Tusk Polşanyň dolandyryjylary “häzirki zaman bolşewikleri” diýýär
Polşada 2020-nji ýylda geçiriljek prezident saýlawlaryna kandidat hökmünde seredilýän Tusk 10-njy noýabrda Lodz şäherinde, ýurduň I Jahan urşy soňlananda, 123 ýyl daşarky dolandyryşyň astynda bolup, öz döwletliligini täzeden gazanmagynyň 100 ýyllygynyň öňüsyrasynda çykyp gürledi.
Ol konserwatiw Kanun we adalat partiýasy tarapyndan ýolbaşçylyk edilýän we Ýewropa Bileleşiginiň liderleri bilen gaýta-gaýta çaknyşýan hökümeti, Polşa abanýan howp hökmünde, tankyt etdi.
"Şu günki günde Polşada biziň birleşen Ýewropadaky güýçli pozisiýamyza garşy ädim edýänler Polşanyň garaşsyzlygyna garşy ädim ädýändir” diýip, Tusk aýtdy.