Dört gün bäri gazsyz we elektriksiz galýan zähmetliler odun ýakyp gün görýär
Ýerli häkimiýetler meseläniň tiz wagtda çözüljekdigini wada berýär. Ýaşaýjylar odun ýakyp, gündelik zerurlyklaryny üpjün etmäge çalyşýarlar.
“23-nji noýabrda irden sagat 10-a golaý elektrik we gaz üpjünçiligini kesdiler. Şondan bäri birleşikdäki 700-den gowrak hojalyk toksuz we gazsyz otyr” diýip, ýerli ýaşaýjy anonimlik şertinde Azatlyk Radiosynyň sebitdäki habarçysyna gürrüň berdi.
Onuň tassyklamagyna görä, birleşigiň ýaşaýjylary gaz we elektrik üpjünçiliginiň dikeldilmegini sorap, ýerli häkimiýetlere yzygiderli ýüz tutýarlar.
“Ýerli hökümetiň wekilleri 'düýpden öçürildi, bize bagly bolmadyk sebäplere görä' diýip, öz başlaryndan sowýarlar. Olar 'toguň we gazyň üpjünçiligi tiz wagtda gaýtadan ýola goýlar' hem diýip, ilaty köşeşdirmäge çalyşýarlar” diýip, başga bir ýerli ýaşaýjy anonimlik şertinde aýtdy.
Habarçymyz häzirki wagtda ýaşaýjylaryň odun ýakyp, tok we gaz bilen bagly gündelik zerurlyklaryny üpjün etmäge çalyşýandygyny aýdýar.
“Ýaşaýjylaryň häzirki hökümete ynamy bolmansoň, tomus aýlarynda odun satyn alyp taýýarlyk gördüler. Gaz we tok tomus paslynda-da, geçen gyş aýlarynda-da kesilensoň, halkyň agzy bişen. Şol sebäpli ilat öňünden satyn alan odunlaryny ýakyp, öýüni ýyladýar, suw gyzdyryp, çaý gaýnadýar we nahar bişirýär” diýip, ýerli ýaşaýjy belledi.
Azatlygyň bu ýagdaýlar barada degişli häkimiýetler, şol sanda etrap elektrik we gaz üpjünçilik edaralary bilen telefon arkaly habarlaşmak synanyşyklary oňyn netije bermedi.
Energiýa serişdelerine, hususan-da tebigy gaza baý Türkmenistanda ilatyň gündelik durmuşynda sarp edýän iň esasy zerurlyklaryň başynda gelýän elektrik, gaz we suw üpjünçilikleriniň kesilmegi bilen bagly ýagdaýlar ýyllarboýy ýüze çykýar.
Kesilmeler, hususan-da, ilat arasynda elektrige, gaza we suwa bolan talabyň güýçlenýän mahaly, tomus we gyş aýlarynda ýygjamlaşýar.
Şu hepdäniň başynda Balkandaky habarçymyz Türkmenbaşynyň etrap merkezinde geçen hepdäniň duşenbe we sişenbe günlerinde gaz üpjünçiliginiň doly kesilendigini, üpjünçilik gaýtadan dikeldilende bolsa, gazyň basyşynyň peselendigini habar berdi.
Häkimiýetler yzygiderli häsiýete eýe bolýan bu problemalaryň anyk sebäplerini düşündirmeýärler. Resmi metbugat hem, ýurduň dürli sebitlerinde emele gelýän üpjünçilik meseleleri barada asla habar bermeýär.
Ýöne hünärmenler käbir sebitlerde täze elektroenergetika, gaz we suw desgalary gurlup işe girizilse-de, ýurduň aglaba böleginde esasan sowet ýyllarynda ulanylmaga berlen elektrik, suw we gaz üpjünçilik ulgamlaryndan peýdalanylýandygyny aýdýarlar.
“Düýpli abatlaýyş işlerine mätäç turbalar, simler ilatyň gaza, suwa we elektrige bolan artýan talabyny ödemekde kynçylyk çekýär. Netijede, turbalar, simler hatardan çykyp, üpjünçiligiň kesilmegine getirýär” diýip, maryly elektrik hünärmeni anonimlik şertinde gürrüň berdi.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.