Добавить новость
ru24.net
World News
Июль
2018

Owgan harbylarynyň operasiýasynda alty parahat ýaşaýjy wepat boldy

0
Owgan resmileriniň aýtmagyna görä, hökümet güýçleriniň Nangarhar welaýatynda geçiren guryýer we howa operasiýalarynda azyndan alty sany parahat ýaşaýjy heläk bolupdyr. 


Welaýatyň hökümetiniň metbugat-wekili Ataullah Hogyani 12-nji iýulda geçirilen operasiýada şeýle-de dört parahat ýaşaýjynyň ýaralanandygyny aýtdy.


"Ölenleriň arasynda bir daýhan we howpsuzlyk işgäri bar. Bombalaýyşlaryň netijesinde metjit we 21 sany ulag weýran boldy" diýip, Hogyani aýtdy.


Welaýatyň regional geňeşiniň agzasy Ajmal Omar heläk bolan adamlaryň goşunyň okunyň astyna düşen dükan eýeleridigini 13-nji iýulda aýtdy. 


Nangarhar welaýaty Owganystanyň Pakistan bilen serhedinde ýerleşýär we "Yslam döwleti" (YD) toparynyň söweşijileriniň ýerleşýän ýeri hasaplanýar.



Moscow.media
Частные объявления сегодня





Rss.plus
















Музыкальные новости




























Спорт в России и мире

Новости спорта


Новости тенниса