Tähranda aýallar stadionda futbol ýaryşyna tomaşa etmäge goýberildi
10-njy noýabrda Eýranyň Azady stadionynda Tähranyň “Persepolis“ futbol komandasy bilen Ýaponiýanyň “Kaşima Antlers” komandasynyň arasynda bolan bäsleşige tomaşa etmäge goýberilenleriň oýunçylaryň aýallarydygy, komandanyň aýallar toparynyň agzalarydygy aý-da futbol federasiýasynyň işgärleriniň aýallary bolandygy aýdylýar.
Oýun 0-0 gutardy, emma ýapon komandasy, özüniň Ýaponiýada gazanan 2-0 utuşyndan soň, Aziýanyň futbol täjine eýe boldy.
Şeýle-de bu oýna futboluň dünýä dolandyryş guramasynyň, FIFA-nyň prezidenti Gianni Infantino hem tomaşa etdi, ol aýallaryň stadiona gelmeklerine girizilen gadaganlyklary ýatyrmak boýunça Eýran bilen işleşýär.
Eýrandaky futbol stadionalary 1979-njy ýyldan bolan Yslam rewolýusiýasyndan bäri, 39 ýyllap aýallar üçin köplenç ýapyk boldy.