Siriýada ‘150 gyrgyzystanly öldürildi’
Bu barada Gyrgyzystanyň terrora garşy merkeziniň başlygynyň orunbasary Kanjarbek Bakaýew mälim etdi. Onuň sözlerine görä, soňky birnäçe ýylyň dowamynda “Yslam döwleti” ekstremistik toparynyň hataryna 850 töweregi gyrgyzystanly goşulypdyr.
Mundan öň, gyrgyz remsileri Siriýadaky yslamçylaryň hataryna 600 gyrgyz raýatynyň goşulandygyny, olaryň 70-siniň hem öldürilendigini aýdyplar.
