Ukrain seperatistleri Kiýew we Günbatar tarapyndan tankytlanan saýlawlary geçirýär
Birleşen Ştatlar we Ýewropa Bileleşigi 11-nji noýabrda Orsýet tarapyndan goldanylýan separatistleriň kontrollygynydaky Donetsk we Luhansk regionalrynda geçirilýä ses berişlikler 2014-nji ýylyň aprelinden bäri 10 müň 300-den gowrak adamyň ölümine getiren konflikti soňlamak tagallalarynda päsgel berer diýdi.
Ukrainanyň prezidenti Petro Poroşenko bu saýlawlar “Orsýetiň ýykgynçylykly işleriniň ýene mysaly bolup durýar” diýdi.
Moskwa bu saýlawlaryň zorluklary soňlamaga gönükririlen Minsk şertnamasynyň düzgünlerini bozýandygy bilen ylalaşmaýar.
Saýlawlarda Donetsk regionynyň iş başyndaky ýolbaşçysy, 37 ýaşyndaky Denis Puşiliniň ýeňmegine garaşylýar.
Donetskiniň ozalky separatist lideriAleksandr Zaharçenko awgustda bolan partlamada öldi.
Goňşulykdaky Luhansk regionynda bolsa, iş başyndaky ýolbaşçyLeonid Paseçnigiň ýeňmegine garaşylýar. 48 ýaşyndaky Paseçnik ukrain howpsuzlyk gullugynyň ozalky regional ýolbaşçysydyr.
Olaryň ikisi-de, Puşilin hem, Paseçnik-de Moskwa bilen berk gatnaşyklary wada berýär.