Öňki şazada Endrýu Epşteýn işi boýunça 12 sagat sorag edildi
Britan patyşasy Karl III inisi, öňki şazada Endrýu 19-njy fewralda tussag edilip, merhum amerikan maliýeçisi Jeffri Epşteýniň işi bilen bagly derňewiň çäginde polisiýa tarapyndan 12 sagat sorag edileninden soň boşadyldy diýip, “Sky News” habar berdi. Endrýu bilen bagly derňew dowam edýär.
BBC we “The Telegraph” neşirleri Endrýuyň 19-njy fewralda, irden tussag edilendigini habar berdiler. Polisiýa resmi ýagdaýda tussag edileniň adyny aýtmady.
Epsteýn işi bilen bagly çap edilen resminamalarda ady agzalýan ýokary derejeli britan resmilerine garşy bildirilýän täze aýyplamalary derňemek üçin fewral aýynyň başynda ýörite utgaşdyryjy topar döredildi.
Epşteýn işiniň çäginde çap edilen resminamalardan gelip çykýan netijelere görä, Britaniýanyň öňki söwda wekili Endrýu Epşteýne gizlin materiallary geçirmekde güman edilýär.
Epşteýniň Endrýu bilen gatnaşyklary baradaky täze çekişmeler 2025-nji ýylyň aprelinde öz janyna kast eden zenanyň, merhum Wirjiniýa Juffriň (Virginia Giuffre) ýatlamalarynyň çap edilmegi netijesinde başlady.
Juffr "Hiç kimiň gyzy" (Nobody's Girl) atly kitabynda şazadanyň özi bilen üç gezek jynsy gatnaşykda bolandygyny öňe sürdi.
Ol ilkinji jynsy gatnaşygyň 2001-nji ýylda Maksweliň Londondaky jaýynda bolandygyny aýtdy. "The Guardian" gazeti Juffriň şol wagt 17 ýaşynda bolandygyny, öňki şazadanyň bu ýagdaýy bilýändigini ýazdy.
