Aýal-gyzlar: Pul sowgadynyň mukdary türkmen hökümetiniň abraýyny ýer bilen ýegsan edýär
Azatlyk Radiosynyň Balkan welaýatyndaky habarçysy bilen söhbetdeş bolan aýal-gyzlaryň ençemesi sowgadyň mukdarynyň “türkmen hökümetiniň abraýyny ýer bilen ýegsan edýändigini” aýtdy.
Prezident Serdar Berdimuhamedowyň 21-nji fewralda gol goýan buýrugyna görä, aýal-gyzlara 60 manat möçberinde pul sowgatlary 2025-nji ýylyň 1 – 6-njy marty aralygynda gowşurylar.
Bu sowgat edaralarda we kärhanalarda işleýän aýal-gyzlara, pensionerlere, döwlet kömek puluny alýanlara, aspiranturada, doktoranturada we kliniki ordinaturada, ýokary we orta hünär okuw mekdeplerde okaýan talyp gelin-gyzlara hem-de okuwçylara berler.
Buýrukda zenanlaryň döwlet berkararlygyny berkitmekde, sagdyn, watansöýüji nesli kemala getirmekde möhüm orun eýeleýändigi aýdyldy.
Bir desse gül satyn alyp bolmaýar
Emma zenanlaryň köpüsi sowgadyň mukdarynyň azydygyny aýdyp, ondan şatlyk duýmaýarlar. Habarçymyz bilen anonimlik şertinde söhbetdeş bolan balkanly zenanlaryň ençemesi häzir bu serişdä bir desse gül hem düşmeýändigini aýdýar.
Bellesek, ýurtda manadyň hümmetiniň üýtgeýändigine we azyk, senagat önümleriniň, şeýle-de hyzmatlaryň ýylyň-ýylyna gymmatlaýandygyna garamazdan, türkmen hökümeti sowgadyň möçberini ýedi ýyllap 60 manat derejesinde saklap gelýär.
Habarçymyz häzir iň arzan bahadan satylýan bir desse gülüň 150 manada, bir sany şampunyň 130 manada barabardygyny aýdýar.
Şeýle-de bolsa, bu serişdä käbir zatlary, has takygy, aşakdaky sanawda, hususan-da, zenanlar üçin niýetlenen harytlardan haýsy-da bolsa diňe birini satyn alyp bolýar:
Aýallar üçin arassaçylyk serişdesiniň bir gutusyny
Hili pes sabyn ýa-da şampun
Iki däne gül
Azyk önümleri babatynda bolsa, 60 manada 2 kg gyzyl sogan, 20 sany öý ýumurtgasyny, 1 kg ýokary hilli tüwi düşýär. Şol bir wagtda, bu serişdä 1 kilogram et ýa-da balyk satyn alyp bolmaýar.
Balkanly ýaşaýjylaryň ençemesi sowgadyň mukdarynyň ýangyç serişdelerine baý Türkmenistanyň hökümetiniň dünýädäki abraýyny “ýer bilen ýegsan edýändigini” hem aýdýar.
"Dünýä metbugatyna gülki bolduk"
“Gazak, eýran, özbek metbugatlarynda "Berdimuhamedow ýurdundaky aýal-gyzlara $3 pul sowgadyny berýär" diýen kinaýaly maglumatlary okadyk. Goňşy ýurtlara we dünýä metbugatyna gülki bolduk” diýip, balkanabatly bir ýaşaýjy anonimlik şertinde gürrüň berdi.
Aýal-gyzlaryň ençemesi bu serişdäni býujetçi zenanlara berenden ony çagasyny ýeke ekleýän enelere jaý gurup bermek, göwüsde ýa-da ýatgyda düwnük keselleriniň bejergisi üçin sarp edilse has ýerlikli bolardy hem diýýär.
Türkmenistanyň hökümeti aýal-gyzlara her ýyl prezidentiň adyndan gowşurylýan pul sowgatlarynyň maliýe çeşmesi aýdyňlaşdyrmaýar. Ýöne sowgat uly dabara bilen gowşurylýar we bu çäre adatça döwlet telewideniýesinde görkezilýär. Bu wideo maglumatlarda dürli ýaşdaky aýallar prezidentiň sowgady üçin minnetdarlyk bildirip, ony ýüzlerine sylýar.
Şol bir wagtda, prezidentiň sowgady ýurduň aýal ilatynyň hemmesine berilmeýär. Ony resmi taýdan işlemeýänler, ýagny öý hojalykçy zenanlar ýa-da gyzlar, pensiýa almaýanlar we okuwa, çagalar bagyna gatnamaýanlar alyp bilmeýärler.
Öňki prezident, häzir Halk maslahatynyň başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň 2019-njy ýylyň 27-nji fewralynda gol çeken kararyna laýyklykda, pul sowgadynyň möçberi 60 manada köpeldildi. Şondan öň pul sowgadynyň möçberi 8 ýyllap 40 manat derejesinde saklanypdy.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.