Näme üçin Hezbollah uruşda we parahatçylyk gepleşiklerinde Eýranyň täsir güýjünde “merkezi” orun eýeleýär
Amerikanyň Birleşen Ştatlary bilen Ysraýyl Eýrana garşy giň gerimli zarba kampaniýasyny başlanlaryndan bary-ýogy 48 sagat soň, Liwandaky ýaragly topar Hezbollah hem çaknyşyga goşuldy we öz howandaryny goldady. Tähranyň döwlet däl iň ýakyn ýarany bolan Hezbollah 2-nji martdan bäri goňşy Ysraýyla ýüzlerçe raketa we dron atdy. Şeýlelikde, uruşda täze bir front açdy we Ysraýylyň harby serişdelerini dartgynly ýagdaýa saldy. Hezbollah hem ýaragly topar, hem-de syýasy partiýa bolup, Liwanyň günortasynyň uly bölegine gözegçilik edýär. Читать дальше...
