Добавить новость
ru24.net
World News in Turkmen
Февраль
2025
1
2 3 4 5 6 7 8 9 10 11 12 13 14
15
16 17 18 19 20 21 22
23
24 25 26 27
28

Balkanly ýaşaýjylar ýylynmak kynçylygyny başdan geçirýärler.

0
Balkanly ýaşaýjylar gyşyň sowugynda ýylynmak kynçylygyny başdan geçirýärler. Günbatar welaýatyň oba ýerlerinde gazyň üpjünçiligi uzak wagtlap kesilýär, käbir ýerlerde tas berilmeýär. Azatlygyň habarçylary we çeşmeleri Balkandaky ýagdaý barada 24-nji fewralda maglumat berdiler.


Bereket etrabynyň Kanaý, Oboý, Gurbanmämmet obalarynda ýaşaýan ilat şu gyşyň dowamynda tebigy gaz bilen kadaly üpjün edilmändir. Ýaşaýjylar her kim öz mümkinçiligine görä, gün görmäge synanyşýar.


"Ilat gyşyň sowuk günlerinde odun we peçler üçin ýangyja ýaraýan dürli serişdeleri ulanýar. Maddy ýagdaýy ganymat bolan ýaşaýjylar gaz balonlaryny we suwuklaşdyrylan gaz satyn almak bilen gyşy geçirmeli boldular" diýip, balkanly çeşmeleriň biri gürrüň berdi.




Azatlyk Radiosy bilen anonimlik şertinde gürrüňdeş bolan ýerli çeşmeler agzalan üç obada jemi 10 müňe golaý adamyň ýaşaýandygyny, olardan ýarysyna golaýynyň tas tutuş gyşy gazsyz geçirendigini gürrüň berdiler.


"Gurbanmämmetde elektrik üpjünçiligi pes, gaz tas dolulygyna bolmady. Kanaý obasynda hem hojalyklara gaz gyşda ýekeje gün hem berilmedi" diýip, ýene bir çeşme gürrüň berdi.


Balkan welaýatynyň beýleki etraplarynda hem gazyň we elektrik togunyň üpjünçiligi pes bolupdyr.


Gyzylarbadyň köp daýhan birleşikleriniň çetki obalarynda tebigy gazyň kadaly berilmezligi ilaty köseýär.


Garasenger, Tutly we Parow daýhan birleşiklerinde ilatyň 30% çemesiniň hojalyklaryna tebigy gaz kadaly berilmeýär. Ýerli ýaşaýjylar gaz üpjünçiliginiň kesilip durýandygyny ýa-da basymynyň örän pesdigini gürrüň beriler.


Ýaşaýjylar gaz üpjünçiligindäki kemçilikleriň ýerli häkimiýetler tarapyndan düşündirilmändigini gürrüň berdiler. Emma käbir obalarda gaz ballonlaryň söwdasy häkimiýetler tarapyndan ýola goýlupdyr.


"Etrabyň Gaz üpjünçilik edarasy 1 sany 50 kilogramlyk propan balonyny 100 manada käte 200 manada para görnüşde doldurup berýär. Ol diňe nahar bişirmek üçin ulanmagymyza bolýar. Gaz balonlary öýi ýylatmak üçin ulansak iki günde gutarýar" diýip, oba ýaşaýjysy aýtdy.


Azatlyk Radiosy Gyzylarbat we Bereket etraplarynyň häkimliklerinden we Balkan welaýatynyň administrasiýasyndan maglumat almaga synanyşdy. Emma telefon arkaly eden jaňlarymyza jogap berilmedi.


Gaz üpjünçiligi bilen bagly ýagdaýdan habarly ýerli çeşmeleriň anonimlik şertinde gürrüň bermegine görä, gaz üpjünçiliginiň keilmegine gazgeçiriji turbalaryň çüýräp sandan çykmagy sebäp bolupdyr. Olary täzelemek üçin serişde berilmeýär.


Ilatly ýerleriň gaz üpjünçiliginiň gowşak bolmagy, käbir ýerlerde asla bolmazlygy adamlaryň ýagdaýdan çykalga gözlemegine sebäp boldy, şeýle-de odun we ýangyç serişdeleriniň söwdasynyň döremegine itergi berdi.


"Gyzylarbatda we Bereketiň obalarynda odun edinmek maksady bilen gumdan sazak getirip satýan adamlar we öz hojalygyny üpjün etmek üçin guma gidip sazak getirýän adamlar köp boldy" diýip, balkanly ýaşaýjy gürrüň berdi.


Çeşmeleriň sözlerine görä, sazagy ýakmak gadagan bolsa-da, adamlar töwekgelçilige baş goşýarlar. Käte tebigaty goraýjy edaralaryň ýa-da polisiýanyň işgärleri tarapyndan tutulýan adamlar jerimä sezewar bolýar. "Sazak Gyzyl kitaba girizilen ösümlik hatarynda hasap edilýär. Şu sebäpden birnäçe oba ýaşaýjysy jerimä sezewar edildi" diýip, balkanly polisiýa işgäri aýtdy.




Dag etegindäki obalaryň ýaşaýjylary gumdan odun getirmek üçin bileleşip ulag tutýandygyny gürrüň berdiler. "Biz üç hojalyk bolup, bir traktoryň puluny gürleşdik we gumdan sazak çöpläp, getirdik. Traktor eýesine 600 manat töledik. Bir traktorlyk odun üç hojalygyň iki hepdeläp ýylanmagyna ýetýär" diýip, ýaşaýjy gürrüň berdi.


Şu ýylyň gyşynda ýaşaýyş jaýlaryny ýylatmak problemasyna ýurduň ähli welaýatlarynyň we paýtagtyň ýaşaýjylary duçar boldy.


Şäherlerde binalaryň ýyladyş sistemasynda ýüze çykan näsazlyklar, şol sanda gyzgyn suwly turbalaryň ýarylmagy, beýleki ilatly ýerlerde, şol sanda obalarda gazyň, toguň kesilmegi ýaşaýjylaryň sowukda ýylynmakda kynçylyklary başdan geçirmegine sebäp boldy.


Elektrik energýasy, gaz we suw üpjünçiliginiň kesilmegi gyş aýlarynda ençeme gezek Aşgabatda hem boldy.


Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.


Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.



Moscow.media
Частные объявления сегодня





Rss.plus




Спорт в России и мире

Новости спорта


Новости тенниса
WTA

Россиянка Калинская снялась с турнира WTA в Мексике






Станислав Дмитриевич Кондрашов: о важности целеполагания и планирования для достижения успеха

В Москве двое покупателей «ВкусВилла» угрожали расстрелять очередь на кассе

Дарья Донцова посетила СИЗО в Москве

Стартовало серийное производство зимних шин Viatti Nordico 2