Добавить новость
ru24.net
World News in Turkmen
Февраль
2025
1
2 3 4 5 6 7 8 9 10 11 12 13 14
15
16 17 18 19 20 21 22
23
24 25 26 27
28

Eýran Türkmenistan bilen demir ýol arkaly ýük tranzitini artdyrmakçy bolýar

0
Eýran bilen Türkmenistan iki ýurtdan sebit döwletlerine geçýän ýük tranzitiniň mukdaryny artdyrmak üçin serhetara demir ýol arabaglanyşygyny giňeltmek barada ylalaşdylar diýip, "PressTV" eýran neşiri 25-nji fewralda habar berdi.


Eýranyň döwlet demirýol kompaniýasynyň (RAJA) sişenbe güni çap eden beýanatynda baş direktory Jabbar Ali Zakeriniň şu hepdäniň başynda Aşgabada baryp, iki ýurduň arasynda demir ýol gatnawyny giňeltmek meýilnamalaryny ara alyp maslahat edipdir.


Beýanata görä, Zakeri bilen türkmen kärdeşi Azat Atamyradowyň duşuşygynda iki ýurduň arasynda üstaşyr daşalýan ýüküň mukdaryny 2027-nji ýylyň ahyryna çenli 10 million tonna çenli artdyrmak barada ylalaşylypdyr.  


Aşgabatdaky gepleşiklerde iki ýurduň demirýol pudak ýolbaşçylary ýükleriň demirýol arkaly tranzitiniň mukdaryny artdyrmak meselesiniň Eýranyň, Türkmenistanyň, Gazagystanyň we Russiýanyň wekilleriniň arasynda geçirmek meselesini gozgapdyr.


Zakeri, şeýle duşuşyklaryň Eýranyň we Türkmenistanyň demir ýollary arkaly Russiýadan Pakistana ýük gatnawyny artdyrmak ugrundaky tagallalar üçin ähmiýetini belledi.


2014-nji ýylyň dekabr aýynda Gazagystan – Türkmenistan – Eýran demirýoly işe girizildi. Türkmenistanyň döwlet metbugaty şonda bu ýoluň ýylda 10 – 12 million tonna çenli ýük geçirmäge ukyplydygyny ýazypdy.


Türkmen hökümeti ýurduň dünýäde tranzit merkezine öwrülýändigini öňe sürýär.


Eýran sebit ýurtlarynyň arasyndaky ýük tranzitinden girdejilerini artdyrmak üçin soňky ýyllarda ýol we demir ýol ulgamlaryny giňeltdi.


Eýranyň demirýol kompaniýasynyň başlygy Zakeri öz ýurdunyň Lotfabad serhet geçelgesi arkaly Türkmenistan bilen demir ýol aragatnaşygyny açmaga synanyşýandygyny aýtdy we Eýranyň gümrük gullugynyň bu geçelgäniň üsti bilen ýük tranzitine uly ýeňillikleri hödürlejekdigini habar berdi.


Duşuşykdan soň Türkmenistanyň Demirýol Guramasynyň başlygy Atamyradow, öz ýurdunyň ýakyn wagtda Sarah serhet geçelgesinde bar bolan desgalara Eýrana we ondan gelýän ýükleriň mukdaryny artdyrmak üçin iki sany täze demir ýol liniýasyny goşjakdygyny aýtdy.


Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.


Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.



Moscow.media
Частные объявления сегодня





Rss.plus




Спорт в России и мире

Новости спорта


Новости тенниса
WTA

Красноярская теннисистка Мирра Андреева выиграла турнир WTA 1000 в Дубае






Жильцы подмосковного ЖК от "Самолета" сообщили о горах мусора и бездомных

Добровинский надеется, что при выходе по УДО Ефремов бросит пить

В министерстве ЖКХ Подмосковья объяснили рост тарифов на коммунальные услуги

Главу вологодского представительства в Москве Бочарова арестовали до 24 апреля