Ene-atalar: Banklar daşary ýurtlardaky talyplara iberilýän $250 puly gijikdirip geçirýär
Azatlyk Radiosynyň habarçylary mundan ozal oktýabr aýynda türkmen banklary tarapyndan daşary ýurtlarda bilim alýan talyplara 250 dollar möçberinde pul serişdesini döwletiň kesgitlän resmi alyş-çalyş nyrhyndan ýeňillikli geçirmäge rugsat berýän ýörite bir tilsimiň işe girizilendigini habar beripdiler.
“Banklar bu pullary gijikdirip geçirýär, ýa-da käbir banklar düýbünden geçirmezlik üçin, bahana gözleýär” diýip, lebaply ene-atalar aýdýar.
“Türkmenistan” döwlet täjirçilik bankynyň Türkmenabat şahamçasynyň bir işgäri Azatlyk Radiosynyň habarçysy bilen anonim gürrüňdeşlikde soňky üç gün çemesi wagtyň dowamynda daşary ýurda pul ugratmaga çalyşýan ene-atalaryň ençemesiniň pullarynyň geçirilip bilinmeýändigini gürrüň berdi.
“Her welaýatdaky banklara şeýle maksatlar bilen ýörite limit bölünip berilýär. Häzir banklardaky limit gutardy” diýip, bank işgäri aýdýar.
Ol öz şahamçalarynda 16-njy noýabrdan bäri 200 çemesi ene-atanyň degişli ýüztutmalarynyň nagt walýuta ýetmezçiligi sebäpli kanagatlandyrylman saklanylýandygyny aýdýar.
Saýat etrabyndan bolan bir talyp hossary Azatlyk Radiosynyň habarçysy bilen gürrüňdeşlikde “Halkbank” we “Türkmen-Türk” paýdarlar täjirçilik banklarynda şeýle bank amallaryny aşyrmakdan ýüz öwrülýändigini aýdýar.
“Türkmenbankdan [‘Türkmenistan’ döwlet täjirçilik bankyndan] çykyp, ‘Halkbanka’ bardym. Olar meniň elimdäki resminamalary görüp, ‘bu resminamalar biz üçin kabul ederlik däl’ diýdiler” diýip, saýatly ýaşaýjy aýdýar.
Ol beýleki resminamalar bilen bir hatarda daşary ýurtda bilim alýan perzendiniň ýokary okuw jaýynda bilim alýandygy barasyndaky tassyknamany hem bank işgärine uzadypdyr.
Ýöne bank işgäri bu resminama derek, talybyň ýaşaýan ýurdundaky täze ýaşaýyş rugsatnamasynyň göçürmesini, hem-de ýokary okuw jaýynyň töleg resminamasyny, şeýle-de “Visa” bank kartynyň göçürmesini talap edipdir.
Bu ‘Halkbanka’ ýüz tutan ýaşaýjynyň tejribesi. Beýleki bir talyp hossary degişli mesele boýunça özüniň Türkmen-Türk paýdarlar täjirçilik bankyna ýüz tutuşyny gürrüň berýär.
“Pul geçirmegi togtatdyk, ýokardan şeýle görkezme geldi” diýip, bank işgäri talyp hossarynyň ýüztutmasyny ret edipdir.
250 dollar möçberinde pul geçirmek ýeňilligini hödürleýän usulyň üsti bilen noýabryň birinji hepdesinde daşary ýurtda bilim alýan çagalaryna pul ibermegi başaran ene-atalar bar, ýöne olar heniz hem iberilen pullaryň degişli salgylara gowuşmandygyny aýdýarlar.
“Meniň noýabrda iberen pulum çagamyň hasabyna dekabr aýynda geçirilýär. Emma bu pul resmi taýdan dekabrda geçirildi diýlip hasaplanýar” diýip, dänewli ata gürrüň berýär.
Ene-atalar her aý özlerine 250 dollar möçberinde hödürlenýän pul geçirmek ýeňilliginiň, aslynda, iş ýüzünde her aýda geçirilmeýändigini aýdýarlar.
Noýabrda pul geçiren ene-atalar ikinji gezek dekabrda däl, ýanwarda pul geçirip bilýändiklerini aýdýarlar. Şeýlelikde, geçirim mümkinçiligi iş ýüzünde her aýda däl, her iki aýda bir gezek hödürlenýär.
Azatlyk Radiosy bu ýagdaýlar boýunça türkmen banklaryndan resmi teswir alyp bilmeýär.
Türkmenistanda öňden bäri dowam edýän maliýe-ykdysady kynçylyklaryň arasynda 2017-nji ýyldan başlap walýuta söwdasy güýçli çäklendirilip başlandy. Bu aralykda, ýurtda walýutanyň gara bazary emele gelip, manadyň resmi däl hümmeti hakykat ýüzünde walýutanyň garşysyna ymykly pese gaçyp başlady.
Bu ýagdaý hususan-da daşary ýurtlar bilen iş salyşýan raýatlara, şol sanda özge ýurtlarda bilim alýan raýatlaryň durmuşyna oňaýsyz täsir etdi.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.