Добавить новость
ru24.net
World News
Декабрь
2018

ABŞ-nyň goranmak sekretary wezipesinden çekilýär

0
ABŞ-nyň goranmak sekretary Jim Mattis öňümizdäki ýylyň başynda öz wezipesinden çekiler.


Işden gitmek baradaky arzasynda Mattis özüniň, şol sanda Russiýa we Hytaý babatyndaky garaýyşlarynyň prezident Donald Trampyňky bilen “gabat gelmeýändigini” belledi.


Tramp özüniň Twitter hasabynda Mattisiň 2019-njy ýylyň fewralynda goranmak sekretary wezipesinden çekilýändigini yglan edipdi. Munuň yzy bilen, Mattis prezidente ýazan hatyny jemgyýetçilige aýan etdi.


ABŞ kanunçykaryjylary, hem Demokratlar, hem-de Respublikanlar Mattisiň çekilmegine bada-bat alada bildirdiler.


Demokratlaryň Senatdaky lideri Mattisiň çekilmeginiň ABŞ administrasiýasyndaky “bulaşyklygy” görkezýändigini aýtdy.


Wekiller öýüniň spikeri bolmaly Nansy Pelosi Mattisiň işden çekilmek arzasyndan “tisginendigini” aýtdy.


Mundan bir gün öň, Tramp ABŞ-nyň “ähli” esgerleriniň Siriýadan çekilýändigini yglan edip, ABŞ-ly köp harby liderlerini, kanunçykaryjylaryny we halkara ýaranlaryny haýrana galdyrypdy we gaharlaryny getiripdi.


Habar serişdeleri Mattisiň we beýleki howpsuzlyk maslahatçylarynyň Trampyň bu kararyna garşy çykandyklaryny belläpdiler.



Moscow.media
Частные объявления сегодня





Rss.plus
















Музыкальные новости




























Спорт в России и мире

Новости спорта


Новости тенниса