Üç ýyla çeken arakesmeden soň, Saud Arabystany öz howa giňişligini Katara gaýtadan açýar
2017-nji ýylyň ortalarynda Saud Arabystany, Birleşen Arap Emirlikleri, Bahreýn we Müsür Katar bilen söwda, syýahat we diplomatik gatnaşyklary bes etdi. Olar ýurdy terrorçylyga hemaýat etmekde aýyplady. Doha bu aýyplamalary ret edýär.
Dört ýurt blokadanyň aradan aýrylmagy üçin Dohadan 13 talabyň ýerine ýetirilmegini talap etdi. Olaryň arasynda Al Jazira telekanalyny ýapmak, türk harby bazasyny ýapmak, Musulman doganlar bilen gatnaşyklary kesmek we Eýran bilen az gatnaşmak ýaly talaplar bar.
Birleşen Ştatlary we Kuweýt bu düşünişmezligiň soňuna çykmaga çalyşýardy. Olar oňşuksyzlygyň 2019-njy ýylda Saud Arabystanynyň nebiti gaýtadan işleýän desgalaryna hüjüm etmekde aýyplanýan Eýranyň öňüne geçmek üçin zerur bolan agzybirligi gowşadýandygyny aýdýarlar.
ABŞ resmileri 5-nji ýanwarda Saud Arabystanynda geçiriljek gol çekmek dabarasyna gatnaşarlar.