Adam hukuklaryny goraýjylar türkmen raýatlary üçin hereket azatlygyny talap edýärler
Türkmenistana gaýdyp baransoň, raýatlaryň köpüsi ýene-de çynlakaý kynçylyklar bilen ýüzbe-ýüz bolýarlar. Täze pasport alyp, daşary ýurda gidip bilmeýärler diýip, "Türkmen Helsinki Fondy" tarapyndan 26-njy fewralda ýaýradylan beýanatda aýdylýar.
"Migrasiýa gullugynyň işgärleri, Türkmenistanyň raýatlarynyň käbir kategoriýalary üçin syýahat etmek üçin köp ýyllyk gadaganlyk girizip, bu gadagançylygyň - özbaşdak bir jeza görnüşidigini dilden aýdýarlar. Bu raýatlaryň daşary ýurtlarda maşgalalary we ýakynlary galýar we planlary puja çykýar" diýlip, maglumatda bellenýär.
Syýahat gadaganlyklaryny girizmek bilen, türkmen häkimiýetleri raýatlaryň hereket azatlygyna bolan esasy hukugyny gödek bozýarlar. Şeýle syýasat döwletiň içerde we daşary ýurtlarda türkmen raýatlaryna barha artdyrýan gözegçiligi baradaky aladalary döredýär diýlip, habarda aýdylýar.
Şu sebäpden adam hukuklaryny goraýjy guramalaryň wekilleri Türkmenistanyň prezidentiniň adyna ýüzlenme çap edip, türkmen häkimiýetleriniň pasport bermekden ýüz öwürmegi sebäpli daşary ýurtlarda bikanun galan türkmen raýatlary üçin “pasport amnistiýasy” barada karar çykarmaga çagyrýarlar.
Beýanatda, hususan-da, raýatlara daşary ýurtdaky konsullyk we diplomatik wekilhanalary arkaly täze daşary ýurt pasportlaryny almaga we resmileşdirmäge rugsat bermek; raýatlaryň özlerine degişli syýahat çäklendirmeleri onlaýn barlamaga mümkinçilik döretmek; pasportlaryň möhleti geçen we raýatlaryň Türkmenistandan çykmagyny çäklendirýän eden-etdilikli tejribeleri ýatyrmak ýaly talaplar öňe sürülýär.
Bilelikdäki beýanata gol çeken 11 guramanyň arasynda adam hukuklaryny goraýjy türkmen, halkara we merkezi aziýaly guramalar bar.
Türkmenistan öz raýatlaryna pasporty diňe ýurt içinde berýär. Bu türkmen raýatlarynyň daşary ýurtlara syýahat etmegini kynlaşdyrýar. Migrasiýa gulluklarynda biometriki pasporty almak isleýänleriň nobatlary iki ýyla uzady.
Şeýle-de, Türkmenistanda raýatlar daşary ýurtlara gaýdýan halkara reýslerinden sebäbi düşündirilmezden düşürilýär. Azatlygyň habarçylary anyk ýagdaýlar barada yzly-yzyna maglumat berýärler.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.