu ýylyň maý aýynda Hytaýda geçiriljek “Merkezi Aziýa-Hytaý” formatynyň çäklerinde geçiriljek birinji sammite gatnaşmaga çagyrdy. “Iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlykda uly netijeleriň gazanylmagyny üpjün etmek üçin Siziň bilen Hytaýyň we Merkezi Aziýanyň arasyndaky gatnaşyklary hem-de hytaý-türkmen gatnaşyklaryny ösdürmegiň ägirt uly meýilnamalaryny ara alyp maslahatlaşmaga umyt edýärin” diýip... Читать дальше...

Ýasama arakdan zäherlenýän adamlar köpelýär, ‘arak belasy’ maşgalalara ‘gan gusdurýar’

Azathabar.com 

Türkmenistanda giň ýaýran “arakhorlyk belasynyň” arasynda, şu günler ýurduň günorta-gündogar sebitlerinde ýasama arakdan zäherlenýänler köpelýär. Ýapyk türkmen jemgyýetinde “arakhorlygyň” gerimini açyp görkezýän ylmy barlaglar ýok, ýöne ençeme türkmenistanlynyň tassyklamagyna görä, hususan-da, erkekleriň arasynda giň ýaýran “arak belasy” we “arakhorlyk keseli” sagdyn jemgyýete howp abandyrýan iň agyrly sosial meseleleriň birine öwrülip barýar. Spirtli içgileriň jogapkärçiliksiz we üznüksiz sarp edilmegi käbir maşgalalara “gan çaýkaýar”... Читать дальше...

Balkanda ýaremezan däbi dilegçiligiň bir görnüşine 'öwrülýär'

Azathabar.com 

Mukaddes Remezan aýynyň başlanmagynyň öňüsyrasynda, Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäherinde ýaremezan aýdýan çagalar köpeldi. Azatlyk Radiosynyň habarçysy ýurtda dowam edýän agyr ykdysady kynçylyklaryň arasynda, bu dini däp-dessuryň öz gymmatyny ýitirýändigini belläp, şu günler bu çäräniň dilegçiligiň bir görnüşine öwrülendigini aýdýar. "Öňki ýyllardan tapawutlylykda, bu ýyl çagalar diňe agşamara öýlere aýlanyp, ýaremezan aýdymlaryny aýtmaýarlar. Indi olar gündiz wagty şäheriň 'Kenar' bazarynyň... Читать дальше...

Iň gowy etraba berlen $1 mln baýrak nirä harçlandy?

Azathabar.com 

Türkmenistanda 2021-nji ýylyň jemleri boýunça iň gowy etrap ady bilen bir million amerikan dollaryny sylag alan Lebabyň Dänew sebitiniň ýaşaýjylary, bu pul serişdeleriniň hasabyna bar bolan sosial meseleleri çözmek wadalarynyň “boş arzuw” bolup çykandygyny aýdýarlar. Ýerli ilat merkezden daşky obalaryň ýagdaýlarynyň gözgyny wagtynda, her ýylda nirä sarp edilýäni belli bolman galýan pul serişdelerini baýrak berdik diýip, edilýän ‘gözboýagçylygyň’ nämä gerekdigine düşünmän galýandyklaryny aýdýarlar. Читать дальше...

Türkmen futbolçylarynyň birnäçesi daşary ýurt toparlary bilen şertnama baglaşdy

Azathabar.com 

Hökümetçi neşir türkmenistanly futbolçylaryň birnäçesiniň başga ýurtlaryň ýygyndy toparlaryna geçendigini habar berýär. Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň ýarym goragçysy Mirza Beknazarow futbol ýoluny Estoniýanyň Premium ligasynda dowam etdirer, ol “Narwa Trans” futbol topary bilen bir ýyllyk şertnama baglaşdy diýip, “Türkmenportal” habar berýär. 22 ýaşly futbolçy, geçen möwsümiň netijeleri boýunça, Türkmenistanyň futbol çempionatynyň nusgalyk düzümine girizildi diýip, habarda bellenýär. Şeýle-de... Читать дальше...

Lebap: 'Türkmenistan' awiakompaniýasy uçar biletlerini diňe online görnüşde satyp başlady

Azathabar.com 

"Türkmenistan" awiakompaniýasy Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäherin​däki edarasynda uçar biletlerini satmagy bes etdi. Agentligiň işgärleri müşderilere uçar biletleriniň mundan beýläk diňe online görnüşde satylýandygyny aýdýarlar. Bu waka, awiakompaniýanyň içerki howa gatnawlarynda üstaşyr we daşary ýurt ugurlary boýunça awiabiletleri öz web sahypasynda we mobile goşundysynda online satyn alyp bolýandygyny yglan etmeginden bir aý soňa gabat geldi. "Şu gün "Türkmenistan" awiakompaniýasynyň Türkmenabadyň... Читать дальше...

Halkyň hasabyna millete sowgat. Emomali Rahmonyň "haýyr-sahawatyny" kim töleýär?

Azathabar.com 

"Prezidentiň sowgady" diýilýän jümle Täjigistanyň döwlet propagandasynyň resmi diline şeýle bir ornaşypdyr, ony ulanmak indi hiç bir şübhe döretmeýär. Häkimiýetleriň tankytçylary “beýle sowgatlary” býujetiň hasabyna prezidentiň abraýy üçin edilýän hereket diýip atlandyrýarlar, häkimiýetlere ýakyn toparlar bolsa muny häzirki ýöredilýän syýasatyň çäklerinde kynçylyklary çözmegiň bir görnüşi hasaplaýarlar. 13-nji martda döwlet eýeçiligindäki “Ховар” gullugy "Täjigistan Respublikasynyň ulag ulgamyny... Читать дальше...

Pakistanda we Owganystanda adam pidalaryna getiren ýer yranmasy Türkmenistanda hem duýuldy

Azathabar.com 

Birleşen Ştatlaryň Geologiýa merkezi 21-nji martda Owganystanda 6,5 magnitýudly ýer yranmasynyň bolandygyny habar berdi. Metbugat habarlarynda ikinji gün Pakistanda we Owganystanda bolan ýer yranmasynda adam pidalarynyň hem bolandygy, azyndan 13 adamyň ölendigi habar berildi. Azatlygyň ýerli habarçylary sarsgynyň Aşgabatda, Türkmenabatda hem "güýçli" duýlandygyny habar berdiler. “Adamlar öýlerinden we iş jaýlaryndan gaçyp çykdylar, sarsgyn uzakdaky obalarda-da adamlary dowla saldy, Pakistanyň... Читать дальше...


Спорт в России и мире

Новости спорта


Новости тенниса
ATP

Медведев остался лучшим среди россиян в обновлённом рейтинге ATP, Рублёв — восьмой






Mash: актриса Александра Урсуляк задолжала 86 тыс. рублей из-за занятости

Ювелир Бакатов оценил обручальное кольцо Баскова в стоимость однушки в Москве

"Вот это я понимаю хрущевка!" — женщина купила "однушку" площадью 29 кв. метров и сделала классный ремонт

США требуют от Европы взять Путина на слабо. Здравый смысл покинул чат.