ABŞ-nyň Türkmenistandaky ilçisi Balkan sebitine sapar etdi
Birleşen Ştatlaryň Türkmenistandaky Ilçi Elizabet Rud Balkan welaýatyna bolan saparyny tamamlady diýip, Birleşen Ştatlaryň Türkmenistandaky ilçihanasynyň facebook sahypasy habar berýär. Rud ýurduň günbatar sebitinde ýerli kärhanalaryň we Türkmenistanda işleýän amerikan kompaniýalarynyň wekilleri bilen duşuşdy. Amerikanyň Birleşen Ştatlary maýa goýumlaryny we täjirçilik gatnaşyklaryny giňeltmegiň döredijilikli ýollaryny öňe sürýär, ykdysady ösüşe we hemmeler üçin abadan geljegi gurmaga uly ähmiýet berýär diýip, habarda bellenýär. Читать дальше...